Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

    25-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi baradaky ileri tutulýan wezipeler girizildi.
    Häzirki döwürde Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hem-de umumy ykrar edilen demokratik ýörelgeleriň esasynda hereket edýän ýokary wekilçilikli edara bolup, döwürleriň we nesil dowamatynyň aýrylmaz özara baglanyşygyny, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň hakyky halk häkimiýetliliginiň gadymy däplerine, saýlanyp alnan döredijilik ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
    ...Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen adamlaryň ýygnanan Ruhyýet köşgünde aýratyn dabaraly, umumy agzybirlik, ruhubelentlik we uly joşgunly ýagdaý emele geldi.
    Bu ýere ýygnananlar ör turup, şowhunly, dowamly el çarpyşmalar bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy garşyladylar.
    Döwlet Baştutanymyz sahna geçip, türkmen jemgyýetinde demokratik işleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolan foruma gatnaşyjylary we myhmanlary mähirli mübärekleýär.
    Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ajaýyp Ruhyýet köşgünde geçirilýän nobatdaky şu mejlisine ýurdumyzyň Hökümetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň durmuş-ykdysady we ruhy-medeni ösüşine, halkara abraýynyň ýokarlanmagyna uly şahsy goşandyny goşan watandaşlarymyzyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşýandyklaryny belledi. Şeýle hem bu ýokary wekilçilikli edaranyň mejlisine biziň daşary ýurtlardaky ilçilerimiz we köp sanly beýleki myhmanlar çagyryldy.
    Dabaraly pursat ýetip gelýär: Türkmenistanyň Prezidenti, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini açyk diýip yglan edýär.
    Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Belent heňde ýaňlanýan sena umumymilli foruma gatnaşyjylar tarapyndan agzybirlik bilen ýerine ýetirilýär.
    Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlaryň öňünde uly maksatnamalaýyn söz bilen çykyş etdi.
    Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylary mübärekläp, şu gün ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Halk Maslahatynyň ikinji mejlisiniň geçirilýändigini, onda Garaşsyz döwletimizi ykdysady we durmuş taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.
    Ýurdumyzyň konstitusion esaslaryny berkitmek we döwlet dolandyryşynyň demokratik ýörelgelerini kämilleşdirmek bilen bagly meselelere serediljekdigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseleler boýunça örän möhüm çözgütleriň kabul ediljekdigini, şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň seljeriljekdigini belledi.
    Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini milli baýramymyza — Garaşsyzlyk gününe gabatlap geçirmek indi ajaýyp däbe öwrüldi.
    Türkmenistanyň ýigrimi sekiz ýyl mundan ozal döwlet Garaşsyzlygyny jar edendigini belläp, milli Liderimiz ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny saýlap alandygyny, özygtyýarly we erkin ösüş ýoluna ynamly gadam basandygyny nygtady.
    Garaşsyzlygymyzyň jar edilen güni milli baýramymyz bolup durýar. Bu baýram türkmen halkynyň köp nesilleriniň garaşsyz ösüş hakyndaky arzyly arzuwlaryny asyrlaryň içinden geçiren şanly taryhy ýoluna çäksiz söýgimizi aňladýar. Mähriban Watanymyzyň ideallaryna, at-abraýyna we mertebesiniň belende galmagyna pugta eýermegimizi öz içine alýar.
    Türkmenistanyň iň täze taryhynda biziň ýetýän belent sepgitlerimiziň we gazanýan üstünliklerimiziň, mähriban halkymyzyň durmuşynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ajaýyp esasy bar. Ol bolsa döwlet Garaşsyzlygymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
    Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň we halkymyzyň bitewülik we jebislik, parahatçylyk hem-de ruhubelentlik, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk ýörelgelerini belende galdyrýan örän möhüm, ykbal özgerdiji waka hökmünde Garaşsyzlyk alnan gününiň türkmen döwletiniň şanly taryhyna ebedilik ýazyljakdygyna ynam bildirdi.
