Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary

    27-nji awgustda Singapur Respublikasyna döwlet sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Singapuryň Prezidenti Halima Ýakob hem-de ýurduň Premýer-ministri Li Sýan Lun bilen gepleşikleri geçirdi.
    Taraplaryň ikisi tarapyndan hem aýratyn ähmiýet berilýän bu taryhy sapar döwletara gatnaşyklaryň senenamasynda täze möhüm sahypalary ýazmaga, köp ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly esasy döretmäge ýardam etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri, şol sanda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Taraplaryň ägirt uly kuwwata eýedigini nazara almak bilen, deňhukuklylyk hem-de uzak möhletleýin esasda guralýan türkmen-singapur hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin oňaýly mümkinçilikler açylýar.
    Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy ähmiýetli waka bolan Singapur Respublikasyna şu döwlet saparyna gabatlanylyp, bu ýerde ikitaraplaýyn işewürler forumynyň, türkmen eksport harytlarynyň sergisiniň, şeýle hem iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň duşuşyklarynyň geçirilendigi bellärliklidir. Işewür forumyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar gol çekilen resminamalaryň toplumynda öz beýanyny tapdy. Şol resminamalar taraplaryň dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
    Şu gün irden «Shangri-La» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapuryň iri işewürliginiň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Dünýäde giňden ýaýran iş ertirligi görnüşinde geçirilen işewür duşuşyga birnäçe ministrlikleriň, iri kompaniýalaryň we maliýe düzümleriniň, ýagny «Pacıfic International Lines Pte.Ltd.» kompaniýasynyň, «The Development Bank of Singapore» (Singapuryň ösüş bankynyň), «Indorama Corpоration» korporasiýasynyň, «DP Architects», «Fortrec Chemicals and Petroleum Pte.Ltd.» kompaniýalarynyň, «The Assocation of Banks in Singapore» (Singapurdaky banklaryň bileleşiginiň), «PSA International», «Surbana Jurong» kompaniýalarynyň hem-de Telekeçiligi ösdürmek boýunça agentligiň we beýlekileriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
    Ýygnananlaryň ählisiniň adyndan, saparyň iş tertibinde çäreleriň örän köpdügine garamazdan, duşuşmaga wagt tapandygy üçin, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Bellenilişi ýaly, bu ýere ýygnanan kompaniýalaryň wekilleri üçin türkmen Liderini Singapurda mübäreklemek uly hormatdyr. Şunda şu günki duşuşygyň iki ýurduň ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berjekdigine, ony hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirildi.
    Nygtalyşy ýaly, geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çalyşýan daşary ýurtly maýadarlar we işewürler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde Türkmenistan dünýäniň işewür toparlarynda uly gyzyklanma döredýär.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary mübärekläp, türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde işlemäge gyzyklanma bildirýän singapur kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine örän şatdygyny aýtdy.
    Biz Singapury gysga wagtyň içinde dünýäde iň ösen ýurtlaryň birine öwren «singapur ykdysady gudraty» barada köp eşitdik diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şu birinji döwlet saparynyň esasy maksatlarynyň biriniň söwda we ykdysady ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmakdan we ösdürmekden ybaratdygyny belledi.
    Türkmenistanda geçirilýän iri möçberli özgerişler, ilkinji nobatda, ykdysady özgertmeler biziň ýurdumyzyň ortaça 6 — 7 göterim derejede durnukly ýokary ösüş depginini gazanmagyny üpjün etdi. Baý tebigy serişdelere eýe bolmak, geografiýa taýdan amatly ýerleşmek ýagdaýy, şeýle hem «Açyk gapylar» syýasatynyň gyşarnyksyz alnyp barylmagy ýurdumyzda bähbitli maýa goýumlar üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny aýdyň görkezýär diýip, milli Liderimiz nygtady.
    Biziň şeýle syýasaty alyp barmagymyzyň esasy maksatlarynyň biri uzak möhletli geljekde ýurdumyza daşary ýurt maýasyny çekmäge uly ähmiýet berilýändigi göz öňünde tutulyp, milli ykdysadyýetimiziň ösmegine itergi bermekden we ony höweslendirmekden ybaratdyr.
