Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň guramaçylyk işleri hakynda
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topar karar edýär:
1. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň iş meýilnamasyny tassyklamaly.
2. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň Başlygynyň orunbasary edip bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň Başlygy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.