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň jebisligini we agzybirligini üpjün etmäge gönükdirilen taglymatlary öňe sürüp, beýik maksatlara ýetmek ugrundaky gujur-gaýratyny, isleg-arzuwlaryny, döredijilik ruhubelentligini birleşdirip, Garaşsyz Watanymyzyň gadymy topragynda bagtyýar we abadan durmuşy berkarar edildi.
    Milli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak bilen, Türkmenistan demokratik kadalara esaslanýan, ösen ykdysadyýeti bolan döwletler bilen bir hatarda sebit derejesinde hem, dünýä bileleşiginde hem doly ykrar edilmegini gazandy.
    Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde hemişelik oňyn Bitaraplygy iki gezek ykrar edilen döwletimiziň halkara borçnamalaryny amala aşyrmak boýunça durmuşa geçirýän işleriniň netijesinde biz dünýäniň dürli döwletleri we ýurtlary, abraýly halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýduk we ösdürdik diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
    Halkara hyzmatdaşlygyň täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny emele getirmekde örän gymmatly tejribe toplanandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýändigini, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň köp sanly halkara komissiýalarynyň agzasy bolup durýandygyny, bu guramanyň dürli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny aýtdy.
    Şunuň bilen baglylykda, dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýan türkmen döwleti Ýer ýüzünde howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine ählumumy hyzmatdaşlygyň häzirki zaman halkara ulgamyny döretmäge mynasyp goşant goşýandygy bellenildi.
    Biz mukaddes Garaşsyzlyk baýramyny ajaýyp zähmet üstünlikleri, eziz Watanymyza çäksiz buýsanç hem söýgi, ruhubelentlik duýgulary bilen garşylaýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
    Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşi barada aýdyp, birnäçe makroykdysady görkezijileri mysal hökmünde getirdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterim bolar.
    Geljek ýyl hem jemi içerki önümiň ösüş möçberiniň şu ýyldaky görkezijä deň boljakdygy çaklanylýar. Senagat pudagy hem yzygiderli we durnukly depginler bilen ösýär. Jemi içerki önümiň umumy möçberinde bu pudagyň paýy 32,6 göterime ýetýär.
    Maýa goýumlarynyň ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň esasy guraly bolup hyzmat edýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş ýurdumyz boýunça ähli çeşmeleriň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberiniň 29 milliard manat (jemi içerki önümiň 26,2 göterim) boljakdygyny kanagatlanma bilen belledi.
    Ösüşiň senagat-innowasion nusgasyna gönükdirilen strategik ugry amala aşyrmak maýa goýumlarynyň 66 — 68 göterime golaýyny önümçilik ulgamyna gönükdirmek arkaly üpjün edilýär.
    Geçen döwürde önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň ençemesi gurlup, ulanmaga berildi. Şonuň ýaly-da, zawod-fabrikler, mekdepler, hassahanalar, çagalar baglary, şäherçeler we ýaşaýyş jaýlary bina edildi.
    Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça hem uly işler amala aşyryldy.
    Milli Liderimiz geljekki meýilnamalar barada aýdyp, ýene-de sanlyja ýyldan paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde täze, häzirki zaman şäheriniň guruljakdygyny, onuň ýaşaýyş jaýlaryny, medeni-durmuş desgalaryny öz içine aljakdygyny, şeýle hem bu ýerde işewürlik ýa-da dynç alyş ulgamlaryna bildirilýän talaplara laýyk gelýän innowasion we ýokary tehnologiýaly edaralaryň ýerleşjekdigini belledi.
    Şunuň bilen baglylykda, Gökdepe etrabynyň çäginde Ahal welaýatynyň täze merkeziniň düýbi tutuldy. Ol ýerde welaýatyň dolandyryş desgalary, ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdeplerdir çagalar baglary, edara binalary, Ruhyýet köşgi, drama teatry, kitaphanadyr muzeý gurulýar.