    Türkmenistanda dürli pudaklar boýunça halkara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertler döredildi. Şolaryň hatarynda nebitgaz toplumyny, elektrik energetikasyny, ulag we aragatnaşygy, obasenagat toplumyny, dokma senagatyny, düýpli ylmy barlaglaryň we innowasion önümçilikleriň ösdürilmegini, döwrebap düzümleriň gurluşygyny, elektronika, kompýuter we logistika hyzmatlary ýaly ulgamlarda kärhanalaryň döredilmegini görkezmek bolar.
    Şunuň bilen birlikde, döwletimiz maýadarlara salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyrma we beýleki ýeňillikler görnüşinde düýpli goldawlary üpjün edýär. Şonuň netijesinde, tutuş milli önümleriň önümçiligine goýulýan maýanyň paýy yzygiderli artýar, maýa goýum taslamalarynyň sany köpelýär, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi artýar.
    Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, tebigy gazyň dünýä bazarlaryna, şol sanda Russiýa, Hytaýa, Eýrana eksportyň möçberlerini artdyrmak üçin uly kuwwata eýedir. Ägirt uly «Galkynyş» gaz käni munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu käniň gorlary häzirki wagtda 26 trillion kub metr möçberinde bahalandyrylýar.
    Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy möhüm geosyýasy we geoykdysady ähmiýete eýedir. Ýörite döredilen konsorsium bu taslamany durmuşa geçirmek meseleleri bilen meşgullanýar. Onuň düzümine bu giň möçberli taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ählisiniň wekilleri girýär.
    Nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça uly işler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz golaýda işe girizilen döwrebap gazhimiýa toplumlaryny — Gyýanlydaky polipropilen we polietilen öndürýän, Garabogazdaky karbamid çykarýan zawodlary, şeýle hem Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän toplumy muňa mysal hökmünde getirdi.
    Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, şu saparyň öňüsyrasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Singapuryň «GP Global Equipment Pte Ltd» kompaniýasynyň arasynda Merkezi Garagumdaky gazkondensat känler toplumynyň «Zäkli — Derweze» gaz arassalaýjy desgalarynda gaz gysyjy desganyň taslamasyny düzmek we ony gurmak babatda ylalaşygyň gazanylandygyny belledi.
    Biz nebitgaz ulgamynda uglewodorod çig malyny gözlemek, çykarmak we gaýtadan işlemek, şeýle hem nebitgaz pudagy üçin iri düzümleýin desgalary gurmak babatda iň täze işläp taýýarlamalara eýe bolan dünýäniň esasy kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
    Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Singapur ulag we logistika ulgamlarynda üstünlikli gatnaşyk edip bilerler. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda, Hazaryň kenarynda täze Halkara deňiz portunyň ulanmaga berlendigi, awtomobil ýollarynyň döwrebaplaşdyrylýandygy, sebit we yklymlaýyn ulag geçelgeleriniň möhüm bölekleri bolup durýan täze awtobanlaryň we köprüleriň gurulýandygy, uçarlaryň, deňiz gämileriniň, demir ýol tehnikasynyň yzygiderli satyn alynýandygy bellenildi.
    Ileri tutulýan ulgamlaryň ýene-de biri oba hojalygy bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistan özüni bugdaý bilen doly üpjün etmekden hem başga ony daşary ýurtlara hem iberýär. Häzirki zaman derejesinde pagtanyň gaýtadan işlenilmegi ýola goýuldy, taýýar dokma önümleriniň köp görnüşleri öndürilýär. Bu pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak üçin gowaça ekilýän meýdanlaryň çägi giňeldiler.
    Söhbetdeşligiň barşynda Halkara pul gaznasynyň bilermenleriniň türkmen ykdysadyýetiniň uly kuwwatyny tassyklaýandyklary bellenildi. Olar ykdysadyýetiň ösüşi babatda oňaýly çaklamalary berýärler.
    Milli Liderimiz singapur kompaniýalaryny türkmen paýtagtynda täze ägirt uly taslamany — «Smart City» («Akylly şäher») taslamasyny durmuşa geçirmäge çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işewürleri şähergurluşyk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek, şäher hojalygyny dolandyrmak ulgamyna we degişli gulluklaryň işine IT-tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin hökümet wekiliýetiniň düzüminde Singapura gelen Aşgabat şäheriniň häkimi bilen tanyşdyrdy.
    Şäher häkimliginiň ýolbaşçysyna hökümet, döwlet düzümleri hem-de hususy işewürlik, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak tabşyryldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi gysga döwrüň içinde örän netijeli işleýän gurama öwrüldi. Onuň agzalary dürli ulgamlarda iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýarlar.
    Döwletimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde kärhanalary döretmäge we olaryň işine hemmetaraplaýyn ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we halkara gatnaşyklaryň bu usulynyň örän netijeli häsiýete eýedigini belledi.
    Ýurdumyz gadymy döwürlerden bäri söwda ýollarynyň merkezinde ýerleşipdir, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm merkezi bolupdyr. Täze taryhy eýýamda Türkmenistan hukuk derejesi BMG tarapyndan ykrar edilen Bitarap döwlet bolmak bilen, parahatçylygy hem-de hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýär we deňhukuklylyk esasynda gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi bilen hyzmatdaşlyga taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
    Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu syýasat, Türkmenistanyň ählumumy energiýa howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmek, durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän halkara ulag geçelgeleriniň ornuny güýçlendirmek baradaky başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary munuň aýdyň subutnamasydyr.
    Döwlet Baştutanymyz çykyşyny jemläp, geçirilen birinji işewürler maslahatynda gazanylan ylalaşyklaryň geljekki bilelikdäki netijeli işler üçin esas boljakdygyna ynam bildirdi. Şol maslahata Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň hem-de ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekilleri we olaryň singapurly kärdeşleri gatnaşdylar.
    Işjeň hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda nebitgaz pudagynda we nebithimiýa senagatynda, şeýle hem ulag we logistika, maliýe, deňiz portlaryny dolandyrmak, şähergurluşyk ulgamlarynda hem-de beýleki möhüm ulgamlarda özara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyldy.
    Singapuryň kompaniýalarynyň we korporasiýalarynyň wekilleri hyzmatdaşlyk etmek, onuň uzak möhletli we yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek boýunça tekliplerini hödürlediler. Şolaryň hatarynda ýokary tehnologiýaly, ylym bilen baglanyşykly önümleri öndürmekde dünýäde öňdebaryjylaryň hatarynda durýan kompaniýalar we korporasiýalar bar.
    Duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine özara ynam bildirildi.
    Şol gün döwlet Baştutanymyz Singapuryň esasy gözellikleriniň birine — Aziýanyň siwilizasiýalary muzeýine baryp gördi. Bu muzeý şunuň ýaly ýeke-täk muzeý bolup, onuň bu sebitiň ýurtlarynyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşdyrýan önümleri hem-de gadymy gymmatlyklarynyň baý toplumy bardyr.
    1997-nji ýylda açylan muzeý Galkynyşlar eýýamyna mahsus bolan gadymy kaşaň Empress Place Building binasynda ýerleşýär. Bu bina 1860-njy ýylda guruldy. Bu ýerde toplanan Aziýanyň taryhynyň soňky bäş müň ýyldaky köp sanly gyzykly we seýrek duşýan gadymy gymmatlyklary maglumatlary almagyň örän köp sanly interaktiw mümkinçilikleriniň ýanynda ýerleşýär.
    ...Milli Liderimiziň awtoulag kerweni muzeýiň merkezi girelgesiniň ýanyna gelýär, bu ýerde ýokary derejeli myhmany Milli miras geňeşiniň Baş ýerine ýetiriji direktory hanym Çang Hwi Ni garşylaýar.
    Hanym Çang Hwi Ni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mübärekläp hem-de binanyň içine girmäge çagyryp, muzeý barada gysgaça gürrüň berdi. Bu muzeýiň esasy maksady häzir dostlukly döwletiň köpmilletli jemgyýetini emele getirýän halklaryň bahasyz mirasyna düşünmäge ýardam bermekden ybaratdyr. Ýurduň häzirki zaman taryhy 200 ýyldan gowrak döwri öz içine alýan bolsa-da, onuň özge ýurtlardan gelen ilatynyň medeniýeti has gadymydyr we mazmuny taýdan baýdyr. Milli miras geňeşiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, bu medeni ojagyň baş wezipesi Singapuryň diňe bir örän belent-belent gatly binalarynyň we maliýe merkezleriniň bardygyny däl-de, eýsem, onda ýaşaýan halklaryň baý taryhynyň hem bardygyny görkezmekden ybaratdyr.
    Täsin muzeý bilen tanyşlyk sungatyň häzirki zaman galereýasynyň wezipesini ýerine ýetirýän uly zaldan başlanýar. Onuň 14 müň inedördül metr meýdany eýeleýän giň gerimli ekspozisiýasy «Singapur derýasy», «Günorta — Gündogar Aziýa», «Günbatar Aziýa», «Hytaý» we «Günorta Aziýa» diýen bäş bölege bölünip, tutuş Aziýa medeniýetiniň we ösüşiniň çuňlaşdyrylan hem-de toplumlaýyn garaýşyny görkezýär.
    Dürli mazmundaky galereýalaryň on birisinde ajaýyp gadymy gymmatlyklaryň 1300-e golaýy, şol sanda taryhy ýazgylar, kitaplar, milli lybaslar hem-de durmuşda ulanylan zatlar, saz gurallary we haýsydyr bir döwürlerde bu sebitde ýaşan dürli halklaryň wekillerine degişli bolan bezeg şaý-sepler ýygnalypdyr.
    Ilkibaşdan muzeý diňe Singapuryň taryhyna bagyşlanypdyr, ýöne soňra ep-esli giňeldilipdir. Häzir bu ýerde Hindistanyň, Hytaýyň, Seýlonuň, Wýetnamyň, Tailandyň, Kambojanyň, Indoneziýanyň we Malaýziýanyň medeniýetine bagyşlanan toplumlary görmek bolýar. Aýratyn zal Singapur derýasynyň giň gerimli ajaýyplygyny synlamaga niýetlenendir.
    Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Singapur Respublikasynyň Prezidentiniň «Istana» köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.
    Esasy girelgäniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly döwletiň Baştutany hanym Halima Ýakob mähirli garşylaýar. Iki ýurduň Liderleri salamlaşyp, ýörite niýetlenen münbere tarap ugraýarlar.
    Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Türkmenistanyň we Singapur Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Halima Ýakob Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçip, Singapur Respublikasynyň Döwlet baýdagyny sarpalaýarlar.
    Dabara tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary «Istana» köşgüne tarap ugraýarlar. Bu ýerde milli Liderimiz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik üçin ýazgy galdyrýar.
    Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Halima Ýakob Türkmenistanyň hem-de Singapuryň uzak möhletleýin esasda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandyklaryny ýene-de bir gezek tassyklap, birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
    Soňra şu ýerde, «Istana» köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Premýer-ministr Li Sýan Lunyň baştutanlygynda Türkmenistan bilen Singapur Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda milli Liderimiz we Singapuryň Hökümetiniň Baştutany birek-biregi mübäreklediler we şondan soňra olar bilelikde surata düşdüler.
    Jenap Li Sýan Lun belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, türkmen Lideriniň şu saparyna Singapurda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýandygyny belledi. Singapuryň hökümetiniň Baştutany öz ýurdunyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyna ýardam etjek şu günki gepleşikleriň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi.
    Bellenilişi ýaly, Singapur ýurdumyz bilen islendik ulgamlarda, şol sanda telekeçilik ugry boýunça özara gatnaşyklara taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabada Singapuryň işewür toparlarynyň wekillerini ibermek baradaky teklip beýan edildi. Olar ýerinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary bilen tanşyp bilerler. Premýer-ministr Li Sýan Lun şeýle hem Singapuryň Türkmenistana sanly ykdysadyýete geçmäge ýardam bermäge hem-de bu ulgamda bar bolan tejribesini hödürlemäge taýýardygyny aýtdy.
    Jenap Li Sýan Lun halkara giňişlikde singapur tarapyny goldaýandygy üçin, Türkmenistanyň adyna hoşallyk sözlerini aýdyp, özara düşünişmegi pugtalandyrmak, tagallalary birleşdirmek hem-de birek-biregi goldamak arkaly biziň ýurtlarymyzyň üstünliklere eýe bolup biljekdigini nygtady.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Singapura gelmäge çakylygy hem-de myhmansöýerlik üçin Premýer-ministr Li Sýan Luna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň wekiliýetiniň dostlukly ýurda ilkinji döwlet saparydygyny belledi we onuň şu duşuşyga aýratyn häsiýet berýändigini nygtady.
    Döwlet Baştutanymyz şu gün iki ýurduň arasynda köpugurly, özara bähbitli hem-de uzak möhletli geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň ýola goýuljakdygyna umyt bildirdi. Türkmen-singapur gatnaşyklarynyň gün tertibi örän mazmunly bolup, sebit we dünýä syýasaty, ykdysadyýeti, söwdasy, maýa goýum işi, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary bilen bagly meseleleri öz içine alýan dürli ugurlary gurşap alýar. Muňa zerur itergi bermek, ikitaraplaýyn gatnaşyklary biziň mümkinçiliklerimize laýyk gelýän derejä çykarmak şu saparyň esasy maksatlarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
    Elbetde, daşary syýasatda, ilkinji nobatda, pugta parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerinde özara gatnaşyklary berkitmek türkmen-singapur hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz iki ýurduň halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny we meňzeşdigini kanagatlanma bilen belledi.
    Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan iri halkara guramalarda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda özara gatnaşyklary giňeltmäge taýýardyr. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, BMG-niň çäklerinde halkara gün tertibiniň dürli meseleleri boýunça netijeli başlangyçlary we teklipleri özara goldamaga gönükdirilen yzygiderli gepleşikleriň we geňeşmeleriň guralyny ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady.
    Şeýle gatnaşyklaryň eýýäm oňat mysallary bar. Singapur Baş Assambleýanyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýasyny, şeýle hem ulag hyzmatdaşlygy, energetika howpsuzlygy babatda biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul eden Rezolýusiýalaryny goldady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany BMG-niň esasy edaralarynyň birnäçesine saýlamak meseleleri çözülende hem Singapuryň goldandygyny aýdyp, pursatdan peýdalanyp, şunuň ýaly garaýşy üçin Singapuryň Hökümetine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
    Bu mysallar türkmen-singapur hyzmatdaşlygynyň halkara giňişlikde netijeli, özara bähbitli bolup, oňat netije berip biljekdigini aýdyň görkezýär. Türkmenistanyň hem, Singapur Respublikasynyň hem dünýä bileleşiginiň jogapkär agzalary hökmünde häzirki ählumumy ösüşiň möhüm meselelerini çözmekde öz goşantlaryny goşmaga, birek-birege goldaw we ýardam bermäge taýýar bolmagy hem örän wajypdyr.
    Ýurtlaryň ikisi hem Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmak, ählumumy howplara garşy durmak ýaly wajyp meselelere umumy çemeleşmeleri görkezýärler. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklap, daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli geňeşmeleriň ýola goýulmagynyň zerurdygyny belledi.
    Biz Singapur bilen berk gatnaşyklary ýola goýmak bilen, Siziň ýurduňyzyň söwda-ykdysady ulgamda hem Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri boljakdygyna umyt baglaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Biz Türkmenistanda singapur kompaniýalarynyň alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmegini goldarys. Şunuň bilen birlikde, biz ýokary tehnologiýaly ugurlara üns bermegi maksat edinýäris. Bu babatda netijeli tejribe alyşmak üçin ähli şertler bar. Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek babatdaky gatnaşyklar hem örän wajypdyr.
    Türkmen-singapur hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary energetika, nebitgaz pudagy, ulag we kommunikasiýalar, bank we maliýe ulgamlary bilen baglanyşyklydyr. Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiligine hem üns bermek zerurdyr.
    Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Singapur Respublikasynyň arasynda şeýle topary döretmek mümkinçiligine garamak maksadalaýyk bolup durýar.
