Türkmen jigitleri Hytaýda

    Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2007-nji ýylda döredilen, dünýäniň 5 gezek çempiony «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleri bilelikde şu günler Hytaý Halk Respublikasynda döredijilik saparynda bolýarlar. Hormatly Prezidentimiziň türkmen ahalteke atlarynyň şöhratyny, türkmen sungatyny dünýä ýaýmak, wagyz etmek ýaly asylly sargytlarynyň nobatdaky beýany bolan medeni çäre dostlukly döwletiň Szilin welaýatynyň Çançun şäherinde geçirilýär. 
    Ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Hytaýyň «Shengshi Totem Horse Culture Co Ltdi» kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasy esasynda, 14-nji iýunda başlanan bu çykyşlar 20-nji sentýabra çenli dowam eder. 
    Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çeper ýolbaşçysy, Döwlet sirkiniň baş režissýory Pygy Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygynda bu döredijilik toparynda türkmen jigitleriniň hem-de sirk artistleriniň 30-sy çykyş edýär. Ahalteke atlarynyň 13-si bolsa özleriniň täsin oýunlary bilen hytaýly tomaşaçylary haýran galdyrmasyny dowam edýär. Munuň özi halkymyzyň buýsanjy hem şöhraty hasaplanýan behişdi bedewlerimiziň gözelligi, gylyk-häsiýeti, ýyndamlygy bilen öz meşhurlygyny bütin dünýäde barha artdyrýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu şanly bedewler, aýdylyşy ýaly, baran ýerlerinde mydama dostluk-doganlyk nyşany saýylýar, gülleýän, gül açýan Watanymyza at-abraý, ýeňiş getirýär.