    Geljek ýyllarda hem durmuş ulgamynda şeýle syýasat alnyp barlar, ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerinden ugur alyp, muny ynamly aýdyp bolar. Bu bolsa mähriban halkymyzyň, her maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadançylygy barada hemmetaraplaýyn alada etmegiň biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy, ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny aýdyň tassyklaýar diýip, milli Liderimiz belledi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda tebigy baýlyklaryň, amatly ekologiýa we howa şertleriniň, häzirki zaman senagat önümçiliginiň, oba hojalyk, ulag we aragatnaşyk, hyzmatlar ulgamlarynyň ýurdumyzyň sebitlerini çalt depginler bilen ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini belledi.
    Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilen örtüklerini öndürýän täze kärhana, şeýle hem Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän gazhimiýa toplumy, Gyýanlyda täze gazhimiýa toplumy, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Owadandepede «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy, şu ýyl bolsa, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod ýaly iri senagat desgalarynyň ulanmaga berlendigini mysal hökmünde getirdi.
    Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Lebap, Mary, Daşoguz, Balkan welaýatlarynda hem tebigy gazdan dürli önümleri öndürýän gazhimiýa toplumlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň gurluşygy hem üstünlikli dowam edýär. Şu ýylyň 
    9 aýynda 55 desganyň gurlup, ulanmaga berilmegine garaşylýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
    Oba milli maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda 1,8 milliard manat möçberde maýa goýumlarynyň özleşdirilmegine garaşylýar. Bu bolsa ýyllyk tabşyrygyň 93,3 göterimine barabardyr. Suw arassalaýjy we geçiriji desgalaryň, awtomobil ýollarynyň, gaz geçirijileriň, telefon ulgamlarynyň gurluşygy üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň telekeçileri «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny dowam edýärler.
    Obasenagat toplumynda ýetilen sepgitler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň galla hasylyny ýygnamagyň tamamlanandygyny belledi. Ýurdumyz boýunça 1 million 651 müň 100 tonnadan gowrak bugdaý ýygnaldy. Şeýle hem 2 müň tonnadan hem köp pile tabşyrylyp, borçnama 111,5 göterim ýerine ýetirildi.
    Pagtaçylyk oba hojalygynyň örän möhüm pudagy bolup durýandygyny belläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gowaçanyň hasylyny ýokarlandyrmak, pagtanyň täze görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek we hilini gowulandyrmak boýunça işleriň üstünlikli dowam edýändigini nygtady. Şu ýyl 1 million 50 müň tonnadan gowrak «ak altyn» ýygnamak göz öňünde tutulýar.
    Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak işi hem çalt depginler bilen alnyp barylýar.
    Şu ýylyň dokuz aýynda daşary söwda dolanyşygynyň 11 milliard amerikan dollary möçberde bolmagyna garaşylýar. Bu bolsa 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,8 göterim köpdür diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
    Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen, önümleriň daşary ýurtlara iberilýän görnüşlerini artdyrmaga niýetlenen kärhanalary gurmak we döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça hem giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijede, eksport edilýän önümleriň möçberiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,4 göterim artandygyny nygtady.
    Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 9 aýda ep-esli artyp, jemi içerki önümiň 1,2 göterime, ýagny 16 milliard manada golaý bolmagyna garaşylýar.
    Gazanylan bu ajaýyp üstünlikleriň esasynda mähriban halkymyzyň yhlasly zähmeti, Garaşsyz Watanymyza bolan beýik söýgüsi bar. Biziň amala aşyran we üstünlikli alyp barýan işlerimiziň ählisi eziz Watanymyzyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
    Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda häzirki döwürde syýasy, ykdysady, medeni-durmuş özgertmelerini amala aşyrmak boýunça işleriň çalt depginlerde alnyp barylýandygyny belläp, onuň bolsa ykdysadyýetimiziň kuwwatyny berkitmäge we dünýäniň iň ösen döwletleriniň derejesine ýetmäge, biziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza laýyklykda mähriban halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belledi. Bularyň ählisi ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.
