ÝIGRIMI SEKIZINJI ÝYL

    Onuň ady — Döwlet, özem ýaňy ýigrimi sekiziniň içinde. Şonda-da oňa Döwlet aga diýip ýören kän. Eýsem näme, millionlarça adamyň hossary bolýan Döwlet Döwlet aga bolar. Az gürläp, kän der döken, dili süýji ata-babalaryň söýgüsi, sylag-sarpasy, öwgüsi, berekellasy «oglum, guzym, köşegim» ýaly sözlere sygypdyr. Döwletiň Döwlet aga bolmasy-da, şol sylag-sarpadan alamat. Döwleti Döwlet edýän, Döwlet aga derejesine ýetirýän döwlet Baştutany bolýar. Şeýle adamlar iňňän seýrekdirler. Ylmylaşdyryp, syýasylaşdyryp aýdanyňda, taryhy zeruryýetlikden, gadymkylarçalasaň, Allanyň nazar salan şeýle adamlary iňňän seýrek bolarmyşyn. Şeýle ynsan köp bolanlygynda halk ençeme asyrlaryň dowamynda döwletsiz, dagynyk ýaşajakmy? Eger-eger!
    — Agzy ala bolan iliň,
    Döwleti gaçan ýalydyr —
    diýen pähimdar Pyragy-da döwletliligi arzuwlapdyr. Döwleti Döwlet edýän adam — döwlet Baştutanydyr. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle şahsyýetdir. Ýurdumyzyň bitaraplyk derejesinden gelip çykýan içeri we daşary syýasy ugry gyşarnyksyz we maksada okgunly bolup, ol ýurt üçin ösüşiň, sebit hem dünýä üçin hyzmatdaşlygyň, parahatçylygy söýüjiligiň ugrudyr. Munuň şeýledigini ýurduň ilaty öz durmuşynda, goňşy döwletler gatnaşyklarda, sebit we dünýä Türkmenistanyň Prezidentiniň umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynda görýärler. Arynyň öýjügi ýaly güwläp duran dünýäde sesiň eşidilmegi, onsoň sözüň alga alynmagy üçin bir döwürler «Wagtdan ozulyp işlenilýär» diýlişi ýaly, wagtdan öňürdip, onuň ýüze çykaryp biläýjek zatlaryny çaklaýan, has dogrusy, öňdengörüji, ymgyr çeýe strateg bolmaly. Syýasy relýefi, dili, garaýşy, ynanjy babatda dürli-dürli ýurtlaryň meseleleri öňünden çykylmasa, dünýäniň özi ýaly, globallaşyp gidip otyr. Mysal üçin, Aral bilen bagly ekologik howpuň jaň sesiniň sebitiň çäginden çykyp, tutuş adamzadyň böwrüne sanjylygy häli-şindi agzalýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «BMG bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnama hormatly Prezidentimiziň nä derejedäki strateg, niçiksi amalyýetçiligine pitiwa geçýän ýekeje mysal. «Her kellede han otyr» diýlişi ýaly, BMG-niň münberinden aýdýan sözüň alga alnyp, pitiwa edilmegi üçin, gadymyçalaşdyryp aýdanyňda, her kellede han däl-de, han hanan oturan adamlaryň gol götermegi gerek. Onuň şeýle bolýanlygyny bolsa, diňe özümiz däl, dünýä jemgyýetçiligi göre-göre gelýär. 
    Aslynda, Aral sebitindäki ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýdan söz açylanda, 2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda 1-nji nobatdakysynyň gurluşygy tamamlanyp, ikinjisiniň gyzgalaňly dowam edýän «Altyn asyr» Türkmen kölüni agzasyň gelip dur. Ýurdumyzyň demirgazyk-günbataryndaky Garaşor çöketliginde ägirt uly gidrodesganyň 1-nji nobatdakysynyň açylyşynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň BMG-niň Tebigaty goramak baradaky esasy Konwensiýasyna goşulyp, ekologiýa, suwdur beýleki tebigy serişdelere aýawlylyk, çölleşmäge garşy göreş, howanyň üýtgemegi babatda ählumumy meseleleri çözmekde halkara bileleşigiň amala aşyrýan taslamalaryna işjeň gatnaşýandygyny aýdan mahaly ýurdumyzyň dünýädäki ornunyň, agramynyň neneňsiräkdigini göz öňüne getirmek kyn däldi. Şol ornuň gitdigiçe berkäp, abraý-agramynyň artyp gidip oturmasy, «Müň işçiden bir başçy» diýlişi ýaly, elbetde, döwlet Baştutanynyň yzygiderli tagallasy. Ýazgynyň şu ýerindäki «Yzygiderli» diýen söz, aýdylyşy ýaly, milli Liderimiziň taýsyz tagallalaryny häsiýetlendirmek, aýratyn nygtamak (ýeri, dünýä äşgär, tutuş adamzadyň goldaýan işi nygtalmagyna mätäçmi diýsene!) üçinem däl-de, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Bitaraplyk daşary syýasy strategiýasynyň yzygiderliligini gepiň gerdişine görä agzamak üçin ulanyldy. Aslynda weli, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerinden ugur alýan şol daşary syýasatyň yzygiderliligi bilenem ýurduň, onuň Prezidentiniň abraýy artyp, ady dilden-dile geçip ýör. Şeýlelikde, yzygiderlilik babatda aýdylanlaryň tassyklanmasy, mysaly iňňän kändir. Bitarap Türkmenistanyň BMG bilen diňe 2007-nji ýyldan bäri gerim alyp, barha berkeýän gatnaşyklary şonuň güwäsidir. 
