«ATYŇ ÝÜREGI AÝAGYNDA»

    «Atym alnandan, başym alynsyn!». Bu söz öz ömrüni ata bagyş eden, atsyz güni dogup, ýaşmadyk, ir turup atasyny, atasyndan soň atyny görüp, ol janawarlar bilen bu jahanyň zowky-sapaly günlerini gören, öz uçar guşundan aýra düşende «atsyz günüm — atmasyn daňym» diýip dileg eden meşhur merhum seýis Begnazar aganyňky bolmaly. 
Elbetde, türkmen-ä däl, hatda daşary ýurtly at bilen gyzyklanýan adamlar hem bu seýis we onuň Dory barada bilýändirler. Sebäbi bu atyň we seýsiň ady tutulanda, her bir adamyň kalbynda türkmen halkyna we bedewine bolan söýgi goşalanýar.
    Ine, ady rowaýata öwrülen şol Dor 1913-nji ýylda dogulýar. Oňa taýçanaklygyndan başlap, Begnazar aganyň özi uly yhlas bilen ideg edip ugraýar. Dor gün-günden öz keşbini özgerdip, tizara asyl bedewiň durkuny özünde jemleýär. Şeýdip, ideg edilip, kemala getirilip, türkmen toýlarynda ula goşulyp başlanýar. Bu at soň Kesearkajyň töwereginde tutulýan ululy-kiçili toýlaryň ençemesine gatnaşyp, çekgesi atgulakly öz Körsagyr obasyna dolanyp gelýär. Ol diýseň täsin gylyk-häsiýeti, eýesine wepalylygy we meşhur ýyndamlygy bilen adygyp, dabarasy dag aşyp, at-owazasy dilden-dile geçip, şöhraty türkmen topragynyň ähli ýerine diýen ýaly ýaýraýar. «Pylan obada Dor çapýar» diýilse, uzak ýerlerden onuň çapyşyny görmäge adam bary ýörite geler eken. Ine, onsoň, Doruň özüni we çapyşyny gören her bir adam, oturan-turan ýerinde bu bedewiň waspyny uly buýsanç bilen ýetirer eken. Iki-üç adamyň başy çatylyp, at barada söhbet açylsa, gürrüňiň bir ýany Begnazaryň Dory barada bolupdyr.
    Elbetde, bular ýaly deňi-taýsyz bedewiň soragy-idegi elmydama ýetik bolupdyr. Ahalyň Dorunyň waspy tizden-tiz gum içindäki hana-da baryp ýetýär. Hanyňam islegi şolar ýaly atlary öz gapysynda görmekdi. Şu niýet bilen han şeýle çapar gönderýär. Dor üçin Begnazar aga 50 sany düýe bilen, 15 müň manat pul hödürleýär, emma ol razy bolmaýar. «Bizde at satylmaýar, ol wepaly dost, syrdaş hasaplanýar, heýem onsoň ol pula satylarmy ýa beýleki bir zada çalşylarmy?!» diýip, jogap berýär. Soň-soňlar hem çapar gelýär, emma seýis şol öňki jogabyny gaýtalap: «Hanyňyza aýdyň: «Atymy alandan, başymy alsyn», goý, «atsyz günüm — atmasyn daňym. Maňa taýçanaklygyndan boýuna-syratyna guwanyp, idi-yssywat edip, ýetişdiren atymdan aýra düşmekden beter zulum ýok şu ýagty jahanda» diýipdir.
    Ine-de, bir gün Begnazar aganyň Doruny galtamanlar ogurlaýar. Dor öz eýesiniň elinden bolmasa, heý, ot iýip, suw içip, üstüne atlandyrjakmy. Şeýdip, birnäçe gün keseki elinden ot iýip, suw içmänsoň, galtamanlar bu atyň öz eýesine şeýle wepalylygyna geň galyp, Dory eýesine getirip berýärler. Ahalteke atlary özüne ot-iým berip, terbiýeleýän berýän adamdan özgäni halamazak bolýar. Eýesinden jyda düşende, birnäçe gün otuny, suwuny oňly almaýar. Sebäbi bu häsiýet oňa eýesinden, onuň gapysynda taýçanaklyk döwründen geçýär. Türkmen maşgalasynda önüp-ösen at onuň edim-gylymyny hem alýar.
