Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy saýlama oýunlarynyň öňüsyrasy Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer

    Aziýa çempionaty – 2020-niň saýlama tapgyryna taýýarlygynyň çäginde Türkmenistanyň ýetginjekler (U-16) ýygyndysy Türkiýede 10 günlük okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer.
    Batyr Şyhyýewiň (U-16) tälim bermegindäki okuw-türgenleşigi 6-16-njy sentýabr aralygynda Stambul şäherinde dowam eder.
    Ýaşlar ýygyndymyz Stambuldaky okuw-türgenleşiginiň dowamynda birnäçe ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.
    Ýygyndy toparymyz okuw-türgenleşiginiň yzysüresi 16-22-nji sentýabr aralygynda Daşkentde geçiriljek Aziýanyň çempionatynyň saýlama tapgyryny geçirmek üçin Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherine ugur alar.
    Ýeri gelende bellesek, Aziýa çempionaty-2020-niň saýlama tapgyrynyň «B» toparçasynda çykyş edýän ýetginjekler ýygyndymyzyň garşydaşlary Özbegistanyň, Hindistanyň hem-de Bahreýniň ýygyndylary bolar.