Güýzki at çapyşygyna badalga berildi

    Geçen hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri ýurdumyzyň atçylyk-sport toplumlarynda güýzki at çapyşyk möwsümine badalga berildi. Ol günler Aşgabat, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary atçylyk-sport toplumlary toý dabaralaryna beslendi. Möwsümiň açylyş dabaralaryna baran at janköýerleri aýdym-sazly medeni çärelere — el işleriniň, at esbaplarynyň, ýetginjekleriň çeper sungatynyň sergilerine, sport görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryna we at çapyşyklaryna tomaşa etdiler. Ol gün Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gurlan ýurdumyzyň atçylyk- sport toplumlarynda behişdi bedewlerimiziň, Watanymyzyň bedew batly ösüşleriniň waspyny ýetirýän aýdym- sazlar belentden ýaňlandy, biribirinden çekeleşikli hem şowhunly pursatlar at janköýerlerinde uly şatlyk döretdi. 
    Atşynas Arkadagymyzyň teklibi bilen şenbe günleri geçirilmegi ýola goýlan ýetginjek çapyksuwarlaryň at çapyşyklary güýzki at çapyşyk möwsüminiň ilkinji toý gününi baýram etdiler. Aşgabat atçylyk-sport toplumynda şenbe güni geçirilen at çapyşyklary has-da şowhunly boldy. At çapmakda ezberlik bilen tejribe toplaýan ýetginjek çapyksuwarlar at janköýerlerine çekeleşikli we dartgynly çapuwlary sowgat etdiler. Olar 1000 metr, 1200 metr aralyga ula goýberilen çapuwlarda ussatlyk bilen at çapdylar. Bu çapuwlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Durnagül, Kişmiri, Bezirgen atly ikiýaşar we Baýyr atly üçýaşar atlar pellehana birinji bolup geldiler we halat-serpaýlara mynasyp boldular. Şeýle hem bu çapuwlarda Gala, Buýsanjym, Mähribanym, Gorkmaz, Gaýa, Garanur ýaly ýyndam atlar pellehana ilkinji bolup geldiler. Bu çapuwlarda Azym Kerimow, Kerem Öwezow, Nurmuhammet Azadow ýaly ýetginjek çapyksuwarlar ussatlyk görkezdiler. Aşgabat atçylyk-sport toplumynda bolan ýetginjek çapyksuwarlaryň at çapyşygynyň jemleýji — onunjy çapuwynda 1200 metr aralyga ula giden üçýaşar atlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli Baýyr diýen dor at pellehana ilkinji bolup geldi. Ýaş çapyksuwar Baba Babaýewiň ussatlyk bilen çapan aty bu aralygy 1 minut 23,6 sekuntda geçmegi başardy. 
    Ýekşenbe güni Aşgabat we welaýat atçylyk-sport toplumlarynda bolan at çapyşyklary hem dabaraly, şowhunly uly toýlara beslendi. Bu çapuwlarda üçýaşar, dört we ulyýaşar atlar dürli aralykda ýaryşa goşuldylar. Ýyndamdan ýyndamy saýlaýan bu çapuwlarda ezber çapyksuwarlar ussatlyk görkezip, ýeňiş gazandylar. Pellehana ilkinji bolup gelen ýyndam atlara halat- serpaýlar ýapyldy. 
    Güýzki at çapyşyk möwsüminiň toý dabaralarynda halkymyz, at janköýerleri behişdi bedewlerimiz bilen didarlaşdylar we olaryň örän ajaýyp çapuwlaryna we gözelliklerine tomaşa etdiler. Biri-birinden ýyndam hem gözel bedewlerimiz uly toýlarymyzy buşlap, aýlawlara çykdylar. At janköýerlerine ýene-de altyn güýz günleriniň owadan çapuwlary garaşýar.