    Begnazar aga şeýle hüý-häsiýetli gyzdan gylykly meşhur Doruny münüp, höwür möwsüminde oba-oba aýlanyp, tohum baýtallaryň ençemesini höwürden çykarar eken. Şeýdip, ol türkmen atlarynyň geljekki nesillere başy aman, bagry bütin gowuşmagy üçin köp işleri edipdir. Ol özi garrap, tapdan düşenden soň, 1934-nji ýylda atyny S.A.Nyýazow adyndaky Ahalteke atçylyk athanasyna (şol wagtky 69-njy atçylyk zawodyna) getiripdir. Dor bu ýerde höwür at hökmünde giňden peýdalanylýar. Begnazar Dor 27 ýyl ýaşap, Kaka etrabynyň şol wagtky 1-nji maý kolhozynda ýogalýar. Öz döwründe Begnazar Dor ahalteke atçylygynda görnükli nesilbaşylar bolan Meleguş, Toparbaý, Soltanguly, Çaparkel, Dikaýak hem-de Geçili ýaly höwür atlardan alnan baýtallar bilen çakyşdyrylyp, köp sanly gymmatly nesil galdyrdy.
    Türkmen obalarynyň birinde şeýleräk bir waka hem bolup geçipdir. Günlerde bir gün garry seýis ölümiň öň ýanynda agyr halda ýatyrka, oba adamlary hoşlaşmak üçin onuň kepbesiniň töweregine ýygnanýarlar. Şol pursatda kepbäniň agzyndan aty boýnuny uzadýar. Seýis zordan tamşanan dillerini gymyldadyp, «Men seniň hoşlaşmaga geljegiňi bilýärdim» diýýär. 
    Atyň duýgurlygy, megerem, onuň ýene bir artykmaç tarapydyr. Bu janawaryň duýgurlygy barada atamyň aýdyp beren gürrüňi hiç wagt hakydamdan gidenok. Gum içindäki oýlaryň birinde oturan obada Şababa atly biriniň gyr aty bolupdyr. Oba adamlary oňa Babanyň gyry diýer ekenler. Ana, şol atyň duýgurlygy, syzgyrlygy oýuňa sygar ýaly dälmiş. Bir gezek gyr säher bilen kişňäp, bir ýerde durmandyr. Şababa atynyň bu bolşuny görüp, ynjalyksyzlanyp ugraýar. Köpi gören gojalaryň arasynda atlaryň her bir hereketiniň özboluşly syrynyň bardygyny, oglanka eşiden gürrüňlerini oýuna getirip, synçy gözlerini atyna dikip, onuň bu bolup durşundan many çykarmagyň oýuna batýar. Birdenem töwerekdäki it-guşlara, mör-möjeklere, ot-çöplere seredip görýär-de, täzeden atyny synlamaga başlaýar. Gyr gündogara garap kişňeýär. Şababa birden atynyň ýanyna çalasynlyk bilen barýar-da, oňa atlanyp, gündogara tarap çapyp gidýär. Obadan saýlanyp, şol gidişine Begnazaryň oýuna ýetiberende, at sakga durýar. Töweregine seretse, obanyň süri düýesiniň içinden 10 — 15-si heläk bolup barýarmyş. 
    At janawar ýaly duýgur jandar hergiz tebigatda duşmaz, ine, muňa bir delil, at «Seniň niýetiňi gözüňden, agzyňdan çykjagy ýüregiňden, gurbatyň neneňsidigini dyzyňdan aňaryn» diýermiş.
    Türkmen topragynda meşhur seýisleriň, şöhratly bedewleriň köp bolandygyny Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly gymmatly eserinden hem isledigiňçe bilmek bolýar. Behişdi bedewlerimiziň, meşhur seýislerimiziň at-owazasyny dünýä dolduran hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!