WATANA HYZMAT — ÖMRÜŇ MANYSY

    Düýn paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Umumymilli forumyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň Permanlary bilen, halal zähmet çekip, ýurdumyzyň at-abraýyny artdyrmaga mynasyp goşant goşan raýatlaryň ençemesine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary — ordendir medallar gowşuryldy, hormatly atlar dakyldy.
    Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewanyň ýurdumyzyň diplomatik gullugynda çeken köpýyllyk zähmetine ýokary baha berip, ilçi zenana «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent ady dakdy. Birleşen Milletler Guramasynda ýurdumyzyň adyndan mynasyp wekilçilik edýän ilçi zenan bilen guran söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
    — Aksoltan Töräýewna, ilki bilen, Sizi ýurdumyzyň iň ýokary döwlet sylagy — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent ada mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Beýik ykrar, döwletli dereje nesip etsin!
    — Köp sag boluň! Bu gün meniň durmuşymda iň bir ýatdan çykmajak günleriň biri. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň çäklerinde iň ýokary döwlet sylagyna — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent ada mynasyp saýylmagym meniň başymy göge ýetirdi. Muňa şatlygymyň, buýsanjymyň çägi ýok. Şeýle bagtly hem tolgundyryjy pursatlary peşgeş beren milli Liderimize çäksiz alkyş aýdýaryn. Bu belent dereje, beýik mertebe diňe meniň çeken zähmetime däl, eýsem, tutuş türkmen diplomatiýasyna berlen ýokary bahadyr, şol bir wagtda hem örän uly jogapkärçilikdir. Watanymyza, hormatly Prezidentimize ak ýürekden, wepaly gulluk etmek biz, türkmen diplomatlarynyň baş maksadydyr. Bu belent derejä mynasyp bolmak üçin geljekde hem arman-ýadaman yhlasly zähmet çekeris, ukybymyzy-tejribämizi has-da kämilleşdireris. Ýokarda hem nygtaýşym ýaly, bu beýik döwlet sylagy ähli türkmen diplomatlarynyň alyp barýan işine berlen ýokary bahadyr. Daşary ýurtlarda Watanymyza mynasyp wekilçilik etmekde, dünýä jemgyýetçiliginde ýurdumyzyň Döwlet baýdagyny belentden parlatmakda mundan beýläk hem netijeli işleri alyp barjakdygymyza ähli türkmen diplomatlarynyň adyndan ynandyrýaryn.
    — Hormatly ilçi, bu günki gün ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa mynasyp bolýar. Bu ugurda türkmen diplomatlarynyň goşandy hakynda gysgaça aýdyp beräýseňiz?!
    — Iň esasy zady nygtamak isleýärin. Diplomatiýa — örän çylşyrymly hem-de jogapkärçilikli iş. Köpler ony «sungat» diýip atlandyrýar. Dogrusyny aýtsak, işimiz aňsat däl, örän jogapkärçilikli çemeleşmäni talap edýär. Türkmen diplomatlarynyň bu işiň hötdesinden gelýändigini uly buýsanç bilen aýtmak isleýärin. Hormatly Prezidentimiziň hut özi bize nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar. Watany söýmekde, Watana ak ýürekden hyzmat etmekde biz, ilkinji nobatda, milli Liderimiziň şahsy göreldesinden nusga alýarys. Aslynda, Gahryman Arkadagymyz parasatly Lider, görnükli syýasy ýolbaşçy hökmünde bu günki gün tutuş dünýä görelde.
    Türkmen diplomatlarynyň bir maksada — hemmelere görelde bolmaga gulluk etmegi hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesinden, anyk-aýdyň tabşyryklaryndan gelip çykýar. Şoňa görä-de, islendik ýurtda Türkmenistanyň adyndan wekilçilik edýän diplomatlarymyz öz işinde wepalylyk, ak ýüreklilik, birek-biregi hormatlamak ýaly asylly ýörelgelerden ugur alyp zähmet çekýärler. Diplomat, ozaly bilen, ýurduň bähbitlerini goramaly, dünýä ýurtlary bilen, abraýly halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çalyşmaly. Bu ugurda diplomatiýanyň inçe tilsimlerinden oňat baş çykarmak hem-de tejribe örän zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz döwlet we umumadamzat ähmiýetli teklipdir başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Şol döwletli başlangyçlaryň ähmiýetini we many-mazmunyny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek bolsa, elbetde, türkmen diplomatlarynyň jana-jan wezipeleriniň biri.