    Häzirki döwürde öňde durýan wezipeleriň has çylşyrymlaşýandygyny, oňa dünýädäki köp sanly maliýe-ykdysady ýagdaýlaryň täsirini ýetirýändigini, olaryň ylmy-tehniki pikiriň ösüşiniň ýokary derejesi, tehnologiýa ulgamynda ýetilen sepgitler, täze mümkinçilikler bilen hem baglydygyny belledi. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, döwür bilen aýakdaş gitmegiň, ösen döwletlerden yza galmazlyk üçin ägirt uly serişdelerimizi we bar bolan şertlerimizi netijeli ulanmagyň zerurdygyny nygtady.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Döwlet býujetine esasy maliýe guraly hökmünde garalmalydyr. Şonuň üçin hem önümçiligi durnukly ösdürmegiň, giň möçberli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň, umuman, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygyndan ugur alyp, Döwlet býujetini üpjün etmegiň çeşmelerini gözlemelidiris diýip, milli Liderimiz belledi.
    Ýurdumyzyň bank we maliýe ulgamlarynyň dünýä maliýe ulgamyna goşulmagyna hem uly ähmiýet berilmelidigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz ykdysady çökgünlikleriň ykdysadyýetimize täsirini aradan aýyrmaga we azaltmaga aýratyn üns berilmelidigine, býujet ulgamynyň durnukly bolmagyny, çykdajylar boýunça döwletiň ähli borçnamalarynyň gürrüňsiz ýerine ýetirilmegini, çykdajylaryň rejeli we netijeli bolmagynyň derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.
    Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak döwlet syýasatymyzyň düzüm bölegi bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-bazar gatnaşyklarynyň ösüşini çaltlandyrmagy, ýurdumyzda pul dolanyşygynyň durnukly bolmagyny we durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin zerur bolan ähli makroykdysady şertleri döretmegi geljegi uly wezipeler hökmünde kesgitledi.
    Dünýäde dowam edýän ykdysady çökgünlik we sarp ediş ulgamyndaky özgertmeler şertinde maliýe ulgamynyň durnuklylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, netijeli we durnukly salgyt ulgamyny döretmek işini hem güýçlendirmelidir.
    Şunuň bilen baglylykda, salgytlary dolandyrmagyň hilini kämilleşdirmek, çeýe we ylmy taýdan esaslandyrylan göterim möçberlerini, şeýle hem salgytlar boýunça dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde salgyt-gümrük möçberlerini ornaşdyrmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Şeýlelikde, ykdysady ulgamy ösdürmek bilen bagly we bazar gatnaşyklaryna geçmegi göz öňünde tutýan maýa goýum ulgamynda hususy eýeçiligiň paýyny giňeltmek bellenildi.
    Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösdürmegi gazanmagyň wajypdygy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow içerki bazary halkyň sarp edýän harytlary bilen üpjün etmek we bu harytlary daşary ýurtlara ibermek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak hem-de halkara ölçeglere laýyk getirmek üçin esasy maddy binýat hökmünde sebitlerde hem ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmegiň möhümdigini nygtady.
    Bu işleriň ählisi esasy maksada ýetmekde — mähriban halkymyzyň abadançylygyny dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň derejesine ýetirmekde ýene-de bir möhüm ädim bolar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
    Alyp barýan döwlet syýasatymyzda zähmet gorlaryny üstünlikli dolandyrmak we zähmet bazary bilen bagly meseleleri oňyn çözmek, ýurdumyzyň raýatlarynyň zähmet çekmäge konstitusion hukugyny degişli derejede amala aşyrmak üçin zerur şertleri döretmäge aýratyn üns bermelidiris. Şu maksat bilen, täze önümçilik we tehnologik desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamalydyrys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bu desgalar täze iş orunlarynyň döredilmegini, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokary derejesini üpjün edýär.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş üpjünçiligi meselesine degip geçmek bilen, Türkmenistanda adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny we şeýle bolmagynda galjakdygyny aýratyn belledi.
