HAZAR HAKYKATY

    Hormatly Prezidentimiziň birinji Hazar ykdysady forumynda eden taryhy çykyşy geljek üçin çelgileri aýdyňlaşdyrdy
    Ýol ilkinji ädimden başlanýar. Aýdylyşy ýaly, ulagyň öň tigri nireden geçse, yzkylary-da şol ýerden geçýär. Ilkinji ilik dogry ildirilse, beýlekileri-de dogry gidýär. Binanyň gurluşy ilkinji kerpiçleriň jaýba-jaý goýluşyna bagly bolýar...
    Türkmenistan Hazar sebitiniň ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmagyň täze tapgyrynyň ilkinji möhüm ädimini ätdi: milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 11 — 12-nji awgustda türkmen kenarýakasynda birinji Hazar ykdysady forumy üstünlikli geçirildi. Hawa, forum tamamlandy, ýöne bu tamamlanma gatnaşyklaryň ençeme ugrunda gatnaşyklaryň täze döwrüniň, täze menzilleriň başlanmagydyr.
    Birinji bolmak — ýol başlamak, ýol arçamak, ýol goýmak. Dünýä türkmen Lideriniň ýolbaşçylyk — ýol başlaýjylyk paýhasyna ýene bir gezek şaýat boldy.
    Forum 60 çemesi ýurtdan (BMG-ä agza ýurtlaryň tas üçden bir bölegi) syýasatçylaryň, diplomatlaryň, işewürleriň, ekologlaryň, alymlaryň, žurnalistleriň iki müňe golaýyny türkmen topragynda jemledi.
    Hazar forumynyň diňe bir jemlenişmek, geljek üçin çelgileri maslahatlaşmak däldigini, eýsem, anyk-aýgytly işlerdigini eýýäm onuň ilkinji pursatlary oraşan aňdyrdy.
    Hazar forumy! Munuň özi Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi hem-de «Türkmen sährasy — 2019» halkara awtosergisi ýaly döwletli tutumlardyr. Myhmanlar bilen gürrüňdeş bolanymyzda, bu sergileri täzeçilligi, tehnologik enjamlaşdyrylyşy babatda bütindünýä EKSPO sergileri bilen deňeşdirýändikleriniň şaýady bolduk.
    Hazar forumy bir söwda gününiň rekordyny täzelän, giň gerimli açyk birža söwdasynyň guralyp, umumy bahasy ABŞ-nyň 
    380 million 179 müň dollaryna we 96 müň 600 türkmen manadyna deň bolan, içerki bazarda 43 million türkmen manadyna deň bolan 
    256 geleşigiň baglaşylmagydyr, milli önümleriň eksportunyň çarhyna bat berilmegidir.
    Bir ýany ABŞ, bir ýany Ispaniýa, ýene bir ýany Ýaponiýa... 
    30-dan gowrak ýurtdan 300 çemesi myhmanyň gatnaşmagynda işewürler duşuşygynyň guralmagydyr. Häzirki döwürde ABŞ-nyň 4 milliard dollaryna deň bolan iri taslamalaryň 134-siniň amala aşyrylmagyna gatnaşýan türkmen hususyýetçileriniň işinde ýeneki täze gözýetimleriň açylmagydyr.
    Bilelikdäki anyk-aýdyň işleri nazarlaýan halkara resminamalaryň 60-a golaýyna gol çekilmegidir.
    Ýeneki tutumlaryň, döwletli işleriň bähbidine döwlet düzümleriniň wekilleriniň, hususyýetçileriň arasynda 100-den gowrak duşuşygyň guralmagydyr.
    Meýilleşdirilen çärelerden daşary hem köp sanly myhmanlaryň öz aralarynda pikir alyşmagy, anyk ylalaşyklara gelmegi üçin netijeli meýdançanyň döredilmegidir.
    Bu iri çäräni beýan etmek üçin diňe Hazarýaka ýurtlaryň däl, eýsem, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Saud Arabystanynyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň, Gruziýanyň... iri habarlar agentliklerinden, «Euronews» halkara teleýaýlymyndan žurnalistleriň 100-den gowragynyň gelendigini göz öňünde tutsak, birinji Hazar ykdysady forumy türkmen myhmansöýerliginiň, türkmen döwletiniň ýeten belent derejeleriniň dünýä giňişligine has giňden ýaýylmagydyr. Häzire çenli şanyna iň köp kitap bagyşlanan deňiz Hazar deňzi hasaplanýar. Megerem, şanyna iň köp ýagşy söz, ýagşy habar bagyşlanan forum hem Hazar forumy bolar.
    Hazarýaka ýurtlaryň sungat ussatlarynyň 80-e golaýyny türkmen kenarynda duşuran jemleýji konserti bilen bu forum sungatyň, dostlugyň hem özboluşly baýramyna öwrüldi.
    BMG, GDA, ŞHG, ÝUNESKO, Energetika Hartiýasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň hem ençemesinden ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen Hazar forumy ahyrky netijede hormatly Prezidentimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň ýene bir gezek çynlakaý tassyk tapmasydyr.