    — Milletler bileleşiginde Türkmenistanyň adyndan wekilçilik edýän, dünýä ähmiýetli wakalaryň içinde ýaşaýan wekil hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamalarynyň kabul ediliş tertibi hakynda gürrüň beräýseňiz?!
    — Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili hökmünde ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilýän kararnamalardan mysal getiräýin. Her ýylda milletler bileleşigi tarapyndan 300-den gowrak Kararnama kabul edilýär. Olar, adatça bolşy ýaly, häzirki zamanyň iň möhüm meselelerini öz içine alýar. Kabul edilýän şol möhüm resminamalaryň birnäçesiniň Türkmenistanyň, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryna degişli bolmagy aýratyn bellärlikli ýagdaý. Çünki bir işiň başyny başlamak, ony hem dünýä derejesinde ykrar etdirmek hemmelere başardyp baranok. Hut şonuň üçin hem mertebesi belent Prezidentimiz halkara jemgyýetçilikde dünýäde ykrar edilen Lider hökmünde tanalýar. Bu günki gün milli Liderimiz dünýäde «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygary, «Bähbitleriň köpdürlüligi — maksatlaryň birligi» ýörelgesi bilen tanalýar.
    Hawa, hormatly Prezidentimiz dünýäniň belent münberlerinden dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Ony dünýä ýurtlaryna ykrar etdirmek bolsa ýurdumyzyň halkara guramalardaky, daşary ýurtlardaky diplomatlarynyň paýyna düşýär. Meselem, islendik bir Kararnamany kabul etmek üçin türkmen diplomatlary öz wekilçilik edýän ýurtlarynda degişli işleri alyp barýarlar, gepleşikleri geçirýärler. Biz hem öz gezegimizde, Nýu-Ýork şäherinde resminamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işleri geçirýäris. Çünki kabul edilýän Kararnamanyň teksti hemmelere düşnükli mazmunda taýýarlanylýar we milletler bileleşigine agza ýurtlara ýaýradylýar. Resminamanyň her bölümi aýratynlykda, içgin öwrenilýär. Ýekeje mysal getireýin. Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Dünýäniň 73 döwleti onuň awtordaşlary bolup çykyş etdi. Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň biragyzdan goldanylýandygy aýratyn ünsi çekmeli ýagdaýdyr. Munuň özi Bitarap Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde doly ykrar edilýändiginiň, öz sözüniň, öz ýüzüniň bardygynyň alamatydyr.
    — Aksoltan Töräýewna, «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent ada mynasyp bolmak, megerem, Sizi täze üstünliklere ruhlandyrandyr. Geljekki öňüňizde goýýan maksatlaryňyz?!
    — Elbetde, bu ýokary döwlet sylagy meni öz işime has-da jogapkärli çemeleşmäge borçly edýär. Türkmen diplomatlary nirede zähmet çekseler hem öz Watanyna ak ýürekden hyzmat etmelidir, onuň bähbitlerini goramalydyr. Bu wezipede diňe halal hem-de arassa zähmet çekmelidir. Men ýurdumyzyň diplomatik gullugynda 25 ýyldan bäri zähmet çekýärin. Watan üçin edilýän yhlas hiç haçan ünsden düşürilýän däldir. Esasy zat — iň oňat häsiýetleriňi, tejribäňi Watanyň hyzmatyna bagyş etmeli. Şonda Watan öz ogullarynyň, gyzlarynyň gadyryny bilýändir. Maksadym — has-da yhlasly işlemek, ýurdumyzyň halkara derejedäki abraý-mertebesini mundanam beýläk berkitmek hem-de hormatly Prezidentimiziň türkmen diplomatlaryna bildirýän ýokary ynamyny ödemek.