    Biz her ýyl zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberlerini yzygiderli ýokarlandyrýarys. Bu bolsa ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirip, alyp barýan syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
    Geçen Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütlere laýyklykda, ykdysadyýetiň örän möhüm pudaklaryny döwrebap ýagdaýa getirmek bilen bir hatarda, oba hojalygyny düýpli özgertmek boýunça işleriň dowam edilmelidigine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz, täze şertlere laýyklykda, guşçulyk, maldarçylyk, et we süýt önümçiliginiň has-da giňeldilýändigini belledi.
    Oba hojalygyny dolandyrmagy kämilleşdirmek, onuň düzümini özgertmek, ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmak, daşky gurşawy goramak maksady bilen, düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Iň gowy dünýä tejribesini, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly obasenagat toplumynyň önümçilik düzümleriniň işi üýtgedilip guralýar.
    Daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we hususy telekeçileriň zerur tehnikalar, dökün we tohum bilen doly üpjün edilýändigine, şeýle hem, ýerlerde täze iş orunlarynyň döredilýändigine ünsi çekip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijede, obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyply bolmagynyň barha ýokarlanýandygyny nygtady. Bu ýagdaý, aýratyn-da, ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerine, çig mala islegleri üpjün etmekde has aýdyň görünýär.
    Oba hojalyk toplumynda bugdaýyň, inçe süýümli gowaçanyň bol hasylynyň ýetişdirilýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz edermen daýhanlaryň Watan harmanyna ýokary hilli galla tabşyrmakda uly üstünlikleri gazanýandyklaryny, maldarlaryň gara mallaryň, dowarlaryň we düýeleriň sanyny artdyrýandyklaryny, şeýle hem et we süýt önümleriniň öndürilýän möçberleriniň barha artýandygyny nygtady.
    Içerki bazar dürli görnüşli ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün edilýär. Bu bolsa oba hojalygynda alyp barýan döwlet syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamalarydyr. Şu ýyl hem gowaçanyň bol hasylynyň öndürilmegine garaşylýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamagyň ýokary depginlerde alnyp barylýandygyny nygtady.
    Şonuň bilen birlikde, bu pudakda entek köp sanly ulanylmaýan serişdeleriň we mümkinçilikleriň hem bardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her bir ýolbaşçy, her bir daýhan milli ykdysadyýetimiziň binýadynyň berkliginiň, döwletimiziň kuwwatynyň köp babatda biziň yhlasly zähmetimize, agzybirligimize, döredijilik mümkinçiliklerimize baglydygyna doly düşünmelidigine ünsi çekdi.
    Döwlet syýasatynyň ekologiýa ulgamy barada aýdyp, milli Liderimiz daşky gurşawy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly görnüşlerini goramagyň, tebigy baýlyklarymyzy aýawly hem-de netijeli ulanmagyň, durmuş we hojalyk desgalarynyň ekologiýa şertlerini üpjün etmegiň möhüm meselelerini çözmek üçin toplumlaýyn işleriň amala aşyrylmalydygyny nygtady. Bu ugurda milli we sebit derejelerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly halkara guramalar bilen bilelikde ähli tagallalar edilýär.
    Şunuň bilen baglylykda, birinji Hazar ykdysady forumynda hem Hazaryň ekologiýa ulgamyny goramak üçin, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bagly teklipleriň ähmiýeti barada aýdyldy.
    Biz öz milli däplerimizi tebigat bilen sazlaşykly dowam edýäris. Bu däpler gözbaşlaryny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Şunuň bilen baglylykda, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitinde täze obanyň gurluşygyna badalga berildi. Ýokarda bellenip geçilişi ýaly, biz Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ýeke-täk zawody gurduk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň bilen birlikde “ýaşyl ykdysadyýetli” iri önümçilikleriň döredilýändigini belledi. Bu önümçilikleriň ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmekde ilkinji ädimlerdigini we bu ugurdaky işleri ýokary depginde dowam etmegiň zerurdygyny belledi.
    Nebitgaz we energetika pudaklaryny ösdürmegiň meseleleri barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze häzirki zaman toplumlaryny gurmaga uly ähmiýet berilmelidigini belledi.
