Owazynda döwrüň ajap keşbi bar

    Her gezek onuň bilen söhbetdeş bolanymyzda, baýramçylyklarda, dabaralarda joşgunly çykyşlaryny diňlänimizde, bir zady haýran galmak bilen synlaýaryn. Halypanyň sesindäki aladaçyllyk, duýgurlyk, jogapkärçilik bada-bat ünsüňi özüne çekýär. Ol aladaçyllyk döwrüň joşgunly owazyna ses goşmak bilen bagly. Ol duýgurlyk Watana söýgi hem buýsanç bilen bagly. Ondaky jogapkärçilik her gezekki döwlet derejesindäki dabaralarda, toý-baýramlarda ajaýyp çykyşlary bilen tomaşaçylara toý sowgadyny etmekden ybarat. Jemal Saparowa bilen söhbet etmekçi bolanymyzda, ol hakda ýene şuny hem aýtdylar: «Döwrüň howasy bilen dem alyp ýören». Ine, indi hemmesi aýdyň hem düşnükli boldy duruberdi. Onuň aýdýan aýdymlary, dogrudan hem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň joşgunly owazyna ses goşýar. Megerem, şu iň ýokary dereje bolsa gerek. Aýdylyşy ýaly, ýazyjy, şahyr — öz döwrüniň perzendi. Diýmek, aýdymçy hem şeýle. Onuň çykyşlary hemişe uly höwes bilen diňlenýär, olardan çäksiz lezzet alýan tomaşaçylar müňlerçe. Düýn Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň döredijiligine bagyşlanan dabara şeýle pikirleri täzeden serimize doldurdy. 
    Halypanyň döredijilik agşamynda çykyş edenleriň arasynda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew, halypanyň şägirtleri Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Jahan Tagyýewa dagy hem bar.
    Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow şeýle diýdi:
    — Maňa Jemal Saparowa bilen birnäçe ýyllap işleşmek miýesser etdi. Zehinli aýdymçy bolmak bilen birlikde onuň zehinli režissýordygyny hem aýdasymyz gelýär. Şu ajaýyp toý gününde, döredijilik agşamynda ony tüýs ýürekden gutlap, geljekde hem döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris. Sungatyň Hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
    Jemal Saparowa şu geçen ýyllaryň içinde ençeme şägirtleri ýetişdirdi. Dabarada olar hem çykyş edip, halypa aýdymça ter gül desselerini gowşurdylar. Sungatyň halypa-şägirtlik ýoluny täzeden galkyndyran hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.
    Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» eserindäki şygyrlar, Gahryman Arkadagymyzyň aýdymlyk goşgulary, şahyrlaryň döwrüň owazyna ses goşýan şygyrlaryny halypanyň owazynda diňläp görmedigimiz, megerem, ýok bolsa gerek. Şonda olar owaz sazlaşygy bilen goşa gudrata öwrülýär. Ählisiniň gözbaşynda bolsa sungaty söýýän ýürek dur. Döwlet derejesinde geçirilýän dabaraly çärelerde çykyşyny toýa öwrüp bilýän, her sözüne toý joşgunyny bermegi başarýan ýürek owazyny aýdýan aýdymlaryna bal bilen ýag kibi gatmagy başarýan Jemal Saparowa, münberde edýän çykyşlarynyň soňuny hem köplenç, aýdym bilen jemleýär. Ol aýdym bolsa Gahryman Arkadagymyz hakdadyr ýa-da küştdepdi toý aýdymydyr. Bir gowy şygyr diňlese ýa-da özi okasa, derrew ony aýdyma öwürmegiň ugrundadyr. Bir ajaýyp waka şaýat bolsa, onda özem eline galam alyp, ol hakda şygyr hem dörediberer, sazynam özi ýazandyr, ýerine ýetirýänem özüdir.
    Halypa aýdymçy indi ençeme ýyllardan bäri diňe ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda giňden belli Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň etnografiýa we folklor toparyna ýolbaşçylyk edip gelýär. Özenini halk heňleri düzýän aýdym-sazlar, gözelligiň, näzikligiň nusgasy tansçy gyzlar, çapyljak at ýaly ýigitler halypa aýdymçynyň ýekeje aýdymynyň üsti bilen seni türkmen dünýäsine aýlar, Diýarymyzyň gözelliklerine keşt etdirer. 
    Jemal Saparowa ençeme şägirtleri ýetişdiren halypa. Özünden talapkärligi sungata söýgüsi bilen goşup, görelde görkezýän halypa. Onuň üçin sungat bilen durmuş bir bitewi. Hoşgylaw, pespäl, adamlar bilen gadyrly gatnaşykda bolşy ýaly, şol häsiýet onuň aýdymlaryna hem siňipdir. Ol aýdymlarda Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, halkymyza egsilmez buýsanç, belent söýgi bar. Ine, bu hem ussatlygyň belent derejesi. Sungatynda Diýarymyzyň gülleýän, gül açýan keşbini görkezip bilmek her bir aýdymçynyň belent arzuwy bolsa gerek. Jemal Saparowanyň belent heňli aýdymlarynda şularyň hemmesi jemlenen.
    — Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk toýuna barýan günlerimiziň her biri buýsançly aýdym, ajaýyp dessan. Bu ajaýyp baýrama täze aýdymlarymyzy sowgat getirdik. Nesip bolsa, hormatly Prezidentimiziň bitirýän beýik işlerini, halkymyzyň bagtyýarlygyny wasp edýän aýdymlarymyzy belentden ýaňlandyrarys. Bize şeýle mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, başy aman bolsun! Watanymyzda toýlar toýlara ulaşsyn diýýän halypa aýdymçynyň owazynda bagtyýarlyk döwrüniň ajap keşbi bar. Goý, nepis haly ýaly nurana Diýarymyzda döwrüň owazyna owaz goşup, belentden ýaňlanýan şol aýdymlar köňüllere nur saçsyn dursun!