RESMI HABARLAR

    Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Muhammetmyradow Ýazmyrat Muhammetmyradowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesinden boşadyldy.
                                                            ***
    Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Batyr Amangeldiýewiç Amanow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesine bellenilip, ol «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.