    Ýangyç çig malyny gaýtadan işlemegiň möçberlerini artdyrmak, täze ýataklary senagat taýdan çalt özleşdirmek, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini we «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegi baş maksat etmek, hususan-da, 3D-modelirlemek usullaryny ulanmak bu pudagyň öňde durýan maksatlarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ýaly halkara meseleleri çözmek boýunça başy başlanan maksatnamalaryň işjeň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady.
    Gaz geçirijileriň köpugurly ulgamyny döretmek, şeýle hem kontinentleriň we Aziýanyň üsti bilen gaz geçirijileriň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi uglewodorod serişdelerini halkara bazarlaryna ibermek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletleriň energetika howpsuzlygyny we ykdysady taýdan durnukly bolmagyny berkitmek, bütin Merkezi Aziýanyň we Aziýa sebitiniň Durnukly ösüşiniň maksatlaryna ýetmek üçin ýurdumyzyň eksport kuwwatyny düýpli artdyrmagyň zerurdygyny nygtady.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan bölegini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisini hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagy möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.
    Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleleri çözmegiň döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, milli Liderimiz sanly ykdysadyýeti döretmezden, döwletimiziň ösüşini göz öňüne getirmegiň mümkin däldigini aýtdy. Şoňa görä-de, bütin dünýäde sanly ykdysadyýet innowasiýalary öňe sürmegiň, bäsdeşlige ukyplylygy we ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmegiň möhüm şertine öwrüldi.
    Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geljekki işleriň möhüm ugrularyny kesgitledi.
    Şoňa görä-de, birinjiden, ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmaga döwletimiziň durnukly ösüşiniň möhüm esasy hökmünde garamalydyr. Döwlet dolandyryş ulgamyny, ykdysadyýetimizi, tutuş jemgyýetimizi ösdürmek üçin binýatlyk esas hökmünde baha berilmelidir.
    Ikinjiden bolsa, dünýäde fiziki, sanly we biologik häsiýetli tehnologiýalaryň utgaşmagyny aňladýan «dördünji senagat rewolýusiýasy» eýýäm ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlaryna öz täsirini ýetirip başlaýar. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmegiň täze maksatnamasyny işläp taýýarlamaga ileri tutulýan wezipe hökmünde garamalydygyna ünsi çekip, milli Liderimiz Türkmenistanyň Maglumat tehnologiýalary merkezini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
    Biz sanly ykdysadyýete geçmekde öňümizde durýan wezipeleri çözmek üçin programmaçylar, inženerler, tehnologlar ýaly hünärmenlere zerurlygy göz öňünde tutduk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalaryna täze ugurlary öwrenmek, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak zerur bolup durýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty döredildi.
    Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri sanly ykdysadyýete geçmekde amala aşyrýan ähli özgertmelerimiziň gözbaşynda durmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
    Milli Liderimiz şeýle hem ýaş nesli terbiýelemäge ünsi güýçlendirmelidigini aýtdy. Ýaşlar alan bilimlerine, ukyplaryna laýyklykda, çylşyrymly önümçilik tehnologiýalaryny ulanarlar. Sanly düzümi bolan ykdysady desgalary dolandyrarlar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
    2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçirilen maslahatda ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek bilen bagly meselelere jikme-jik garaldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda döwletimiz bu ulgamlary yzygiderli döwrebap ýagdaýa getirmek barada alada edýär. Ylmy-tehniki ösüşi, ylmyň, tehnologiýalaryň, öňdebaryjy pudaklaryň we önümçilikleriň ösmegini üpjün edýän täze bilimleriň özara baglanyşygy berkidilýär.
    Bu, bir tarapdan, ýurdumyzyň ykdysadyýetini hemmetaraplaýyn ösdürmäge we durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Beýleki bir tarapdan bolsa, dünýäde ählumumy parahatçylygyň, durnukly we sazlaşykly ösüşiň bähbitlerine halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we berkitmäge ýardam edýär.
    Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnama laýyklykda, 2019 — 2025-nji ýyllarda umumy bahasy 3,5 milliard manat bolan 205 sany umumybilim berýän mekdebi, şeýle hem umumy bahasy 1,5 milliard manat bolan 165 sany mekdebe çenli çagalar edarasyny gurmagyň göz öňünde tutulýandygyna ünsi çekip, milli Liderimiz bu desgalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi.
    Bilim, ylym we tehnika ulgamlarynda gazanylan üstünliklere esaslanyp, milli bilim ulgamy ösdürilmelidir, bilimli, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz bu aýdylanlaryň milli bilim ulgamynyň ýolbaşçylarynyň, ähli bilim işgärleriniň, ilkinji nobatda bolsa, mugallymlaryň örän möhüm wezipesi bolup durýandygyny belledi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ynsanperwerlik gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky meselä degip geçmek bilen, medeniýete durmuşymyzy ahlak hem-de gözellik ölçeglerine laýyk getirmäge mümkinçilik berýän birleşdiriji we ruhlandyryjy güýç hökmünde garaýarys. Senagat tehnologik ösüş eýýamynda ruhy durmuşymyzyň ähli taraplaryny ösdürýäris. Dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşan ata-babalarymyzyň taryhy we medeni mirasyny aýawly gorap saklaýarys. Milli medeniýetimize we medeni syýasatymyzy bütin dünýäde wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berýäris diýip, sözüni dowam etdi.
    Ýurdumyzyň teatrlary, kitaphanalary, muzeýleri, medeniýet öýleri milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösýändiginiň aýdyň nyşany bolup durýar. Ýöne biz gazanylan üstünlikler bilen çäklenmeli däldiris diýip, döwlet Baştutanymyz Garaşsyz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynyň, amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň medeniýet ulgamynda hem degişli üýtgetmeleri geçirmegi talap edýändigini aýtdy.
    Bu ulgamy mundan beýläk hem kämilleşdirmek elektron we çap edilýän neşirlere, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine iň täze tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak ýakyn geljekde öňde durýan esasy we möhüm wezipelerdir.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary syýasat ugrunyň möhüm meselelerine ünsi çekip, häzirki zamanyň çylşyrymly meselelerini diňe bilelikdäki tagallalar arkaly çözüp boljakdygyna düşünmekden ugur alyp, dünýä bileleşigi bilen ak ýürekli çemeleşmä we açyklyga esaslanan gatnaşyklaryň ýola goýulýandygyny belledi. Türkmenistan daşary syýasatda şeýle hemişelik ynsanperwer ýörelgäni goldanýar. Halkara gatnaşyklaryny özara hormat goýmak we deňhukuklylyk konsepsiýasyna eýermek esasynda alyp barýar.
    Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy parahatçylygyň, dostlugyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu bolsa Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň hemişe belende göterilmegine ýardam edýär.
    Häzirki döwürde dünýä düýpli özgertmeleri başdan geçirýär. Syýasat, ykdysadyýet we söwda ulgamlarynda uly özgertmeler bolup geçýär.
    Bu ýagdaýlary ünsli synlamak bilen, biz hem ykdysadyýeti dolandyrmaga düzedişleri girizmek boýunça meýilnamalaýyn işleri amala aşyrýarys, onuň netijeli bolmagyny üpjün edýän maýa goýumlaryny höweslendirýäris. Işewürlik ulgamyna goldaw berip, hususy pudagy ösdürmäge ýardam edýäris. Şol bir wagtda-da, döwlet häkimiýet we milli kanun çykaryjy edaralarynyň işini kämilleşdirýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
    Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyz döwletimiziň esas goýujy hukuk binýady bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we syýasy durmuşynda bolup geçýän düýpli özgermeler bilen bagly 2008-nji we 2016-njy ýyllarda konstitusion özgertmeleriň amala aşyrylandygyny belledi.
    Bu bolsa jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmäge hem-de Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge mümkinçilik berdi diýip, milli Liderimiz konstitusion özgertmeleriň dowam etdirilmeginiň jemgyýetçilik durmuşynyň käbir taraplaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan etmegiň zerurdygyny görkezýändigini aýtdy.
