Zehinli ýaşlara ak ýol

    Ak mekdebi tamamlanyňdan soň, ilkinji arzuwlaryň biri okuwyňy dowam etdirmek — talyp bolmakdyr. Ýaşlaryň bilim hazynasyna eýe bolmak arzuwy ajaýyp zamanamyzda amala aşýar. «Bir kesbi bolan hor bolmaz» diýlişi ýaly, saýlap alan hünäriňden bilimli, ylymly bolmak ömrüňi bezeýär, at-abraýyňy belende göterýär. Ine, şeýle düşünjelerden ugur alýan ýaşlarymyz 
    2019 — 2020-nji okuw ýylynda talyp bolmagy köňülde besläp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde synaglary doly tabşyrdylar. Bu jogapkärli möwsümde iň zehinli, bilimli ýaşlar giriş synaglaryndan üstünlikli geçmegi başardylar. Olaryň arasynda ýurdumyzyň orta mekdeplerini tapawutlanyp tamamlan uçurymlardyr halkara olimpiadalaryň we döwlet derejesinde geçirilen ders bäsleşikleriň hem-de sportuň dürli ugurlary boýunça geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileriniň bardygyny aýtmak has-da ýakymly.
    Şu ýyl 12 müň 242 ýaşlar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edildi. Munuň özi geçen ýylka garanyňda, 3 müň 392 talyp köpdür. Şol sanda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine tölegli esasda ýaşlaryň 8 müň 54-si kabul edildi. Şonuň ýaly-da, bilim ojaklarynda täze ugurlaryň 33-siniň açylandygyny aýtmak gerek. 
    Halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň hünärli işgärlere bolan islegleri nazara alnyp, orta hünär okuw mekdeplerinde-de hünärleriň sany artdyryldy. Şeýle hem okuwçylary kabul etmegiň möçberi-de köpeldildi. Şunlukda, şu ýyl Türkmenistanyň orta hünärment okuw mekdepleriniň 42-sine, ministrlikleriň, kärhanalaryň sargytlaryna laýyklykda, 9 müň 63 okuwçynyň kabul edilýändigi has-da guwandyrýar. 
    Şu ýyl Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyna ilkinji gezek talyplar kabul edildi. Täze döredilen institutda 7 ugur, 19 hünär boýunça hünärmenler taýýarlanylar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine täze girizilen hünärleriň hatarynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde amaly matematika we informatika, öýjük we molekulýar biologiýa, genetika we bioinžiniring, himiki inžiniring, sanly ykdysadyýet, sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk, mobil we tor inžiniringi, animasiýa we grafika dizaýny, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda türkmen dili we edebiýaty, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda psihiologiýa ylymlary, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda sanly ykdysadyýet, Türkmen döwlet maliýe institutynda ykdysady informatika, maliýe menejmenti ýaly täze ugurlar boýunça talyplar bilim alarlar.
    2019 — 2020-nji okuw ýylynda türkmenistanly ýaşlaryň ýüzlerçesi Malaýziýanyň, Rumyniýanyň, Horwatiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Russiýanyň, Belarusyň, Ukrainanyň we beýleki döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary boldular.
    Ýene-de sanlyja günden «talyp» diýen buýsançly ada mynasyp bolan ýaşlar ýokary okuw mekdepleriniň bosagasyndan guwançly ätläp, täze güýç bilen bilimler dünýäsine gadam basarlar.