Mekdep bazarlarynda

    Bosagada täze 2019 — 2020-nji okuw ýyly. Okuw ýylyny guramaçylykly garşylamak maksady bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän söwda nokatlarynda, 1-nji awgustda işe başlan mekdep bazarlarynda alyjylara hödürlenýän önümlere isleg barha artýar. 
    Mekdep bazarlarynda alyjylara ýurdumyzyň neşirýat, çaphana ulgamyna degişli düzümlerde öndürilen okuw esbaplarynyň dürli görnüşleri hödürlenýär. Olar özüniň ýokary hilliligi, elýeter bahasy, daşky bezegi bilen tapawutlanýar. 
    Ahal welaýatynyň çäklerinde hereket edýän mekdep bazarlary hem şu günler köp adamly. Biz muňa Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleriniň Änew alyjylar jemgyýetine degişli «Ak bugdaý» bazarynyň golaýynda döredilen mekdep bazarynda bolanymyzda-da anyk göz ýetirdik. 
    — 1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni golaýlap gelýär. Täze okuw ýyly mynasybetli häzirki wagtda hereket edýän mekdep bazarlary giň göwrümliligi bilen uly gyzyklanma eýe bolýar. Ol ýerde okuw üçin gerek bolan esbaplaryň, okuwçy lybaslarynyň dürli görnüşleri hödürlenýär. Mekdep bazaryndaky depderleriň, surat çekilýän albomlaryň, gündelikleriň we beýlekileriň ählisiniň diýen ýaly öz ýurdumyzda öndürilýändigini bellemek gerek. Olaryň bezeg işlerinde paýtagtymyzdaky gözel binalaryň, milli gymmatlyklarymyzyň, taryhy ýadygärliklerimiziň şekilleri ýerlikli ulanylypdyr.
    Ýurdumyzda täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görülýär. Okuwçylary gerekli okuw esbaplary bilen üpjün etmek mekdebe taýýarlyk işleriniň çäginde uly ähmiýete eýedir. Olaryň arasynda okuwçylar üçin rus, iňlis dillerine degişli ýörite sözlükler hem bar — diýip, mekdep bazarynyň satyjysy Tawus Ataýewa gürrüň berýär.
    — Welaýatymyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän mekdep bazarlarynda okuwçylar üçin okuw esbaplarynyň ähli görnüşleri bar. Täze okuw ýylynda birinji synpa gidýän gyzym Aýgözele, ikinji synpa gidýän oglum Begenje okuw esbaplary bilen birlikde, egin-eşikleri hem almaga geldim. Bu ýerde hödürlenilýän, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli tikinçilik kärhanalarynda öndürilen okuw lybaslary hil babatda daşary ýurtlardan getirilýän lybaslardan birjik-de kem däl.
    Däp bolşy ýaly, her ýyl mekdep gapysyna gadam basýan birinji synp okuwçylaryna ýurdumyzda öndürilýän täze kompýuterler sowgat berilýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýyl hem birinji synpa barýan körpelere täze kompýuterleri sowgat bermek baradaky Karara gol çekmegi bizi buýsandyrýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris — diýip, Ak bugdaý etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Dünýägözel Ballyýewa gürrüň berdi. 
    5-nji sentýabra çenli dowam etjek mekdep bazarynda synp otaglaryny bezemek üçin dürli dersler boýunça taýýarlanan diwarlyklar hem iň geçginli harytlardan. Olar sapakda mugallymyň öwreden mowzuklaryny okuwçylaryň gowy özleşdirmegine ýardam berýär.