    26-njy awgustda iki ýurduň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen birinji türkmen-singapur işewürler maslahaty söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat esas bolup biler. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi peýdaly bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we işewürleriň wekiliýetlerini alyşmagy, ýurtlaryň ikisinde hem söwda we senagat sergilerini yzygiderli geçirmegi teklip etdi.
    Şähergurluşyk hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ýene-de bir möhüm ugurlaryň biridir. Mälim bolşy ýaly, şäher üpjünçilik ulgamyny döretmekde we ony netijeli dolandyrmakda Singapur uly üstünlikleri gazandy. Türkmenistanyň şäherleriniň gülläp ösýändigini, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli ýaşaýyş jaý gurluşygyny nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy we tejribe alyşmagy teklip etdi.
    Energetika ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyklar üçin uly mümkinçilikler bar. Şu babatda Türkmenistan ägirt uly kuwwata hem-de baý uglewodorod serişdelerine eýedir. Ýurdumyz bu ulgamda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek babatda hem hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikler açylýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu giň möçberli taslama Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine we onuň halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir.
    Özara gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikler Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň, nebit we gazhimiýa senagatynyň gaýtadan işleýän ulgamlaryny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga, ýokary hilli taýýar önümleri çykarýan innowasion önümçilikleri döretmäge meýillidigi bilen şertlendirilendir. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň birnäçesi, şol sanda gazdan benzin çykarýan zawod hereket edýär.
    Milli Liderimiz ulag-üstaşyr geçelgeler ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada aýratyn durup geçmek bilen, bu ugurda ýurdumyzyň Singapury Aziýa — Ýuwaş ummany sebitinde möhüm hyzmatdaş hasaplaýandygyny belledi.
    Özleriniň geografik ýerleşişinden ugur almak bilen, biziň ýurtlarymyz Aziýa — Ýuwaş ummany sebitinde we Merkezi Aziýada gatnaw ýollarynyň möhüm çatryklary bolup durýar. Türkmenistan häzirki zaman şertlerinde gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýär. Öz nobatynda, Singapur hem ulag ulgamyny ösdürmekde uly tejribä eýedir.
    Häzirki wagtda ýurdumyz öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugry boýunça köp şahaly ulag-üstaşyr we logistika üpjünçilik ulgamyny döredýär. Ol Hazar deňzine, Gara deňzi sebitine, Ortaýer deňzi we Pars aýlagy sebitine çykýan üstaşyr ýollary öz içine alýar. Munuň özi Aziýa — Ýuwaş ummany sebitinden Merkezi Aziýanyň üsti bilen Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna amatly ýoly açýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz singapurly hyzmatdaşlara Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň kuwwatyndan peýdalanmak, bilelikdäki marketingiň we menejmentiň gurallaryny ulanmak mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda Türkmenistan we Singapur üçin özara gatnaşyklar babatda ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyna ynam bildirip, ýöriteleşdirilen halkara düzümlerde, hususan-da, Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady komissiýada ara alyp maslahatlaşmak üçin ulag üpjünçilik ulgamyny ösdürmek boýunça teklipleri bilelikde işläp taýýarlamagyň möhümdigini aýtdy.
    Döwlet Baştutanymyz ekologiýa ulgamyny gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Ekologiýa babatda biziň ýurdumyz ileri tutulýan meseleleri çözmekde möhüm orny eýeleýär.
    Milli Liderimiz ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk barada durup geçmek bilen, ylymda, bilimde, medeniýetde, sungatda bilelikdäki işlerimiziň geriminiň giňeldilmegine halklarymyzyň ýakynlaşmagyna we özara baýlaşmagyna, olaryň arasyndaky dostlugyň berkemegine ýardam edýän möhüm şert hökmünde garalýandygyny nygtady.
