Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

    Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň işiniň kämilleşdirilmegi bilen bagly Türkmenistanyň Konstitusiýasyna — Esasy Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak maksady bilen, karar edýärin:
    1. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly.
    2. Şu Permanyň birinji böleginde görkezilen Konstitusion topar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri taýýarlamaly hem-de bellenen tertipde hödürlemeli.

    A.T.ATAÝEWA «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda
    Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwlet garaşsyzlygyny, hemişelik bitaraplygyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandyny, döwletimiziň hem-de merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny we gazanan üstünliklerini, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:
    Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) Hemişelik wekili Aksoltan Toreýewna Ataýewa Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmaly we oňa «Altyn Aý» altyn medalyny gowşurmaly.

    O.D.KONONENKO «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda
    Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny, älem giňişligini parahatçylykly maksatlar bilen özleşdirmekde görkezen şahsy gahrymançylygyny we gazanan üstünliklerini, döwletimiziň we merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny, ýokary hünär ussatlygyny, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:
    Russiýa Federasiýasynyň uçarman-kosmonawty, «Kosmonawtlary taýýarlaýan Ý.A.Gagarin adyndaky Ylmy-barlag synag merkezi» Federal döwlet býujet edarasynyň kosmos işi boýunça «ROSKOSMOS» döwlet korporasiýasynyň tälimçi — kosmonawt — synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Dmitriýewiç Kononenko Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmaly we oňa «Altyn Aý» altyn medalyny gowşurmaly.
                                                Türkmenistanyň Prezidenti 
                                                Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

                                        Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabry.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň KARARY
    Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini 2020-nji ýylda çagyrmak hakynda 

    Türkmen halkynyň milli demokratik ýörelgelerine eýerip, ata-babalarymyzyň baý taryhy tejribesini göz öňünde tutup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet ähmiýetli, giň gerimli işleri halkymyzyň wekilleri bilen giňden ara alyp maslahatlaşmak, döwletimizi we jemgyýetimizi milli demokratik ýörelgeler esasynda ösdürmek boýunça gazanan üstünliklerimizi dowam etdirmek we kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty karar edýär:
    1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini 2020-nji ýylda Aşgabat şäherinde çagyrmaly.
    2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine döwlet durmuşynyň ilkinji nobatdaky meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin girizmeli.
    3. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek we gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek, toplamak hem-de seljermek boýunça Döwlet toparyny döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly. 

    Türkmenistany 2020-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny makullamak hakynda 
    Ata Watanymyz — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ösüşleriň ak ýoly bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygardan ugur alnyp, mähriban halkymyzyň durmuşynyň mynasyp derejesini üpjün etmäge gönükdirilen möhüm özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
    Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, onuň düzümlerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň durnukly ösüşi gazanylýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» ýerine ýetirmek boýunça öňde durýan wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahaty karar edýär:
    1. Türkmenistanyň Prezidentiniň taryhy maslahatda eden çykyşynda öňde goýan wezipelerini — Türkmenistany 2020-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny makullamaly.
    2. Döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň işiniň kämilleşdirilmegi bilen bagly Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky teklibi biragyzdan goldamaly hem-de Türkmenistanyň Mejlisine Konstitusion topar bilen bilelikde degişli işleri geçirip, taýýarlanylan resminamalary 2020-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine hödürlemegi tabşyrmaly.
    3. Döwlet häkimiýet edaralary «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde Türkmenistany 2020-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri amala aşyrmaly.
                                                Türkmenistanyň Prezidenti, 
                                                Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 
                                                Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

                                        Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabry.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
    Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda

    Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan ata Watanymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Agzybirligiň we jebisligiň, parahat hem-de abadan durmuşyň ýurdy bolan Bitarap döwletimiz dünýäde dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk söýüjilik daşary syýasaty bilen giňden tanalýar. 
    Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerinde, merdana halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmekde, ýaşlary ata-babalarymyzdan gelýän milli däplerimize laýyklykda terbiýelemekde ýaşuly nesiller bahasyna ýetip bolmajak işleri bitirýär. Il-ýurt bähbitli, möhüm döwlet ähmiýetli meseleleri maslahatlaşyp-geňeşip çözmäge, berkarar Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelere işjeň gatnaşýar. Biz eziz Diýarymyzda tutumly başlangyçlara hemişe hormatly ýaşulularymyzyň ak patasy bilen badalga berýäris. 
    Şoňa görä-de, ýaşuly nesliň barha kämilleşýän jemgyýetimizdäki ornuna, ýaşlarymyzy watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna döwletimiz hemişe ýokary baha berýär. 
    Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:
    Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmaly:
    Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy Rejep Bazarowa, 
    Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň professory Atageldi Garýagdyýewe,
    Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň Bagçylyk we gülçülik birleşiginiň Bagtyýarlyk etrap bagçylyk müdirliginiň bagbany Orazmuhammet Hojatowa,
    Ahal welaýat häkimliginiň «Ahalwelaýatagyzsuw» birleşiginiň «Akbugdaýagyzsuw» müdirliginiň Magtymguly obasyndaky suw paýlaýjy howzunyň garawuly Şaberdi Amansaparowa,
    Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky N.Saryhanow adyndaky 6-njy orta mekdebiniň aýdym-saz mugallymy Kakadurdy Täjimowa,
    Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap hassahanasynyň Gämi şahamçasynyň müdiri Nurmuhamet Annamuhamedowiç Otuzowa,
    Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Durun geňeşliginiň Durun obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Aşyrgeldi Myratgeldiýewe, 
    Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy Çerkez Esenowa, 
    Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Paraw geňeşliginiň Paraw obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Ýazmyrat Atamyradowa, 
    Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Balkan welaýatynyň Bereket etrap hassahanasynyň newropatolog lukmany Berdigylyç Mämmedowa, 
    Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabyndaky 6-njy orta mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Amangeldi Öwezmedowa, 
    Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap hassahanasynyň çaga dogrulýan bölüminiň anesteziolog-reanimatolog lukmany Kaka Guzyçiýewe, 
    Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni Öwezmurat Abaýewe,
    Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 20-nji orta mekdebiniň müdiri Jora Şaýymowa, 
    Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Magdanly şäher hassahanasynyň hirurgiýa bölüminiň müdiri Hudaýberdy Mamedowa, 
    Lebap welaýatynyň Çärjew etrap häkimliginiň işçisi Hemra Babahanowa,
    Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri Sapargeldi Muradowiç Annaýewe,
    Mary welaýat medeniýet müdirliginiň Mary şäher Bagşylar öýüniň çeper ýolbaşçysy Kakageldi Kerimowiç Çaryýewe, 
    Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Begenç Meredowa.

    Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda buýsançly netijeleri gazanýan Garaşsyz Watanymyzda kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Alnyp barylýan giň gerimli bu işlere zenanlar hem işjeň gatnaşýarlar. Olar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramyny üstünlikler bilen garşylaýarlar. Agzybir jemgyýetimizde jebisligi has-da berkitmäge saldamly goşant goşýarlar. 
    Ýurdumyzyň durmuşyna işjeň gatnaşyp, ogul-gyzlaryna, agtyk-çowluklaryna milli däplerimiz esasynda edep-terbiýe bermekde, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakda, maşgala ojagynyň mukaddesligini gorap saklamakda uly işleri bitirýän zenanlar sylag-hormata mynasypdyr. 
    Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmäge goşan uly şahsy goşantlary, giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, bilim ulgamyny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmekde, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde, ilata lukmançylyk hyzmatlaryny etmekde, senagat pudagynda gazanan üstünlikleri we ýokary önümçilik-ykdysady görkezijileri üçin, aýratyn önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerini, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:


    Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamaly:
    Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherindäki 81-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy Halsoltan Azizowany, 
    Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki G.Burunow adyndaky 2-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Oguljemal Döwliýewany, 
    Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher hassahanasynyň deri keselleri bölüminiň hojalyk uýasy Annasoltan Gurbangulyýewany, 
    Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndaky 1-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy Hesel Arazklyçewany,
    Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Darganata etrap bilim bölüminiň müdiri Rena Atajanowany,
    Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Türkmengala haly önümhanasynyň gözegçi ussasy Orazgül Nurimradowany.
                                                Türkmenistanyň Prezidenti 
                                                Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

                                        Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabry.