TÜRKMENISTAN GARAŞSYZLYK TOÝUNA BARÝAR

    Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda eziz ýurdumyz baş baýramyna — Garaşsyzlyk toýuna barýar. 
    Toýlary derejeli garşylamak bizde däbe-düzgüne öwrüldi. Diýmek, biz derejeli ýaşaýarys, derejeli zähmet çekýäris. Derejeli ýaşaýandygymyz, derejeli zähmet çekýändigimiz döwlet Baştutanymyzyň daşyna berkden-berk jebisleşendigimiz, agzybirligimiz, şu günüň hem geljegiň maksatlaryna düşünjeli garaýandygymyz, döwrüň taryhy özgertmelerine janu-tenden garylyp-gatylýandygymyz bilen baglanyşykly. Şeýdip döwletliligimizi berkidýäris. Şeýdip bagtyýarlygymyzy bina edýäris. Şeýdip geljegimizi gurýarys. Şeýdip berkarar döwletimiziň şan-şöhratyny dünýä doldurýarys. Şeýdip milletlik mertebämizi belende göterýäris.
    Hawa, halkymyz Garaşsyzlyk toýuna ýurdumyzyň durmuşyndaky taryhy özgerişler, ösüşler bilen barýar. Bu özgeriş-ösüşleri hasyl edýän uly işler, uly wakalar bilen barýar. 
    Dünýä çawy dolan işler, wakalar! Olaryň birtopary türkmen topragyny, bu topragyň goýnundaky durmuşy düýpli, her taraplaýyn özgertmekden hem başga sebitiň, dünýäniň ösüşlerine hyzmat edýär. Şunuň bilen baglanyşykly edil häzir, şu söhbedimiziň çäginde bir mysala ýüzlenmegi möhüm hasap edýäris. Munuň özi ýaňy-ýakynda, goja Hazaryň türkmen kenarynda bolup geçen wakadyr. Deňiz sebitiniň ýurtlary bilen birlikde ýakynu-alysdaky beýleki ýurtlary, dünýäni özüne birleşdiren birinji Hazar ykdysady forumydyr. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, ulag hyzmatdaşlygy, Hazaryň energetika mümkinçilikleri, senagatyň ösdürilmegi, Hazar üçin «ýaşyl ykdysadyýet», Hazar deňzinde ylmy barlaglar... Şular ýaly giň hem düýpli meseleleriň çözgüdi diňe egnini şu beýik deňziň kenarlaryna diräp oturan ýurtlary däl, bu deňiz arkaly birleşýän yklymlary — Aziýa hem Ýewropa ýurtlarynyň her birini, tutuş dünýäni gyzyklandyrýar. Bu gün Hazar yklymlaryň hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça birleşmegine täze mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglanyşykly başga bir hakykata — anyk esaslara ünsi çekmek möhüm.
    Şeýlelikde, örän ähmiýetli, dünýäniň pikir-oýuny, ylmyny hem pähim-paýhasyny, tejribesini hem arzuw-maksatlaryny özünde jemlän, netijede, halkara derejeli taryhy işe, şol bir wagtyň özünde edil şonuň ýaly uly baýramçylyga öwrülen wakanyň Hazaryň türkmen kenarynda — türkmen topragynda geçirilmeginiň çuňňur manysyna düşünmek kyn däldir. Munuň özi Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy, çäksiz tagallalary bilen mümkin boldy. Hawa, bu forumy geçirmek başlangyjyny hormatly Prezidentimiz dünýä berdi, onuň ýokary derejede geçirilmegine hormatly Prezidentimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredildi. Bu waka ýurduň hem dünýäniň ösüşleri üçin örän wajyp meseleleriň akylly-başly çözgüdine tarap aýdyň ugur almagyň, anyk ädimleri ätmegiň wakasy boldy.