    Bilim ulgamynda hem-de ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamakda türkmen-singapur hyzmatdaşlygynyň başlangyç tejribesi toplandy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary tehnologiýaly ulgamlarynyň ösüşini, sanly ulgamlaryň döredilmegini, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny nazara almak bilen, häzir Singapuryň bar bolan bilim mümkinçilikleri Türkmenistan üçin uly gyzyklanma döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
    Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Singapuryň Hökümetine Singapur hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik döredilendigi üçin minnetdarlyk bildirýär. Bu ýerde gürrüň ykdysady meýilleşdirme, bank işi, maglumat tehnologiýalary ýaly ugurlarda bilim almak hakynda barýar.
    Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Singapura ilkinji sapar iki ýurduň gatnaşyklarynyň taryhynda tapgyrlaýyn waka bolmalydyr.
    Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Singapuryň halkyna parahatçylyk we abadançylyk barada iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Milli Liderimiz Premýer-ministr Li Sýan Luna geçirilen netijeli gepleşikler, iki ýurduň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin zerur çäreleri görmäge taýýardygy üçin, ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de Singapuryň Hökümetiniň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
    Singapuryň Premýer-ministri Türkmenistanyň kuwwaty bilen içgin tanyşdyrandygy, hyzmatdaşlygyň geljegine jikme-jik we yzygiderli seljerme berendigi üçin, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň ähli tekliplerini goldaýandygyny beýan etdi.
    Singapur tarapy türkmen hyzmatdaşlary bilen bar bolan tejribäni paýlaşmaga şatdyr diýip, jenap Li Sýan Lun aýtdy we özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga, işewürleriň wekiliýetlerini alyşmaga taýýardygyny tassyklady. Singapuryň işewür toparlary eýýäm bu ugurda mümkinçilikleri öwrenýärler. Ozal Singapuryň Hökümetiniň wekiliniň Türkmenistana baryp görendigi bellenildi.
    Soňra hormatly Prezidentimiziň we Singapur Respublikasynyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
    Diplomatik, gulluk ýa-da resmi pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny özara ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Singapur Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Singapur Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Singapur Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilýär.
    Ýokarda bellenilişi ýaly, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna hormatly Prezidentimiziň şu taryhy saparyna gabatlanyp Singapurda geçirilen bilelikdäki işewürler maslahatynyň netijeleri boýunça gol çekilen Ylalaşyklar we Ähtnamalar hem girdi.
    Agşam Singapur Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli myhmanyň hormatyna agşamlyk naharyny berdi. Onuň barşynda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Singapur Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasyny tamamlap, «Çangi» Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen söhbetdeş bolup, saparyň jemlerini jemledi we onuň hakyky taryhy ähmiýetini nygtady. Singapurda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşynda onuň ähmiýetine göz ýetirmek zerur bolup durýar.
    Milli Liderimiz şeýle hem saparyň barşynda resmi türkmen wekiliýetiniň ýanynda bolýan ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeli häsiýetini aýratyn belledi.
    Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günleriň dowamynda iki ýurduň hökümetleri tarapyndan geçirilen hem-de türkmen-singapur gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä we ösüşe gönükdiren bilelikdäki işe ýokary baha berdi. Ikitaraplaýyn resminamalaryň 12-sine gol çekilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Has wajyp ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, umumy bähbitleri ilerletmek üçin şertleri döretmek nukdaýnazaryndan bu resminamalar örän wajypdyr.
    Döwlet Baştutanymyz mähirli garşylandygy, saparyň we onuň ähli çäreleriniň ýokary derejede guralandygy üçin kabul edýän tarapa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi bu çäreleriň örän netijeli bolmagyna ýardam etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Türkmenistanyň we Singapuryň halklarynyň ruhy taýdan ýakyndygyny belledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Singapur «Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň parlak ýyldyzy» bolup durýar. Türkmenistan bolsa Merkezi Aziýanyň ýüregi bolmak bilen, öz sebitinde birleşdiriji güýç hökmünde möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, bu ugurda tagallalaryň birleşdirilmegi diňe iki ýurt üçin däl, eýsem, kontinentiň tutuş Aziýa bölegi üçin hem ajaýyp netijeleri getirmäge ukyplydyr.
    Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýygnananlary şu saparyň üstünlikli bolandygy bilen gutlady hem-de ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde geçirmek ýolunda uly üstünlikleri arzuw etdi.
    Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüne garaşýan uçara münüp, Watanymyza ugrady.