    Forumyň yzygiderli häsiýete eýe boljakdygy, ony eýýäm geljek ýylda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirmegiň bellenilendigi türkmen Lideriniň başyny başlan ýolunyň geljege uzaýandygyny görkezýär.
    Hawa, «Aý dogsa, älem görýär».
                                                            ***
    Milli Liderimiziň 2014-nji ýylda Hazarýaka ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Astrahan sammitinde öňe süren degişli teklibiniň geçen ýyl Aktau sammitinde resmi taýdan goldanylmagy bilen, birinji Hazar ykdysady forumyna örän ykjam taýýarlyk görüldi. Ýöne forumyň ýokary derejesi diňe bir ýylky taýýarlygyň netijesimikä?!
    Eger-de soňky on ýylyň içinde Hazaryň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýaly kaşaň myhmanhanalaryň, deňli-derejeli desgalaryň onlarçasyny öz içine alýan giden bir şäher döredilmedik bolsa, şeýle iri forumy geçirmek barada gürrüň edip bolmazdy.
    Eger-de türkmen kenarýakasy senagat babatda-da, syýahatçylyk babatda-da, ulag düzümleri babatda-da innowasion taýdan «dokuzyny düzlemedik» bolsa, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýaly nusgalyk toplum gurulmadyk bolsa, bu ýerde Hazaryň innowasion tehnologiýalarynyň sergisini şeýle ýokary derejede kabul etmek mümkin bolmazdy.
    Diýmek, bu forumyň ýokary derejesini milli Liderimiziň iňňän köpugurly hem-de köpýyllyk tagallalary bilen baglanyşdyrmak dogrudyr.
    «Myhman az oturar, köp synlar» diýleni. Owganystanda iş alyp barýan «Enterprise Sales and relations» kompaniýasynyň wekili Jeýms Brown bilen gürrüňdeş bolanymyzda, şeýle diýdi: «Awazada surata düşüp, ony internetdäki şahsy sahypamda ýerleşdirdim. Dost-ýarlarymyň kimsi «Sen häzir Dubaýdamyň?» diýip sorasa, ýene biri: «Kuweýtdemiň?» diýip soraýar. Men olara Awazadadygymy aýtdym. Hawa, biz häzir Awazada. Muny bolsa haýsydyr bir ýer bilen deňeşdirmek bolmaýar».
    Madridden gelen işewür Oskar Barrozo bolsa özüniň wekilçilik edýän «Ibertest» kompaniýasynyň «Türkmendemirýollary» agentligi bilen gol çekişen şertnamasynyň ähmiýeti baradaky gürrüňini Awazanyň jadyly täsirlerine syrykdyrdy: «Bu gezek iş bilen geldik. Indiki gezek Awaza maşgala bolup dynç alşa gelmegi niýet edinýärin».
                                                            ***
    Halkara jemgyýetçilikde şeýle jümle ýörgünli: «Geografiýa bizi goňşy etdi, taryh — dostlara, ykdysadyýet — hyzmatdaşlara, zerurlyk bolsa pikirdeşlere öwürdi». Hazarýaka ýurtlary bolsa köküni asyrlara dirän doganlyk gatnaşyklary birleşdirýär. Hut şu ýagdaýyň anyk çözgüt soraýan meselelerde umumy dil tapyşmakda oňyn ornunyň bardygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Hormatly Prezidentimiz birinji Hazar ykdysady forumynda eden taryhy çykyşynda bu barada aýratyn nygtamak bilen, forumyň düýp maksadyny, ähmiýetini beýan etdi.
    Şeýle forumyň zerurlygy bolsa Hazar deňziniň energiýa deňzidigi, Pars aýlagy bilen bilelikde bir guşaklygy emele getirip, onda dünýä nebitiniň 70 göteriminiň, tebigy gazyň gorlarynyň 
    40 göteriminiň jemlenendigi bilen baglydyr. Bu sebitiň geçmişden şu güne Aziýany we Ýewropany birleşdirýän möhüm köprüdigi, halkara bazarlara möhüm çykalgadygy bilen baglydyr. Hazar deňziniň dünýäniň täsin ekoulgam hökmünde goralyp saklanmagynyň zerurdygy bilen baglydyr. Hazar diňe bir deňiz däl, ol kenarlarynda mesgen tutan 
    250 million çemesi ilatyň ykbalydyr. Şonuň bilen bir hatarda, bu ýerde beýleki ýurtlaryň, halklaryň hem bähbitleri jemlenendir. Şoňa görä-de, Hazar deňzi babatdaky tagallaryň utgaşdyrylmagynda ygtybarly çeýe gural boljak Hazar ykdysady forumynyň netijelerine uly ynam bildirilýär.
