Türkmenistan — Singapur: gatnaşyklaryň täze sahypasy

    16-njy awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde awgust aýynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Singapur Respublikasyna boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Milli Liderimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna täze sahypany ýazjak, dürli ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjek Singapur Respublikasyna boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.
    Singapur bilen Türkmenistanyň arasynda netijeli hem-de dostlukly gatnaşyklar dowam edýär. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýärler. Dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin bar bolan kuwwatyň peýdalanylmagynyň zerurdygy nygtalýar.
    Singapur Respublikasy Günorta-Gündogar Aziýada adalarda ýerleşýän şäher-döwletdir. Ol Malakka ýarymadasynyň günorta çetinden insiz Johor bogazy arkaly bölünýär hem-de Malaýziýanyň düzümine girýän Johor soltanlygy, Indoneziýanyň düzümindäki Riau adasy bilen serhetleşýär.
    Singapuryň meýdany 724,2 inedördül kilometre barabar (2018-nji ýyl). Häzirki wagtda Singapur döwleti 63 adadan ybarat bolup, olaryň iň irisi hem-de esasylarynyň biri Singapur adasydyr. Ýurduň ilaty 5 million 781 müňden gowrakdyr (2019-njy ýyl). Singapur dünýäniň 186 ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar.
    Bu ýurt dünýäniň bilim ulgamynda ösen ýurtlaryň sanawynda üçünji orny eýeleýär. 2017-nji ýylda ýurduň hökümeti Döwlet býujetinden bilim ulgamy üçin 12,7 milliard singapur dollaryny goýberdi. Şundan ugur alnanda,Türkmenistan bilen Singapuryň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň giň mümkinçilikleri bardyr. 
    Singapurda adam başyna düşýän jemi milli önümiň möçberi dünýäde iň ýokary görkezijileriň birine deňdir. Bütindünýä ykdysady forumyň bäsdeşlige ukyplylyk sanawynda Singapuryň ykdysadyýeti 2018-nji ýylda 2-nji orny eýeledi. Ýurduň eksport harytlarynyň arasynda elektron we elektrotehniki senagatynyň önümleri, sarp edijilik harytlary, tebigy kauçugyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde alnan önümler, nebit önümleri bar. 
    Türkmenistan bilen Singapur halkara forumlarda ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Ýeri gelende bellesek, bu döwletiň wekilleri, şol sanda «Olam International» kompaniýasy ýakynda Awazada geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyna hem gatnaşdy. Bu döwletiň wekilleri ýurdumyzda her ýylda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahata we sergä, birža söwdalaryna hem işjeň gatnaşýarlar.
    Singapur Norwegiýa, Şwesiýa, Şweýsariýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Beýik Britaniýa, Daniýa, Finlýandiýa we Günorta Koreýa ýaly döwletler bilen birlikde, sanly tehnologiýalar, sanly dolandyryş ulgamy babatda öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna girýär. 
    Singapur şäheri döwrebap binagärlik aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Bu ýerde iri sport, medeni we dynç alyş desgalary amatly ýerleşdirilipdir. Ýurdumyzyň wekiliýeti 2016-njy ýylda milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça erkin ykdysady zolaklarda gurluşyk we binagärlik ugurlary boýunça tejribe alyşmak üçin Singapur şäherinde iş saparynda boldular. 
    Sport iki döwletiň hyzmatdaşlyk edýän ugurlarynyň biridir. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna singapurly türgenler işjeň gatnaşdylar. 2010-njy ýylda Singapurda geçirilen Tomusky ýetginjekler Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysy üstünlikli çykyş etdi. Ýurdumyzyň milli ýygyndy topary Aziýanyň Kubogy ugrundaky saýlama oýunlarda Singapuryň topary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. 
    Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Singapur Respublikasyna boljak döwlet sapary iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň köp ugurlar boýunça has-da pugtalandyrylmagyna hem-de çuňlaşdyrylmagyna ýardam eder.