Döwrebap kärhana işe başlady

    Düýn Gökdepe etrabynyň çäginde keramiki kerpiç öndürýän kärhana açylyp, ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Tirkeş» hususy kärhanasynyň açylyş dabarasy köp adamly boldy. Şatlykly waka şaýat bolmaga ýygnananlaryň arasynda hususy pudagyň wekillerinden başga-da, edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli ýaşaýjylar, il sylagly ýaşulular hem-de mährem eneler bar.
    Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda keramiki kerpiji öndürýän häzirki zaman kärhanasynyň açylmagy hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetiň hususy ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermegi netijesinde telekeçilik işiniň ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň has netijeli ugurlarynyň birine öwrülendigini alamatlandyrdy. Täze desganyň açylyş dabarasy özboluşly toý ruhuna eýe boldy.
    Dabara meýdançasyndaky esasy sahnada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Belent ruhy joşguna beslenen çykyşlarynda Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ösüş-özgermelere beslenen ata Watanymyz, erkana durmuşymyz, zähmet galkynyşy ussatlarça wasp edildi. Köp öwüşginli sergiler ýaýbaňlandy.
    Täze desganyň toý bagynyň kesilmegi bilen, ol ýerdäki şatlyk-şowhun has-da belende göterildi. Soňra myhmanlar täze kärhana aýlanyp, onuň giň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.
    Bäş gektar meýdanda bina edilen täze desganyň kuwwaty ýylda 1 million keramiki kerpiji öndürmäge barabardyr. Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen iň kämil enjamlaryň ornaşdyrylmagy kärhanada öndüriljek önümiň hiliniň ýokary bolmagyna şert döreder. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň ýurdumyzda öndürilişini artdyrmak, önümçiligiň eksport ugurlylygyny üpjün etmek boýunça öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmegine saldamly goşant goşjak bu kärhanadaky awtomatlaşdyrylan enjamlar çig malyň ýokary derejede işlenilmegine ýardam eder. Kerpiç önümçiliginde gerek bolan topragyň, çägäniň we suwuň gaýtadan işlenilmegi netijesinde ol ýerde uzynlygy 25 santimetr, ini 12 santimetr, beýikligi 0,6 santimetr bolan keramiki kerpiç öndüriler. Kärhananyň önümleri buýurmalar esasynda sarp edijilere ugradylar.