    Ýurdumyzda kanunçykaryjylyk ulgamyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň hem häzirki döwürde kanun çykaryjylyk işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny talap edýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek boýunça işleri geçirmegiň hem zerur bolup durýandygyny aýtdy.
    Dünýäde bolup geçýän özgertmeleri we köp ýurtlarda toplanan tejribäni nazara alyp, iki palataly ulgama geçmegi we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmagy maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
    Hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge mümkinçilik berer, hukuk ulanyş tejribesinde gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga şert döreder, deputatlaryň ýerlerde saýlawçylar bilen has ýakyn gatnaşyklaryny ýola goýmagyna, kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmäge itergi berer.
    Milli Liderimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan teklipleri işläp taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça Konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky Permana gol çekjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisine bu toparyň ýanynda degişli iş toparyny döretmek tabşyryldy.
    Döwlet Baştutanymyz Konstitusion topara kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan döwlet wekilçilikli edarasynyň düzümini kämilleşdirmek we iki palatadan ybarat bu häkimiýetiň öňünde durýan wezipeler bilen bagly teklipleri 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynda seretmäge bermegi teklip etdi.
    Türkmenistanyň hukuk ulgamyny özgertmekde we Esasy Kanunyny kämilleşdirmekde iň gowy dünýä tejribesinden, halkara ölçeglerden ugur alynmalydyr we halkara hukugyň esas goýujy kadalaryna eýerilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
    Öňümizde durýan örän uly ähmiýetli uzak möhletleýin maksatlar we daşary syýasat ugrumyz geljekde hem üýtgewsizligine galar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu bolsa demokratik döwletimiziň, adalatlylyk ýörelgesine, yzygiderli we aýgytly öňe gitmäge esaslanan raýat jemgyýetimiziň hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmegi göz öňünde tutýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň zerurlygyndan ugur alyp, agzybir we parahatçylyk söýüji, dörediji halkymyzyň mertebesini belende götermegi maksat edinýär.
    Eziz Watanymyz Türkmenistanyň ajaýyp geljegini üpjün etmegiň bähbidine şeýle maksatlary öňe sürýäris diýip, döwlet Baştutanymyz durmuş-ykdysady ösüşiň şu strategik ugurlarynyň doly goldawa eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanlylary, Halk Maslahatynyň myhmanlaryny we oňa gatnaşyjylary mukaddes Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösdürilmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.
    Milli Liderimiz sözüniň ahyrynda özüniň şeýle goşgy setirlerini okady:
    Ajap eýýam, ajap çagym bar,
    Ýalkym saçýan şamçyragym bar,
    Hak sylamyş Beýik gerçegin,
    Gahryman halkymyz bar.
    Döwlet Baştutanymyz hemmeleriň şowhunly el çarpyşmasy bilen garşylanan “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen ruhubelent sözler bilen öz çykyşyny tamamlady.
    Soňra milli Liderimiz ýygnananlara jemleýji söz bilen ýüzlenip, şu abraýly wekilçilikli maslahatda Türkmenistanyň halkynyň ýurdumyzy ykdysady hem-de durmuş taýdan ösdürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek baradaky üýtgewsiz erk-isleginiň we meýilleriniň beýan edilendigini aýtdy.
    Halk Maslahatynyň tutuş işi öňde goýan wezipelerimizi abraý bilen ýerine ýetirjekdigimizi we berkarar Watanymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etmek baradaky belent maksadymyza ýetmegiň aýdyň ýolunda bize uly üstünlikleriň garaşýandygyny görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
    Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemlerini jemläp hem-de gün tertibine girizilen ähli meselelere garalandygyny belläp, mejlise gatnaşan wekillere, esasan-da, ýurdumyz üçin möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de Halk Maslahatynyň guramaçylykly geçirilmegine işjeň gatnaşan adamlaryň ählisine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
    Şunuň bilen Türkmenistanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.
    Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Döwlet senasy belent ýaňlanýar.
    Halk Maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we Ruhyýet köşgünden ugrady.