Resmi habarlar

    «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:
    Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Baýramowiç Gylyjow Ahal welaýaty;
    Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Orazgeldiýewiç Öwezow Balkan welaýaty;
    Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç Myradow Daşoguz welaýaty;
    Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Resulowiç Meredow Lebap welaýaty;
    Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew Mary welaýaty;
    Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekow Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenildi.
                                                        * * *
    Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek we döwletimiziň olimpiýa hereketini ösdürmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek, şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenlerini ýokary derejede toplumlaýyn esasda taýýarlamak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň 24-nji fewraly —10-njy marty aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda we Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda Futzal boýunça Aziýa çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi. Karara laýyklykda bu çempionaty geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
    Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy bilen ylalaşyp, Futzal boýunça Aziýa çempionatyny geçirmek baradaky Düzgünnamany taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.