Türkmenistan — Mongol-ralliniň merkezi düşelgesi

    Hereketlendirijisiniň güýji 1 litrden uly bolmadyk taryhy ulaglaryň birinde 10 müň kilometr ýoly geçmek baradaky teklibe nähili jogap bererdiňiz? Şu ýyl 700 adam (şolaryň 50-si zenanlar) bu teklibe: «Uly höwes bilen» diýip, jogap berdiler. Şeýlelikde, «Mongol-ralli — 2019-a» badalga berildi.
    Ralli — awtomobil sportunyň iň meşhur we iň gyzykly görnüşleriniň biri. Ol, tutuşlygyna, başdangeçirmelerden ybarat. Mundan bir ýyla golaý ozal türkmen topragynda geçirilen ilkinji halkara awtoralli ýaryşy hem hut şu aýratynlyga eýe bolupdy. Dünýä metbugatynda ralliniň meşhur ýyldyzlarynyň «Amul — Hazar 2018» baradaky ýakymly ýatlamalaryna heniz-henizler hem gabat gelmek bolýar.
    Dünýäde her ýyl geçirilýän, asyl-ha, adata öwrülip giden belli-belli ralli ýaryşlary bar. Şolaryň, megerem, iň gyzyklylarynyň biri hem «Mongol ralli» bolsa gerek. Bu ýaryşyň şerti 10 müň kilometr çemesi ýoly hereketlendirijisiniň güýji 1 litrden geçmeýän taryhy ulaglarda, özi hem hiç hili kömekçi toparlarsyz geçmekden ybarat.
    Her ýylyň tomsunda geçirilýän halkara ýaryş şu ýyl Londondan başlap, Russiýa Federasiýasynyň Ulan-Ude şäherinde tamamlanar. Başgaça aýtsak, Ýewraziýa rallisine öwrülen bu ýaryşa gatnaşmak üçin şu ýyl 700 adam isleg bildirdi. Ýaryşyň ýene bir gyzykly tarapy onda bellenen takyk ugruň ýokdugydyr. Ýaryşa gatnaşyjylar ahyrky nokada islän ýolundan baryp bilerler. 
    Ýakynda «Mongol-ralli — 2019-yň» iki topary Türkmenistana geldi. Olaryň ilkinjisine Beýik Britaniýanyň raýatlarynyň dördüsi wekilçilik edýär. Dostlar Jami, Jeýms, Jek we Piter Türkmenistana Eýranyň üsti bilen geldi. Täsin nusgawy ulaglar paýtagtymyzyň köçeleri bilen indiki nokatlara sary ýola düşdüler.
    Aşgabadyň iňlis myhmanlarynyň dördüsi hem gurluşykçy. Şonuň üçin hem ak şäheriň binagärlik aýratynlygy olaryň nazaryna bada-bat ildi. Londondan bellenen nokada 70 günde baryp ýetmegi meýilleşdirýän myhmanlar «Garagum ýalkymyna», «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna hem baryp gördüler.
    Türkmenistana Azerbaýjanyň üsti bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly gelen ikinji bir topara zenanlar wekilçilik edýär. 46 gün mundan ozal Ysraýyldan badalga alan zenanlar bellenen nokada çenli 19 döwletiň içinden geçer.
    Topara Raçel Awruh, Adina Korn we Alisiýa Şnaýder wekilçilik edýär. Zenan sürüjiler ýaryş tamamlanansoň, Hytaýa gezelenç etmekçi.
    «Mongol-ralliniň» sürüjileri Türkmenistandan soňra Özbegistana, Gyrgyzystana we Gazagystana hem baryp görüp, ol ýerden hem Russiýa Federasiýasyna geçmekçi. Toparlaryň ikisiniň wekilleri hem Türkmenistanyň özlerinde iňňän ýakymly täsir galdyrandygyny aýdýarlar.