Möwsüme uly taýýarlyk

    Ahal welaýatynyň zähmetsöýer daýhanlary şu günler gowaçanyň hatararalaryny bejermek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak ýaly işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ýerine ýetirmek bilen birlikde pagta ýygymyna ykjam taýýarlyk görýärler. Ekerançylygyň asyl mekanynyň edermen oba zähmetkeşleriniň pagta ýygymyna taýýarlyk işleriniň häzirki derejesi olaryň jogäpkarli möwsüme guramaçylykly girişip, bökdençsiz ýokary depginde alyp barjakdygyna we öňde duran wezipelere hötde geljekdigine ynamy artdyrýar.
    Şu ýyl welaýatyň pagtaçy kärendeçileri tarapyndan 120 müň gektara gowaça ekildi. Şonda ekerançylyk meýdanlaryna, gowaçanyň welaýatyň toprak-howa şertlerinde oňat hasyl berýän «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 19», «Ýolöten — 39», «Ýolöten — 14», şeýle-de «Jeýhun» ýaly görnüşleri ekildi. Ekine agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg edilmegi netijesinde meýdanlar bol hasyl toplady. Bu gün atyzlara ýaraşyk berýän gowaça gozalary daýhan yhlasynyň ýerine düşendigini buşlaýar. Indiki wezipe — pagta ýygymyna taýýarlykly barmakdan, ýygyma bellenilen möhletde girişmekden we hasyly çalt, ýitgisiz ýygnamakdan ybarat. Bu işlere welaýatda uly jogapkärçilikli çemeleşildi. 
    Pagta ýygymy meýdan synaglaryny üstünlikli geçen, ýokary öndürijilikli iň täze kysymly tehnikalaryň kömegi arkaly amala aşyrylar. Etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda bar bolan pagta ýygyjy kombaýnlaryň 205-si, iki hatar tirkeme kombaýnlaryň 114-si, «John Deere» kysymly kombaýnlaryň 88-si, «Case» kysymly kombaýnlaryň 3-si taýýarlyk hatarynda goýuldy. Galyberse-de, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp sowgady bolan «John Deere 9970» kysymly pagta ýygyjy kombaýnlaryň nobatdaky tapgyrynyň, ýagny 50-siniň ýakyn günlerde welaýata gelip gowuşjakdygyny bellemek has ýakymlydyr. Ýokary öndürijiligi bilen tapawutlanýan, kämil tehnologiýaly bu kombaýnlar etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň oba hojalyk tehnikalarynyň üstüni ýetirer. Möwsüme gatnaşjak pagta ýygyjy kombaýnlaryň ählisi tejribeli mehanizatorlara berkidildi. 
    Pagta kabul etjek harmanhanalary we elektron tereziler hem möwsüme taýýar edildi. Olarda ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek üçin ähli zerur şertler üpjün edilipdir. Hasyly harmana daşamakda hyzmat etjek awtoulaglaryň sany hem kesgitlendi. Bu işde, esasan-da, önüm öndürijileriň we gaýry kärhanalaryň awtoulaglary ulanylar. 
    Möwsümde hasyly ýangyn howpundan goramak maksady bilen, degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda ýörite okuw maslahatlary geçirildi.
    Hormatly Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alyp, pagta ýygymyna ýokary taýýarlykly barýan gadymy Ahal ýaýlasynyň «ak altyn» ussatlary üstümizdäki ýylda gowaça hasylynyň 207 müň tonnasyny harmana goşmagy maksat edinýärler. Olaryň şu günki alyp barýan asylly işleri daýhanlaryň maksadynyň myrat tapjakdygyna şühbe goýmaýar.