    — Hormatly ilçi, Sizi ýokary döwlet sylagyna mynasyp bolmagyňyz bilen ýene-de bir ýola tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, Watana hyzmat etmek bagty Size uzak-uzak ýyllar miýesser etsin!
    — Sag boluň!

BIZIŇ ZAMANAMYZYŇ KOSMONAWTY
    Ýerdäki ýaşaýşyň ýagdaýy ählimize mälim, emma arşdaky — älem giňişligindäki ýaşaýyş, ol ýerde bolup geçýän tebigy hadysalar biz üçin matal kysmylygynda galýar. Nirede köp bolsaň, şol ýere gözüň öwrenişýändigini, hatda matal ýaly bolup görünýän zatlaryň adaty zatlardan ybaratdygyny ildeşimiz, belli uçarman-kosmonawt Oleg Kononenko gürrüň berýär. Hawa, düýn onuň durmuşynda uly waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, oňa Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at dakyldy.
    Türkmenistanda kosmos pudagynyň ösdürilmegine öz goşandyny goşýan uçarman-kosmonawt, Russiýanyň Gahrymany Oleg Kononenko, mälim bolşy ýaly, türkmen topragynda doguldy. Ol öz wagtynda “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeni bilen sylaglandy, bu sylagy oňa hormatly Prezidentimiziň hut özi gowşurdy. 2008-nji ýylda kosmos giňişligine amala aşyran ilkinji saparynda öz ýany bilen ata Watanymyzyň mukaddes nyşanlary hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Prezidentiň Tuguny we uly bolmadyk türkmen halysyny alyp gitdi. Ýere gaýdyp gelenden soň, olary hormatly Prezidentimize gowşurdy. Geçen ýyl bolsa Halkara kosmos stansiýasynda Türkmenistanyň baýdagyny we döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabyny ýerleşdirdi.
    Gahrymanlyk derejesine göterilmek üçin diňe zähmet çekmegiň ýeterlik däldigini, öz ömrüňi tutuşlygyna il-halkyň, dünýäniň abatlygyna, gülläp ösüşine bagyşlamalydygyny O.Kononenkonyň sada zähmet we manyly durmuş ýoly mesaňa mälim edýär.
    1964-nji ýylda Türkmenabat şäherinde eneden doglan meşhur kosmonawt öz dünýä inen ýerini elmydama süýji ýatlamalar bilen ýatlaýar. Düýn — 25-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde geçirilen Halk Maslahatynda hem şeýle boldy. Münberden ýaňlanýan: “Özüme dakylan bu hormatly at, döşümdäki medal mähriban Watanymyň şekili bolup, maňa elmydama ruhubelentlik berer” diýen sözlere gulak goýup durşuňa, milletiňe, diniňe, diliňe garamazdan, göbek ganyň daman topragyň elmydama ezizligine, mähribanlygyna galýandygy, onuň ýaşaýjylarynyň bolsa dogan kimin gözüňe yssy görünýändigi hakda oýlanýarsyň. Şu oýlar ildeşimiz bilen bagly käbir maglumatlaryň ýumagyny çözlemäge iterýär.
    Russiýa Federasiýasynyň uçarman-kosmonawty, “Kosmonawtlary taýýarlaýan Ý.A.Gagarin adyndaky Ylmy-barlag synag merkezi” Federal döwlet býujet edarasynyň kosmos işi boýunça “ROSKOSMOS” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi O.Kononenko birnäçe ýyllaryň dowamynda öz bilim alan hünäri boýunça älem giňişligini özleşdirmekde ýeňişli ýollary geçdi. Netijede, Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany diýen hormatly ada, Türkmenistanyň ýokary sylaglarynyň biri bolan “Prezidentiň Ýyldyzy” ordenine mynasyp boldy. Her gezek uçuşdan soňra öz dogduk depesine gelip, mährinden ganmak onuň esasy maksatlarynyň biri. Söhbetdeşliklerde ol hormatly Prezidentimiz bilen duşuşyklaryny aýratyn mähir bilen ýatlaýar.