    Döwlet Baştutanymyz baryp-ha, on bir ýyl gowrak mundan ozal BMG-niň Baş Assambleýasynyň 62-nji sessiýasynda: «Şunuň bilen baglanyşykly BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini döretmek baradaky ýaňy-ýakyndaky çözgüdini iň ýokary derejedäki derwaýys çözgüt hasap edýärin» diýeninde, iňňän mamladygyny merkeziň açylan wagtyndan bäri geçen ýyllar tassyklady. Ol sebitde parahatçylygy, howpsuzlykdyr durnuklylygy gazanmakda uly ädim boldy. Dünýä bileleşiginiň Aşgabatdaky merkezi öz üstüne alan borçnamalaryny ýurdumyzyň ýakyn goldawydyr sebitiň döwletleriniň hemaýaty hemem BMG-niň goldawy bilen utgaşdyrýar. Netijede, merkeziň döredilmeginiň on ýyllygynyň öň ýany — 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 55-nji umumy mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama kabul edildi. Merkeziň döredilenine 12-nji ýylyň içi. Geçen ýyllaryň tejribesi guramanyň BMG bilen     Merkezi Aziýanyň arasynda çuňňur gatnaşyklar babatda möhüm gepleşikleriň merkezine öwrülendigini görkezdi. 
    Şeýle diýildigi näme diýildigi?! Ol bähbitleri umumylaşdyrmagyň ýolunda adamzadyň diňe şu gününiň däl-de, ertirleriniňem aladasynyň ýüze çykmasy diýildigidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň dünýäniň aglaba döwletleri öz içki müşgillikleri bilen ýetişiksiz gündekä, baryp-ha döwlet Baştutany wezipesine saýlanan ýyly BMG-niň belent münberinden beýan eden taryhy başlangyjy tiz goldanylanlygy hemem oňyn netijesi bilen deňsiz-taýsyz strateglikden habar berýärdi. Gepiň gerdişine görä aýtmaly bolsa, döwlet Baştutanymyz kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň «Ýöräp baryp bolýan ýere ylgamak nämä gerek?» diýen sözlerini ýeri gelende ýatlagan. Şeýle pähim kakuw sözlere durmuş derýasynyň kän-kän joşgunlarydyr gaýtgynlaryndan aman geçip, ony sapak edine-edine, aýtjak-diýjegini onap-çenäp, saldarlap oturan goja kişiniň kesgitlemesi ýerlikli bolar. Hawa, ol sözler eliňi ýüregiňe goýup aýdanyňda, ýönekeý görünseler-de, görnüşi ýaly däldirler. Iňňän çuňňura gidýän köklerini yzlasaň, gözbaşy many ummanynyň kenarlaryndan çykýar. Bary-ýogy ýedi sany söz weli, (sözüň güýji az-köplügi ýa sanyndamy diýsene!) onda oýlanyşyklylyk, sabyrlylyk, özüňi sylamak derejesine çenli ündew bar. Onda «Işikden tapsaň, töre geçme», «Ýedi ölçäp bir kes» ýaly nakyllaryň many ýüküne barabarlyk, Magtymgulynyň: 
    — Bisabyr gul tiz ýolugar belaga,
    Sabyrly gul dura-bara şat bolar 
    — diýen setirlerine golaýlyk duýulýar. Taryhyň eňňitli-çykgytly kötellerinde, durmuşyň tekizu-nätekiz, akan-çukan menzillerinde kimdir bir anyk adamyň aýdan zady ýerlikli bolsa, dilden-dile geçip, soň halkyň ady bilen ýaşaberýär. Türkmeniň gojalarynyň pähim-paýhasyň diri heýkeline meňzeşligi-de, ine, şonda. 
    Agzybirlik — adam oglunyň ýaraşygy, güýji, kuwwaty. Agzala köplükden agzybir azlyk kem-köşe däl ýaly. 
    Ýazgymyzyň başynda ýatlaýşymyz ýaly, Magtymguly Pyragy döwletliligiň baş şertini agzybirlikde görýär. Çünki agzybirlikde düwlen ýumrukdaky barmaklaryň jebisligi bar. Şeýle ýumruk bolsa ýöne ýumruk däl-de, çepbekeýiň ýumrugy ýaly, zarplydyr, güýçlüdir, jaýdardyr. 
    Döwlet Baştutanymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň sabyr-kanagat, oýlanyşyklylyk baradaky pähiminden başlanan gürrüňiň agzybirlik hakdaky pikirlere ýazyp gitmeginiň sebäbi bar: özem ýöne-möne sebäp däl-de, iňňän uly, halk, ýurt, döwlet ähmiýetli sebäp.
