BOULING: MILLI BIRINJILIKDEN YKLYM ÇEMPIONATYNA

    Aşgabatda bouling boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Onuň ýaryşlary Olimpiýa şäherçesindäki Ýeňil atletika sport toplumynda geçirildi.
    Üç günläp dowam eden milli birinjilik sportuň bu görnüşi boýunça iň ezber türgenleri saýlap almaga mümkinçilik berdi. Olar ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň düzüminde Kuweýtde geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşarlar.
    Çempionatyň ilkinji gününde ýekelikdäki ýaryşlar geçirildi. Erkekleriň arasynda iň gowy netijäni Serdar Ataýew görkezdi. Ikinji, üçünji orunlara Serdar Myradow bilen Han Hangeldiýew mynasyp boldy. Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda Nasiba Orazmedowa, Maýa Abdyrahmanowa hem-de Eneş Kişikowa dagy hormat münberine çykdy.
    Çempionatyň ikinji güni jübütleýin ýaryşlar geçirildi. Erkekleriň arasynda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna Serdar Ataýew — Han Hangeldiýew jübüti çykdy. Ýaryşyň kümüş medalyny Hudaýnazar Baýramgulyýew bilen Tahyr Hanmämmedow boýnuna dakan bolsa, öňdäki üçlügi Serdar Myradow bilen Ahmet Abdyrahmanow jemledi. Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda Nasiba Orazmedowa — Uzukjemal Toýlyýewa jübütine taý tapylmady. Şeýle hem Roza Jumabaýewa — Eneş Kişikowa kümüş, Maýa Abdyrahmanowa bilen Bahar Orazberdiýewa bolsa bürünç medala mynasyp boldular.
    Çempionatyň üçünji gününde garyşyk (erkek-zenan) jübütleriň arasyndaky ýaryşlar geçirildi. Bu gezek Hudaýnazar Baýramgulyýew bilen Nasiba Orazmedowa ähli bäsdeşlerinden saýlandy. Ikinji orny Azat Ataýew — Bahar Orazberdiýewa, üçünji orny bolsa Batyr Hanmämmedow — Roza Jumabaýewa jübütleri eýeledi.