    2012-nji ýylyň 26-njy oktýabry. Şol gün — ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygynyň dabaraly bellenýän günlerinde hormatly Prezidentimiz onuň bilen duşuşypdy. Duşuşykda dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna girýän häzirki zaman Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden haýran galýandygyny belläp, nirede bolsa-da, kalbynda türkmen topragyna bolan söýgini hemişe saklaýandygyny aýdypdy. “Eziz Watanymyň uly üstünlikleri gazanyp, täze belentliklere tarap barýandygy mende ägirt uly buýsanç duýgusyny döredýär. Bu ýolda oňa köp işleriň we ýeňişleriň garaşýandygyna ynanýaryn” diýip, uçarman-kosmonawt örän hoşallyk bilen nygtapdy.
    Kosmonawt ildeşimiziň Halkara älem gämisinden milli Liderimize Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli ýollan wideo gutlagynda bolsa şeýle ýürekdeş sözleri beýan edipdi: “Kosmonawtlar orbital iş saparynda bolsalar hem ýerde bolup geçýän wakalardan üzňe däldir. Meniň üçin eziz ýurdum Türkmenistanda bolup geçýän wakalar hemişe möhüm bolup durýar...
    Her bir kosmonawt özüniň äleme ilkinji uçuşyna taýýarlyk görmegiň we ony amala aşyrmagyň näderejede çylşyrymlydygyny bilýär. Häzir äleme uzak möhletleýin ikinji iş saparymda bolmak bilen, bu uçuşyň hem birinjiden aňsat däldigini we jogapkärlidigini aýdyp biljek. Siziň öňüňizde hem birinji Prezidentlik möhletine garanyňda, indi has çylşyrymly we jogapkärli wezipeler durýar diýip pikir edýärin. Şeýle bolsa-da, men Siziň parasatly syýasatçynyň baý tejribesini toplamak we halkara abraýa eýe bolmak bilen, näderejede çylşyrymly bolsa-da, islendik wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelip biljekdigiňize çuňňur ynanýaryn.
    Siz Türkmenistanyň halkynyň hormatyny gazandyňyz, Siz ýurduň ykdysady kuwwatynyň ep-esli artmagyny, dünýä bileleşiginiň hoşniýetli goldawyny gazanmagy başardyňyz”. Aýdylyşy ýaly, sözler diňe ýürekden çykanda, ýüreklerde hemişelik mekan eýleýär. Şu haty okanyňda, hormatly Prezidentimiziň raýatlar hakynda, ýurdumyzda doglup, özge ýurtlarda bolsalar-da, yhlasly zähmetini halkynyň, bütin dünýäniň ösmegine bagyşlaýan adamlara çäksiz hormat goýýandygyna, sarpalaýandygyna göz ýetirip bolýar. Şol hormaty duýýan adamlar bolsa şeýle buýsançly kelamlary öwran-öwran dile getirýärler. Şu hili pikirler uçarmanyň Bütindünýä welosiped güni, Täze ýyl baýramy mynasybetli ýollan gutlag hatlarynda-da bar.
    O.Kononenko häzirki wagta çenli älem giňişligine dört gezek uçuş amala aşyryp, umumylykda 737 gije-gündiz älemde bolup, ozalky rekordy täzelemegi başardy. Halk Maslahatynyň dowamynda uçarmana hormatly adyň dakylyş pursadynda hormatly Prezidentimiz hem şu görkezijilere aýratyn ünsi çekip, ildeşimiziň gazanýan üstünlikleriniň öz ýurdumyz üçin hem uly mertebedigini, halkymyzyň ildeşimize goýýan hormatynyň çäksidigini belledi. Älem giňişligine aralaşmakda we ony özleşdirmekde ildeşimiziň bitiren işlerine ser salanyňda, asyl onuň zähmet ýoluny, her bir uçuşyny hem uly bir gahrymançylyk hasaplasa bolar.
    Ynsan mertebesiniň beýgelýän, halal zähmetiň hormatlanýan döwründe Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko özüne bildirilen hormat üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyk bildirýär. Biz hem öz gezegimizde, “Watanymyň uly üstünlikler gazanyp, täze belentliklere barýandygy mende çäksiz buýsanç döredýär” diýip, tekrarlaýan ildeşimize älem giňişligini özleşdirmekdäki nobatdaky uçuşlaryna ak ýol arzuw edýäris.