Resmi habarlar

    Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda bilim babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda baglaşylan Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 19-njy aprelinde çykaran № 12973 Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2019 — 2020-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 5-nji iýulynda çykaran № 974 Buýrugy bilen tassyklanan, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryndan daşary:
    Owganystan Yslam Respublikasynyň 30 raýatyny Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna tölegsiz esasda bir ýyllyk dil öwreniş okuwlaryna;
    Owganystan Yslam Respublikasynyň milleti türkmen bolan 10 raýatyny, şeýle hem 2018 — 2019-njy okuw ýylynda bir ýyllyk dil öwreniş okuwlaryny tamamlan 29 raýatyny, Ýaponiýanyň 1 raýatyny tölegsiz esasda okuwa kabul etmäge ygtyýar berildi.