ÝOL HEM ÝOLAGÇYLYK

    Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinden soňky oýlanmalar
    Özüne hem raýatlaryna hormat goýýan islendik döwlet ýollaryna hem ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilişine berk gözegçiligi ýola goýýar. Bu biziň döwletimizde-de şeýledir. Sebäbi ýol hem ýolagçylyk döwletiň-ä ýüzüni, halkynyňam medeniýetini görkezýär. Ýol abadan — il abadan. Döwlet ýollary bilen tanalýar, halk medeniýeti bilen ýatda galýar. Medeniýet diýenimizde, biz bu ýerde ýol medeniýetini göz öňünde tutýarys. Bir wagt aýdardylar, pylan ýurtda sürüjiler şeýle bir kanagatly welin, gijäň ýarynda, köçede-beýlekide iňlär siňek bolmasa-da, ýolyşygyň gyzyl çyrasy ýansa, hökman saklanýarlar, tä özlerine ýaşyl ýanýança garaşýarlar diýip. Şu wagt bu ýagdaý bizde-de şeýle. Garaşsyzlyk bize kän zat berdi, şol sanda ýol medeniýetimizi-de ösdürmäge hem kämilleşdirmäge şertleri döretdi. Tekiz ýollar, giň ýollar, gyralary jäheklenen ýagty ýollar, arassa hem ýanýodaly gülli ýollar — bular şäherlerimiziň şu günki keşbi.
    Abadan durmuş abadan ýoldan başlanýar. Halkymyz, döwletimiz ýola, ýolagçylyda örän uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistan dünýäde ýol gurýan, özi-de iň abadan, iň gözel, ähli infrastrukturalar bilen üpjün edilen häzirki zaman ýollaryny gurýan döwlet hökmünde tanalýar. Ulag-üstaşyr geçelgelerini gurmak, ozaldan bar bolan içerki ýollaryň durkuny yzygiderli täzelemek döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Dünýäniň iri kompaniýalarynyň ýol gurluşygynda ulanylýan iň täze tehnologiýalar esasynda öndürýän tehnikalaryny göreýin diýseň biziň ýurdumyza geläýmeli. Gazýan, tekizleýän, gumy-çagyly, asfalty daşaýan, ýaýradýan, demrikdirýän, ýuwýan tehnikalar-a däl, hatda şäher içinde asfalt ýoluň tozanyny sorýan ulaglara çenli hemmesi bizde bar. Olaram, aýdylyşy ýaly, iň gymmat tehnikalar, ýöne şeýle-de bolsa döwletimiz abadan ýollarymyz üçin serişde gaýgyrmaýar, çünki bu ýerde-de, ýagny ýol gurluşygynda-da “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgämiz ähli ajaýyplygy bilen ýüze çykýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda awtobanyň gurluşygy hem gyzgalaňly alnyp barylýar.
    Halkymyz ýola, ýolagçylyga örän uly üns berýär. Ýol ýa köpri gurmaklyga üç sogabyň biri hökmünde garaýar. Ýolagçylyk barasynda-da aýdan öwüt-nesihatlary, nakyllarydyr atalar sözleri sanardan kändir. Ynha, olaryň käbiri: “Ýoldaşlynyň ýoly giň görner”, “Ýoldaş ýolda synalar”, “Ýagşy bilen ýoldaş bolsaň, uzak ýoluň daş bolmaz”. Şu nakyllarda we şulara meňzeş beýleki pähimlerde ýolaçy bolmagyň düzgünleri, usullary, başgaça aýdanyňda, ýol medeniýeti dogrusynda gürrüň edilýär.
    Ýol medeniýeti. Bu hakda has giňräk durup geçesiň gelýär. Ýol hereketine gatnaşyjylaryň bolşuna seredip, tutuş jemgyýete häsiýetnama bermek mümkin. Ýolagçy bilen ýolagçynyň (pyýadalaryň), ýolagçylar bilen awtoulag sürüjileriniň (ýeňil awtoulaglaryň, awtobuslaryň, taksileriň, ýük ulaglarynyň, ýörite awtoulaglaryň), sürüjileriň öz aralarynda bolýan gatnaşyklara hem-de olaryň hemmesiniň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň gatnaşyklaryna ser salyp, jemgyýetiň sagdynlygyna ýa-da däldigine baha berip bolýar. Şunlukda, köçe-ýol gatnaşyklary, başgaça aýdylanda, ýol medeniýeti örän wajyp mesele bolup, öňe çykýar. Köçe-ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biriniň, isle ýolagçy ýa gözegçi ýa-da sürüji — tapawudy ýok, hersiniň öz etmeli işi — borjy bardyr. Şoňa düşünip, olary dogry we gyşarnyksyz berjaý etmeli.
    Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin göçme mejlisinde käbir toýlarda gelnalja gatnaşýanlaryň, esasan-da ýaşlaryň düzgün-tertibi bozýandyklary hakynda hem aýdyldy. Tüýs wagty ýeten mesele. Adam ogul ýa gyz perzendi doglanda, ulalansoňlar, olary öýerip ýa çykaryp, il hataryna goşmagyň aladasy-arzuwy bilen ýaşaýar. Oňa taýýarlyk görýär. Täze gelni abraý bilen öýe getirmek — juda jogapkärli wezipe. Oňa bütin obanyň ýa goňşy-golamlaryň düşünmek bilen garamaklary hem-de bu işi howpsuz ýola goýmaklary gerek. Toý edýän adamyň toýuň gyzgalaňly wagty bu işi ünsden düşürmegi mümkin. Ýaşlar hem, dogrusyny aýtsaň, göçgünli bolýarlar, olar durmuş toýlarynyň illeriňkiden üýtgeşik bolmagyny isleýärler. Onsoň, öýlenýän ýigidiň dost-ýarlarynyň toýy üýtgeşik, gyzykly etmek üçin her hili nysak çykarýan wagtlary-da bolaýýar. Bir gezek şeýle ýagdaýa özüm hem gabat geldim, ýöne, gowy ýeri, toý eýesi köpi gören, edenli adam bolup çykdy. Mundan 5-6 ýyl öň Parahat 3/1 şäherçede biri toý tutdy. Tüweleme, toý toý şekilli, myhmanlary, hezzet-hormaty, aýdym-sazy — hemmesi ýerbe-ýer. Gelnalyja gitmeli awtoulaglara atgulak dakylansoň, birden uly şowhun, goh çykyp ugrady. Görlüp oturylsa, dört ýigdekçe bir maşyna münüpdir-de, ulagy duran ýerinde köp pyrlamak üstünde üstünde jedelleşipdirler. Her aýlawyna-da pylança manat “baýrak” goýlupdyr. Rulda oturan ýaş ýigit maşynyň gazyna basyp, hyrladyp hem arladyp, duran ýerinde birnäçe gezek ulagyny aýlady. Ulagyň içindäkileriňem bu ýagdaýa göhi gelip, sürüjä meçew berýärdiler. Sürüji oglan bolsa barha göterilip, bolşundan beter görünjek bolmaga çalyşýardy. Bir ýerden toýuň eýesi çykdy. Ony görüp, ulagyň içindäkilerem ýuwaşady. Toý eýesi maşynyň ýanyna gaharly bardy-da, rulda oturan ýigidi çekip çykardy, soňam: “Ýok bol şu ýerden, gözüme görünme!” diýip, toýdan kowdy. Daş-töwerekden: “Haý boldy-da boldy. Oňardyň şuny” diýip, sesler eşidildi. Teleýaýlymda gelnalyja gatnaşyp, düzgün bozanlaryň bolşyny synlanymda şu waka ýada düşdi. Biz ýaşlary gelnalyja ugradanymyzda olaryň ýolda–beýlekide özlerini alyp baryşlaryna, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmeklerini gazanmalydyrys. Türkmeniň bir sözi bar: “Soňky tüýkülik sakgal ezmez”. Şuny ýatdan çykarmalyň!
    Ýene-de bir zat hakynda aýdasyň gelýär. Ýolda-yzda paýyş sözleri agzyna alýanlar hem ýok däl. Şeýtmek häzirki döwrüň türkmenlerine — Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň adamlaryna gelişýärmikä? Şu hakynda-da oýlanmagymyz gerek.
    Men şu ýazgymda daşary ýurtlarda eýle edilýär, beýle edilýär diýibem birtopar mysal getirip bilerdim. Ýöne, beýle etmäýin. Biz özümiz bolup, özümizçe ýaşalyň! Ilden gowy zatlary öwrenip bolar, elbetde, muny hiç kim inkär edenok. Ýöne, dogrusyny aýtmaly bolsa, gowy zatlarymyz, häsiýetlerimiz juda kän, birinden öwrenmegiň zerurlygy ýok. Ata-babalarymyzyň eşek müneniň pyýada, at müneniň eşeklä, düýe müneniň atla, pil müneniň düýelä salam berip geçmelidigi barasynda aýdanlary näme degmeýär? Bu barypýatan ýol medeniýeti dälmidir!