Parahatçylyk deňzi

    Anastasiýa PAWLOWA, GDA-nyň Ykdysady ösüş işewürlik merkeziniň syýahatçylyk komitetiniň ýolbaşçysy.
    Ilki bilen, Awazada geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň guramaçylaryny, oňa gatnaşyjylary gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Möhüm halkara çäre ýokary guramaçylykly taýýarlanyp, mynasyp derejede geçirildi. Türkmenistan ýene bir gezek dünýäni haýran galdyrdy. Özem diňe bir myhmansöýerligi bilen däl, eýsem, ajaýyp işi ýokary derejede gurandygy bilen hem haýran galdyrdy.
    Türkmenistanda: «Myhman ataňdan uly» diýilýär. Bu nakylda türkmenleriň myhmana bolan gatnaşygy, sarpasy açylýar. Güneşli ýurda ilkinji gezek gelşim däl. Türkmen doganlarymyzyň myhmanlaryna nähili uly sylag-hormat bilen garaýandygyny her gelenimde görýärin. Myhmansöýerlik — türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda üýtgemän gelýän däpleriniň biri. Ol birinji Hazar ykdysady forumynda hem aýdyň ýüze çykdy. Ähli türkmen dostlarymyza we kärdeşlerimize mähirli garşylandygy, sylag-sarpasy üçin sagbolsun aýdýaryn.
    Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumynda eden çykyşynda: «Biz Hazaryň parahatçylyk, dostluk we ylalaşyklylyk deňzi bolmalydygyny öwran-öwran aýdýarys. Wagtyň geçmegi bilen bu sözleriň manysynyň üýtgemeýändigi şübhesizdir. Olar hemişe-de derwaýys bolmagynda galar» diýip belledi. Bu sözler Hazarýaka döwletleriň we beýleki ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygynyň şygary bolar.
    Hazar — parahatçylyk deňzi. Bu jümlede ykdysadyýetiň senagatdan başlap, syýahatçylyga çenli ähli ugurlarynda halkara integrasiýanyň we hyzmatdaşlygyň çuňňur manysy jemlenendir.
    Syýahatçylyk integrasiýasy — işimiň esasy ugry. GDA ýurtlarynyň ykdysady ösüş işewürlik merkeziniň syýahatçylyk komiteti 2018-nji ýylda döredildi. Onuň esasy wezipesi halkara syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin netijeli aragatnaşyk gurallaryny işläp düzmekden ybarat.
    2019-njy ýylda komitet «GDA+DÜNÝÄ» atly halkara syýahatçylyk maksatnamasyny öňe sürdi. Onuň esasy maksady GDA ýurtlarynyň halkara giňişlikdäki syýahatçylyk mümkinçiliklerini herekete getirmekdir.
    Şu ýyl Türkmenistan GDA-da baştutanlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, onuň syýahatçylyk ulgamyndaky ösüşleri barada bellemek örän ýakymly. Ýurduň ykdysadyýetiniň depginli ösüşi «Türkmen ykdysady gudraty» düşünjesini döretdi. Onuň üstüni «Türkmen syýahatçylyk gudraty» düşünjesi bilen ýetirmek isleýärin. Türkmenistan syýahatçylyk baýlyklaryna örän ünsli çemeleşýär. Hazaryň şypaly kenarynda häzirki zaman amatlyklarynyň — milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi innowasion syýahatçylyk toplumyny kemala getirýär. Elbetde, kämilligiň çägi ýok. Men türkmen kärdeşlerim bilen tejribelerimizi paýlaşyp, özara bähbitli gatnaşyklarymyzy has-da ösdürjekdigimize ynanýaryn.
    Umuman, Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynda oňyn özgerişlikler amala aşyrylýar. Olar ýurduň syýahatçylyk abraýyny ýurduň içindäki we daşyndaky syýahatçylyk bazarlarynda has-da artdyrýar. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti forumda eden çykyşynda Hazar deňziniň onuň kenaryndaky döwletleriň bitewi ykdysady giňişlige goşulyşmagynda aýratyn ähmiýetlidigini belledi. Bu babatda syýahatçylyk gatnaşyklary hem möhüm orun eýeleýär.
    Häzirki wagtda Hazaryň ekologiýa deňagramlylygyny, tebigy baýlyklaryny, şypalylygyny aýawly saklamak wezipesi möhümdir. Bu mesele birinji Hazar ykdysady forumyndaky çykyşlaryň hem esasyny düzdi. Şunuň bilen baglylykda Hazar deňzi institutynyň döredilmegi aýratyn guwandyrýar. Hazar akwatoriýasyny goramak işinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
    Birinji Hazar ykdysady forumynyň Gurban baýramy bilen gabat gelmeginiň aýratyn manysy bar. Bu goşa şatlyk bilen, parahatçylygyň deňzine, dost-doganlyga, durnukly ösüşe bagyşlanan forumyň ýokary netijeleri bilen Türkmenistanyň hormatly Prezidentini, ähli halkyny ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
    Güneşli hem-de dostlukly Türkmenistana ähli başlangyçlarynda rowaçlyklary arzuw edýärin.