Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

    B.O.ÖWEZOW hakynda
    Baýramgeldi Orazgeldiýewiç Öwezowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.
    A.A.BERDIÝEW hakynda
    Ahmed Amangeldiýewiç Berdiýewi «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory wezipesine belläp, ony «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktorynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
    Hatyra gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda
    Hatyra gününiň dynç gününe düşýändigi sebäpli, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
    1. 2019-njy ýylyň 6-njy oktýabryndaky dynç gününi 7-nji oktýabra — duşenbe gününe geçirmeli.
    2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
                                                            Türkmenistanyň Prezidenti 
                                                            Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

                                    Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 4-nji oktýabry.