    Meseläniň başga bir, iň möhüm esaslary hem bar. Halkara meseleleriň çözgüdini tapmagyň mümkinçiliklerine ýetmek, netijede, şeýle uly ähmiýetli forumy geçirmek üçin uly taýýarlyk gerek. Şonsuz edil şu derejedäki ol ýa beýleki iş hakynda hatda gürrüň etmek hem mümkin bolmazdy. Şeýle taýýarlyk şunuň ýaly wakalar, adamzat meseleleriniň çözgüdi üçin esasdyr. Bu esas Gahryman Arkadagymyzyň parasaty, öňdengörüjiligi, ýadawsyz zähmeti bilen ýurdumyzda amala aşyrylan, dowam etdirilýän taryhy işlerden — köp sanly özgerişlerden, ýurdumyzyň hemme taraplaýyn ösüşlerinden ybaratdyr. Şol işleriň bir topary, mälim bolşy ýaly, goňşy ýurtlaryň, sebitiň dünýä bilen gatnaşyklaryna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Dünýä hojalyk gatnaşyklaryna özgerişler, üýtgeşmeler girizýär, bu gatnaşyklaryň mundan beýläk has işjeňleşmegine, has netijeli bolmagyna getirýär. Ine, ýurtlaryň, sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, häzirki döwür, uzak geljek üçin abadançylygy, bolçulygy, gülläp ösüşleri gazanmagyň dünýä ähmiýetli wezipelerini çözmek babatdaky täze mümkinçilikler şeýdip kemala geldi. Gahryman Arkadagymyzyň dünýä ýaň salan işleri, ýyllar boýy çekip gelýän halal zähmeti, taryhy tagallalary bu mümkinçilikleri açdy. Munuň özi ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary, ýurdumyzyň senagat ýurduna öwrülmegi bilen baglanyşyklydyr. Ozaly bilen, türkmen Lideriniň Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman derejesinde döredendigi we barha ösdürýändigi bilen hem baglanyşyklydyr. Awtomobil ýollary, demir ýollar, deňiz-derýa ýollary, howa ýollary, köprüler, Hazaryň türkmen kenaryndaky Halkara deňiz porty... Türkmenistan häzirki zaman ulag-üstaşyr geçelgeleriniň giň toruny döretdi we bu işini öňe alyp barýar. Türkmenistan häzirki taryhy döwrüň güýji bilen ýene-de Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregine öwrülýär. Dünýäniň ösüşleri bilen bagly meseleleriň birtopary hut şu ýerde — türkmen topragynda çözülýär. Türkmen Lideriniň dünýäniň ösüşleri, ýurtlaryň hyzmatdaşlygy, halklaryň abadan durmuşy baradaky başlangyçlary dünýä bileleşiginiň doly goldawyna mynasyp bolýar. Türkmenistan bu gün dünýä üçin ruhy-medeni, durmuş-ykdysady ösüşleri gazanmagyň möhüm merkezine öwrülýär. Türkmen topragy — Allatagalanyň nazar salan topragy, munda halkymyzyň bagtly, eşretli durmuşyny üpjün etmegiň, adamzat ähli bilen deňli-derejeli gatnaşyk etmegiň tapylgysyz sermaýalary bar...
    Ýurdumyzyň halk hojalyk pudaklarynyň ählisinde durnukly ösüş üpjün edilýär. Döwlet syýasatynyň strategik maksady hökmünde sanly ykdysadyýete çalt geçmek babatdaky işlere çynlakaý garalýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 5-nji iýulynda bolup geçen giňişleýin mejlisinde belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 30 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän, jemi iki müňe golaý senagat we ýaşaýyş-durmuş maksatly iri desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen dowam edýär. Owadandepede gazdan benzin öndürýän, dünýäde ýeke-täk zawod işe girizildi. Ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak hem diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek boýunça bitirilýän işleriň belli bahasy ýok.
    Maýa goýumlary çekmek, has peýdaly ugurlar boýunça eksport mümkinçiligini artdyrmak, importyň düzümini amatly ýagdaýa getirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutulýan önümleri özümizde öndürmek, öz önümlerimiziň beýleki ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça işler barha ilerleýär.
    Ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa babatdaky garaşsyzlygymyzyň özi nämä degmeýär! 
    Şu ýyl daýhanlar 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny taýýarladylar. Gowaçanyň hem bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine geçmegiň ýolunda düýpli, anyk ädimler ädilýär. 
    Milli medeniýetimiz ösdürilýär, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen medeni gatnaşyklarymyz çuňňur mana eýe bolýar...
    Bularyň ählisi ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň ruhy, ykdysady esaslaryny pugtalandyrýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bu gün dünýäniň iň abraýly, şöhratly, gülläp ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi...
    Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz ýurdumyz baş baýramyna — Garaşsyzlyk toýuna öz derejesi, onda-da belent derejesi bilen barýar. 
    Munuň özi biziň kämil ýaşaýandygymyzy, kämil zähmet çekýändigimizi aňladýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletliligimizi berkidýändigimizi, bagtyýarlygymyzy bina edýändigimizi, geljegimizi gurýandygymyzy, berkarar döwletimiziň şan-şöhratyny dünýä doldurýandygymyzy, milletlik mertebämizi belende göterýändigimizi aňladýar.