    Bu gadymy türkmen topragy, onuň ogul-gyzlary — tutuş halk häzir ýakynda tutulan uly toýuň şatlygy bilen ýaşaýar. Garaşsyzlygyň, milli döwletliligiň baýramy baş baýram bolup, halk ony gazananlarynyň, ýetilen sepgitleriň gözden geçirilýän mukaddes senesi saýýar. Gazanylanlar bolsa, il agzy bilen aýdylyşy ýaly, «Tüweleme!». Diňe şähergurluşyk, Oba milli maksatnamalarynyň çygryndaky işleriň özi-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatynyň rowaçlygynyň tassyklanmasydyr.
    Garaşsyzlyk ýyllary içinde, aýratyn-da, onuň soňky on ýyldan gowrak wagtynyň dowamynda amala aşyrylan we alnyp barylýan, göz öňünde tutulýan işleriň diňe adyny ýazyp geçmek üçinem, goltuk-goltuk kagyz gerek bolar. «Gündogar — Günbatar», «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgeleri, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty, Amyderýanyň üstünden gurlan awto we demir ýol köprüleri, tebigy gazdan «ECO-93» kysymly benzin öndürýän zawod ýaly ägirt uly işleriň ähmiýeti ýurt derejesinden çykyp, sebit, dünýä bähbitlerini araýanlygy bilen dünýäniň men-men diýen ýurtlaryny gyzyklandyrýar. 
    Gerimi, möçberi, tutumlylygy boýunça mundan 30 — 40 ýyl öň göz öňüne-de getirip bolmadyk Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň amalyny döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjiligi, Garaşsyzlygyň mümkinçiligi, ýurduň kuwwaty bilen baglap bolar. Agzalan gaz geçirijiniň başlanýan ýerinden tamamlanýan ýerine çenli aralygy geçmek üçin uçarda ýedi sagat töweregi wagt gerekdigini ýatlasaň, işiň gerimini göz öňüne getirmek kyn däl. 
    Milli Liderimiziň suw diplomatiýasy, ekologiýa syýasaty bilen bagly «Altyn asyr» Türkmen köli geljegiň kölüdir. Bagt kölüdir. Ýok, bu agyzda aş gatyklamak däldir. Mesawy gürrüňçilikde aýdylyşy ýaly, bal kölüne batyrmak hem däldir. Kölüň kenarynda guruljak obadyr desgalar sapaly durmuşa altyn açardyr. Şeýlelikde, «Altyn asyr» Türkmen köli hakykatdan-da, bagt köli bolar, bal kölüne batanlaryň köli bolar. 
    Ýazgynyň şu ýerinde çarwa illerinde ýörgünli bolan «Güýzeg» diýen söz ýadyma düşdi. Mal-gara yzyna düşüp ýören hakda-ha gürrüňem ýok, gum içlerinde önüp-ösen islendik adam üçin bu aňlatma düşnüklidir. Çogaş, yşrap duran güýz gudraty diňe dag dereleridir ekin meýdanlarynda däl-de, eýsem, Garagumda, gadymy Uzboý-Üňüz boýlarynda, gyr içlerinde-de ýeterlikdir. Şu ýylky ýaly, özünden soň gyş bardyr öýtdürmeýän güýz çarwanyň ýatsa-tursa arzuw edýän güýzi. Çünki güýzler şeýle gelende, asmandan sähel şibirdi bolsa, arymlardyr alaňlaryň, gollaryň güneýinde ýylakdyr ýepelek, arpagan gaýtadan dürterip, boý alýar. Süri dowar samanyň ýüzüne-de seretmez, gök otdan alnar.
    Güýz — bolçulygyň, berekediň alamaty. Häzirki güýz Garaşsyzlygyň 28-nji güýzi. Rowaçlygyň güýzi. Altyn güýzde bellenilen mukaddes Garaşsyzlyk toýunyň öň ýanynda — 25-nji sentýabrda ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Halk Maslahatynyň ikinji mejlisi ýurduň syýasy jemgyýetçilik durmuşynda taryhy waka boldy. Maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlän sözi halkda uly ruhy we syýasy ýokary göterilişi döretdi. 
    — Biz dünýäde bolup geçýän özgertmeleri we köp ýurtlarda toplanan tejribäni nazara alyp, iki palataly ulgama geçmegi we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmagy maksadalaýyk hasaplaýarys — diýen sözleri ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligine mundan beýlägem uly üns beriljekdiginiň kepili boldy. 
    Garaşsyzlygyň 28-nji güýzi. Hawa, özüniň baş baýramyny uly dabara bilen bellän halk toý täsirinde. Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli, döwlet Baştutanymyzyň adyna dünýäniň çar künjünden gelýän gutlaglaryň yzy üzülenok. Şol gutlaglar hormatly Prezidentimiziň, döwletiň, halkyň abraýynyň arşa galmasynyň alamatydyr.