Basketbolçylar kümüşli dolandy

    Ýakynda Aşgabadyň Halkara howa menzilinde 6 — 8-nji sentýabr aralygynda Maldiw Respublikasynyň Male şäherinde «FIBA 3x3 Quest 2019 Final» görnüşli basketbol boýunça halkara ýaryşda kümüş medala mynasyp bolan milli ýygyndymyzyň türgenlerini garşylamak dabarasy boldy. Dünýäniň 16 döwletinden 64 basketbolçynyň gatnaşmagynda geçirilen halkara ýaryşda milli ýygyndymyzyň türgenleri «C» toparçada çykyş etdi. 
    Milli ýygyndymyz toparçadan çykmak üçin ilkinji duşuşygy Gyrgyzystanyň milli ýygyndysy bilen geçirip, 21:13 hasabynda ýeňildi. Maldiw Respublikasynyň basketbolçylary bilen geçiren ikinji duşuşygynda ildeşlerimiz ýer eýelerini 12:21 hasabynda ýeňmegi başardylar. Koreýa Respublikasy bilen geçirilen duşuşykda hem 19:21 hasabynda öňe saýlanmagy başaran basketbolçylarymyz ýarym finala çykmak üçin Indoneziýanyň ýygyndysy bilen duşuşdylar we olardan 17:21 hasap bilen üstün çykmagy başardylar. 
    Ýarym finalda Hindistanyň basketbolçylary bilen geçirilen duşuşykda hem 16:21 hasabynda üstünlik gazanyp, finala çykmagy başaran ildeşlerimiz, jemleýji bäsleşikde Mongoliýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşdylar. Çekeleşikli geçen jemleýji duşuşyk 12:7 hasabynda mongollaryň peýdasyna tamamlandy.
    — Maldiw Respublikasynda geçirilen ýaryşda milli ýygyndymyz öz ussatlygyny görkezip, baýrakly orna mynasyp boldy. Şu ýylyň dowamynda üçünji gezek gatnaşýan halkara ýaryşymyzda şeýle ýokary netijäni gazanmagymyz bizi täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Geçen maý aýynda Hytaý Halk Respublikasynda «Aziýa kubogy — 2019» atly halkara ýaryş geçirildi. Bu ýaryşda biziň erkekler hem zenanlar ýygyndylarymyzyň türgenleri öz başarnygyny görkezip, sekizlige girmegi başardylar. Bu bolsa türgenlerimize tejribelerini artdyrmaga ýardam berdi. Iýun aýynda Niderlandlarda geçirilen dünýä çempionatynda zenanlarymyz ussatlyk görkezdiler. 
    Häzirki günlerde 1 — 7-nji oktýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek U — 23 dünýä çempionatyna zenanlar ýygyndymyz ýokary derejede taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurdumyzyň Basketbol federasiýasynyň tassyklan meýilnamasy esasynda, zenanlar ýygyndymyz ussat tälimçi Aleksandr Paşkowyň ýolbaşçylygynda türgenleşik işlerini alyp barýarlar. Öňde boljak dünýä çempionatynda zenanlarymyzyň üstünlikli çykyş etjekdigine ynanýarys. Ýurdumyzy sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris — diýip, basketbol 3x3 erkekler ýygyndymyzyň tälimçisi Toýly Baýryýew gürrüň berdi.