    Dogry, Hazarda baýlyk kän. Hazarda hazyna kän. Ýöne ahyrky netijede onuň iň uly, iň gymmatly baýlygy kenarlaryndaky halklaryň abadançylygy, ýürekdeş gatnaşyklary bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Hazar strategiýasynyň şu uly hakykatdan ugur alýandygyna ünsi çekmek bilen, şeýle diýdi: «Men esasy zady belläp geçmek isleýärin. Şonsuz hiç bir taslama-da, iň gowy we oňyn başlangyç-da amala aşyrylyp bilinmez. Munuň özi kenarýaka ýurtlaryň we olarda ýaşaýan halklaryň arasyndaky parahatçylyk, howpsuzlyk, dostluk we özara düşünişmegi bilen baglanyşykly meseledir». «Arkalaşyp, dag aşyp boljakdygyna» birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklygyň Beýannamasy bilen tanşanyňda göz ýetirýärsiň.
                                                            ***
    Dünýä çözgüt soraýan meselelerden, anyk jogap isleýän soraglardan doly. Şeýle ýagdaýlarda hem döwür türkmen Lideriniň möhüm başlangyçlaryny öňe çykarýar we olar halkara derejede gyzgyn goldaw tapýar. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Hazarýaka hyzmatdaşlykda geçilen ýola syn bermek bilen, döwletli başlangyçlaryň ýene-de ençemesini öňe sürdi.
    Ylaýta-da, gürrüň ulag ulgamynda amala aşyrylmaly işler we anyk möhletler takyk beýan edilen meýilnamalaryň üstünde has işjeň işlemek, şunuň bilen baglylykda, Hazar sebit logistika merkezini döretmek barada barýar. Şol merkez Aziýany we Ýewropany birleşdirýän täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmekde, netijeli peýdalanmakda bilelikdäki işi utgaşdyrýan düzüme öwrüler.
    Gürrüň «Hazaryň innowasion şäherini» — halkara innowasion-tehnologiýalar merkezini döretmek, pikirleriň özboluşly laboratoriýasyna öwrüljek bu ýerde Hazarýaka ýurtlardan we beýleki döwletlerden alymlaryň, hünärmenleriň, düýpli we amaly ylymlaryň wekilleriniň bilelikde işläp, energetika, senagat, logistika, düzümleýin, ekologiýa ugurlary boýunça öňdebaryjy çözgütleri taýýarlap bilmeklerine oňyn meýdançany emele getirmek barada barýar.
    Gürrüň Hazar deňziniň baý tebigy serişdelerini aýawly saklamaga hem-de rejeli ulanmaga gönükdirilen tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýasy maksatnamasyny döretmek, «ýaşyl diplomatiýanyň» netijeli usullaryny ýola goýmak, bu işe döwletleri, halkara agentlikleri, ekologiýa merkezlerini we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini çekmek barada barýar.
    Aslynda, bu teklipleriň hersi özbaşyna uly söhbet. Aýratyn nygtamaly zat, ol başlangyçlaryň diňe bir Hazarýaka ýurtlaryň wekilleri däl, eýsem, foruma gatnaşan ähli myhmanlar, şol sanda halkara guramalaryň wekilleri tarapyndan hem gyzgyn goldaw tapandygydyr.
                                                            ***
    Haýran galaýmaly, ähli derýalar gelip-gelip, ahyrky menzilde deňizlere guýulsa-da, deňizler çogup-daşyp gidibermeýär. Edil deňizler ýaly, olaryň kenarlary hem ýollary, menzilleri özüne sygdyryp, utgaşdyryp bilmek häsiýetine eýe oguşýa. Munuň özi forum günlerinde gözel Awazanyň Ýer ýüzüniň dürli yklymlaryndan gelen myhmanlaryň müňlerçeleriň bähbitlerini, maksat-meýillerini utgaşdyryp-sazlaşdyryp bilşinde aýdyň göründi.
    Dürli ýyllarda gojaman Hazaryň dürli kenarlaryna, dürli-mesgen-mekanlaryna duz nesibämiz çekipdi. Haýsy kenary bolsa bolsun, onda özüňi dogduk öýüňde ýaly duýýanyň, deňziň çal tolkunlaryndan ýüregiňe, ene hüwdüsi deý, nähilidir bir şirinden täsin owazyň baryp ýetýäni çyn. Haçan-da 12-nji awgust agşamynda gözel Awazada ha türkmen aýdymlary, ha azeri mugamlary, ha gazak nagmalary, ha rus äheňleri, ha eýran mukamlary... ýaňlanýarka, ýene-de şol owaz kalba doldy. Ol owaz heňňamlara heň beren Hazaryň kalplary, halklary birleşdirip gelen doganlyk owazydy! Barmak bäş bolsa-da, bileginiň birdigini, çeşmeler müňlerçe bolsa-da, bulagynyň birdigini, bu illeriň maksat-matlabynyň, arzuw-dileginiň birdigini beýan edýän bitewülik owazydy! Goý, hemişe şeýle bolsun: kenarlaryňda diňe dost-doganlyk owazlary ýaňlansyn, bahry-Hazarym! Üstüňden öwüsýän parahatçylyk şemaly bir-birege diňe hoş habarlary ýetirip dursun!
                                                                        Kakamyrat REJEBOW.