Görkezme çykyşlary boldy

    Düýn Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda paýtagtymyzda dowam edýän koreý hepdeliginiň meýilnamasynyň çäklerinde koreýaly taekwondoçylaryň görkezme çykyşlary boldy.
    Koreýanyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hünärmenleriniň, taekwondo boýunça milli ýygyndymyzyň agzalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen görkezme çykyşlaryň açylyş dabarasynda Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary Parahat Agaýew, şeýle-de Koreýanyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çin Ki-Hun çykyş etdiler. Olar iki dostlukly halkyň arasynda sport babatda ýola goýlan gatnaşyklar dogrusynda durup geçdiler. Mundan başga-da olar Koreýanyň Milli sport uniwersitetiniň talyplarynyň ýurdumyzda yzygiderli okuw-türgenleşiklerde bolup, taekwondo boýunça tälim alýan türkmen türgenleri bilen öz tejribelerini paýlaşýandyklaryny nygtadylar.
    Sahnada ilki bilen wideoşekiller arkaly koreýaly türgenleriň taekwondo boýunça görkezme çykyşlary görkezildi. Soňra teatr sahnasynda myhman türgenler peýda boldy. Teatryň tomaşa zalyndaky şowhunly elçarpyşmalar halkymyzyň myhmansöýerliginiň alamaty bolup ýaňlandy. Şatlykly pursatlarda dürli hereketleriň üsti bilen ýerine ýetirilen janly çykyşlar tomaşaçylaryň göwünlerini ganatlandyrdy.
    — Taekwondo türgenden tizligi, deňagramlylygy, çeýeligi we çydamlylygy talap edýär. Halkara taekwondo federasiýasy (ITF — International Taekwondo Federation) 1966-njy ýylda esaslandyryldy. Şol döwürden bäri hem taekwondony ösdürmek üçin biri-birine garaşsyz iki sany bileleşik hereket edip başlaýar: Halkara taekwondo federasiýasy we Koreýanyň taekwondo assosiasiýasy. Koreýanyň Taekwondo assosiasiýasy döredilenden soň, Taekwondo merkezini gurmak karar edilýär. Bu merkez 1972-nji ýylda gurlup, «Kukkiwon» adyny alýar. 1973-nji ýylda bolsa “Kukkiwonda” ilkinji gezek dünýä çempionaty geçirilýär. Taekwondony beýleki döwletlerde ösdürmek maksady bilen Bütindünýä Taekwondo federasiýasy (WTF — World Taekwondo Federation) döredilýär. Häzirki wagtda dünýäde taekwondo sporty bilen meşgullanýan türgenler ýaryşlarda taekwondonyň, esasan, iki ugry boýunça ýaryşýarlar. Olar kýorugi we phumsedir. Aşgabatda dowam edýän koreý hepdeliginiň çäginde sportuň bu görnüşi boýunça geçirilen görkezme çykyşlar guramaçylykly geçirildi. Biz koreý hepdeligini ýokary derejede geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa sagbolsun aýdýarys. Goý, onuň alyp barýan işleri hemişe üstünliklere beslensin! — diýip, Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekili Im Sun Rye aýdýar.
    Hakykatdan-da, taekwondo sportuna biziň ýurdumyzda-da uly üns berilýär. Ýeri gelende aýtsak, türkmen taekwondo ussatlarynyň ajaýyp çykyşlary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem halkara derejede-de uly abraýa eýe. Ýurdumyzyň taekwondoçylary gysga döwrüň içinde dünýäniň sport giňişliginde öz ussatlyklaryny görkezdiler. Dostlukly ýurduň Milli sport uniwersitetiniň talyplary şu ýylyň mart-aprel aýlarynda Aşgabatda boldular. Şeýle-de şu ýylyň iýul aýynda paýtagtymyzda Taekwondo boýunça Koreýanyň kubogyny almak ugrunda türkmen türgenleriniň arasynda ýaryşlaryň geçirilmegi ýurdumyzda bu sporty ösdürmek ugrunda edilýän tagallalaryň uludygyndan habar berýär.