Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

    Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününi döretmek hakynda 
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, täze belentliklere ýetmekde toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
    1. Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününi döretmeli we bu baýramy her ýylyň sentýabr aýynyň ikinji şenbesinde belläp geçmeli.
    2. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününiň ýokary derejede we guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.
    3. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
    4. «Baky bitarap Türkmenistan döwletimizde Nebitgaz, energetika we geologiýa senagatynyň işgärleriniň toý gününi Ählihalk milli baýram etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň 16-njy iýunynda çykaran 3878-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2003-nji ýyldaky 6-njy ýygyndysynyň 
    232-nji maddasy) güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli. 

    Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi bellemek hakynda
    Saglygy goraýyş ulgamyny we derman senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň tutanýerli zähmetini, ilatymyzyň sagdyn ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmäge goşýan uly goşantlaryny dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
    1. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi her ýylyň 10-njy oktýabrynda belläp geçmeli.
    2. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.
    3. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli. 
    4. Şu Perman 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girýär. 

    «Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çykaran 204-nji Permanyna üýtgetme, goşmaça girizmek we käbir bendini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda
    «Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-31-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:
    1. «Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çykaran 204-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2017-nji ýyldaky 10-njy ýygyndysynyň 392-nji maddasy) birinji böleginde:
    1) 23-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:
    «23) Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni — sentýabr aýynyň ikinji şenbesi;»;
    2) 25-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:
    «251) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni — 10-njy oktýabr;».
    2. «Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çykaran 204-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2017-nji ýyldaky 10-njy ýygyndysynyň 392-nji maddasy) birinji böleginiň 20-nji bendini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.
    3. Şu Permanyň birinji böleginiň 2-nji bendi hem-de ikinji bölegi 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girýär.
                                                                        Türkmenistanyň Prezidenti 
                                                                        Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. 

                                                            Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 30-njy awgusty.