TÜRKMENISTAN — SINGAPUR: dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda

    Soňky ýyllarda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň orny barha ýokarlanýar we dünýäniň syýasy hem-de ykdysady integrasiýasy nukdaýnazaryndan düýpgöter täze ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan Günorta-Gündogar Aziýa we Ýuwaş ummany basseýniniň döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu ýurtlar bilen döwletara gepleşikleri pugtalandyrmak bilen bagly meseleler «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» hem aýratyn bellenilip geçilýär.
    Halkara gatnaşyklar ulgamynyň işjeň agzalarynyň biri bolan Singapur dünýäniň 186 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar. Ol BMG-niň, Britan Arkalaşygynyň, ASEAN-nyň we Goşulmazlyk Hereketiniň agzasydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Singapuryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda ýola goýuldy. Singapur sebitiň syýasy we ykdysady taýdan durnukly ýurtlarynyň hataryna girmek bilen, ösen ykdysadyýete hem-de senagat pudagyna eýedir we Türkmenistanyň ygtybarly daşary syýasy hem-de ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meseleleri bilen bir hatarda häzirki zamanyň derwaýys meseleleri babatynda garaýyşlaryň meňzeşligi, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar depginli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň berk binýadyny emele getirýär. Singapur Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini işjeň goldaýar.
    Türkmen-singapur hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynda şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň iki ýurduň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeleri geçirmek maksady bilen Singapura bolan sapary ähmiýetli waka boldy, onuň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna garaldy.
    Döwletara gatnaşyklarda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Goşulmazlyk Hereketiniň we ASEAN-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk möhüm orny eýeleýär. Singapur Günorta-Gündogar Aziýa sebiti konsepsiýasynyň tarapdary bolmak bilen, ASEAN-nyň düzüminde işjeň orny eýeleýär. Şeýle hem bu ýurt Aziýa — Ýuwaş ummany Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ATES) agzasy bolup, onuň merkezi edarasy Singapurda ýerleşýär.
    Türkmenistan bilen Singapuryň öňdebaryjy halkara guramalaryň çäklerinde geljekde hem ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklary ýurtlaryň halkara guramalaryň abraýly edaralarynda kandidaturalaryny özara goldamaklarynda hem aýdyň beýanyny tapýar. Öz nobatynda, Singapur BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasyny hem-de ýurdumyzyň öňe süren ulag hyzmatdaşlygy, energiýa howpsuzlygy boýunça Kararnamalaryny goldady. Şeýle hem Singapur BMG-niň möhüm edaralarynyň birnäçesine — EKOSOS-a, ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşine, Zenanlaryň ýagdaýy boýunça BMG-niň Komissiýasyna Türkmenistanyň kandidaturalaryny goldady. Türkmenistan öz tarapyndan dostlukly ýurda Milletler Bileleşiginiň giňişliginde beren goldawy we hemaýaty üçin minnetdardyr.
    Öz nobatynda Türkmenistan BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça Komissiýasyna, ÝUNESKO-nyň Bioetika boýunça hökümetara komitetine, Halkara deňiz guramasynyň geňeşine saýlawlarda Singapuryň kandidaturasyny goldady.
    Häzirki döwürde Türkmenistanda durmuşa geçirilýän dürli görnüşli taslamalara Singapuryň işewürlik toparlarynyň agzalarynyň çekilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna bank hem-de şähergurluşyk ulgamlaryny degişli etmek mümkindir. Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylda adybir şäheriň şähergurluşyk hem-de infrastruktura boýunça tejribesini öwrenmek maksady bilen Singapur Respublikasyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň sapary boldy. Şol ýyl Singapur Respublikasynyň infrastruktura meseleleri boýunça ministriniň we ulag ministriniň ýörite wekiliniň derejesindäki wekiliýet Türkmenistanyň we Singapuryň arasynda ulag ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň resmi wekilleri bilen gepleşikleri geçirmek maksady bilen Türkmenistana geldi. Şeýle hem 2017-nji ýylda Singapuryň Premýer-ministriniň edarasynyň, Adam gorlary ministrliginiň Döwlet ministri derejesindäki wekiliýet Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanda boldy.
    Ykdysadyýetiň energetika, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, ulag hem-de innowasiýalar ýaly ýokary tehnologiýa pudaklaryna maýa goýmak türkmen-singapur hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bolup çykyş edýär. Halkara portlar ulgamynda Singapuryň uly mümkinçiliklerini we tejribesini nazarda tutanyňda, Türkmenistan iki ýurduň portlarynyň arasynda hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyndan ugur alýar.
    Häzirki wagtda netijeli hereket edýän halkara maliýe merkezi bolmak bilen, Singapur öz çäginde maliýe kapitalynyň ähmiýetli bölegini jemleýär. Ýurduň hökümeti maliýe bazarlarynyň daşary ýurt maýadarlary we gatnaşyjylary üçin elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen kapitallaryň hereketi ulgamynda işjeň döwlet syýasatyny alyp barýar. Mundan başga-da, şäher-döwleti iri offşor zolagy bolup, bu ýagdaý oňa daşary ýurt kapitalynyň ähmiýetli akymyny çekmäge mümkinçilik berýär. Singapurdaky daşary ýurt maýa goýumlarynyň üçden bir bölegi maliýe hem-de ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň paýyna düşýär, olaryň aglaba bölegi senagata, lomaý hem-de bölekleýin söwda gönükdirilendir. Senagatyň iň köp maýa goýulýan pudaklary kompýuterleriň, elektronika we optiki abzallaryň önümçiligi, derman we nebit önümleriniň önümçiligi hem-de himiýa senagaty bolup durýar.
    Durmuş-ykdysady ösüş derejesi boýunça Singapur sebitiň iň ösen ýurdy, dünýä sanawynda bäşinji orny eýeleýär. Lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamlarynyň ýokary ösüşi ýurda şeýle derejäni kepillendirýär, onuň depginli ösüşi gönüden-göni dünýä ýüzünden ýokary hünär derejeli hünärmenleri talabalaýyk çekmeginden ybaratdyr.
    Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-singapur gatnaşyklarynda möhüm orny eýeleýär. Türkmenistanyň we Singapuryň bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk bilen bir hatarda, bu ulgamlarda ýakyndan özara hereket etmek üçin uly mümkinçilikleri bar. Syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Singapuryň bu ugurda gazananlaryny hasaba alanyňda we Hazaryň gündogar kenarynda döredilen «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ägirt uly mümkinçiliklerini nazarda tutanyňda, hyzmatdaşlygyň bu ugry aýratyn ähmiýete eýedir.
    Umuman, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gün başlanýan Singapura ilkinji döwlet sapary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň tutuş taryhy boýunça türkmen-singapur hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde esasy waka bolar. Onuň jemleri boýunça döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul ediler, onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça geljekki ugurlar kesgitlenilýär. Açyk, köpugurly hyzmatdaşlyk mundan beýläk hem dürli ugurlar boýunça Türkmenistanyň we Singapuryň mümkinçilikleriniň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmegine itergi berer. Döwlet Baştutanymyzyň Singapura boljak ilkinji sapary syýasy gatnaşyklaryň binýadyny pugtalandyrmak bilen, ýakyn geljek üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlär.