Resmi habarlar

    Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
                                                            ***
    Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Joşmyrat Aşyrmyradowiç Sedekowyň üstüne ýüklenildi.
                                                            ***
    Daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we onuň täsirini azaltmak boýunça işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça Türkmenistanyň gatnaşýan halkara-hukuk resminamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň milli strategiýasy rejelenen görnüşde tassyklanyldy.