TÄZE REKORD — EKOLOGIÝA ULY HORMAT

    Hazaryň türkmen kenaryndaky täsinlikler, gözellikler million-million göwünleriň ykraryny gazandy. Golaýda bolsa olaryň ýene birini Ginnesiň rekordlar kitaby hem ykrar etdi. Türkmenistana hemişe hoş habar bilen gelýän, Türkmenistandaky ençeme rekordlaryň gözli şaýady — Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili Şeýda Subaşi-Gemiji bu gezek ýene bir rekordyň güwänamasyny gowşurmak üçin birinji Hazar ykdysady forumynyň myhmany boldy. Has takygy, myhman «Dünýäde iň uly ekosapak» hökmünde ykrar edilen rekorda ýörite güwänama gowşurdy. Ýörite habarçymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili bilen söhbetdeşligini siziň dykgatyňyza ýetirýäris. 
    — Hanym Subaşi, Sizi ýene bir gezek Türkmenistanda hoş gördük! Indi biziň ýurdumyzda Sizi hoş habarlaryň, has takygy, rekordlaryň çapary hökmünde tanaýarlar.
    — Köp sag boluň! Muňa meniň özüm hem juda hoşal. Soňky dört-bäş ýylyň içinde birnäçe, diňe şu ýylyň özünde eýýäm ikinji ýola Türkmenistana täze rekordyň buşlugy bilen gelmek mende iň ýakymly duýgulary döredýär. Onsoň bu gün uly guwanç bilen «Türkmenistan diňe bir okgunly ösüşleriň däl, eýsem, rekordlaryň hem mekany» diýmek isleýärin.
    — Şu goýlan rekordlaryň ikisi hem köpçülik, agzybirlik bilen bagly...
    — Ine, men hem şuny aýtmak isledim. Her gezek iküç müň adamyň ýygnanmagynda goýulýan rekordlar nusga alarlyk agzybirlikden hem-de halkyň hormatly Prezidente hoşallygyndan nyşan.
    — Täze goýlan rekord barada has anyk maglumatlary Siziň öz diliňizden eşitmek has ýakymly.
    — Rekord derejesindäki ekosapak 8-nji awgustda geçirildi. Türkmenistanly alymlaryň geçiren bu sapagynyň başynda dünýä rekordynyň ähli talaplaryny düşündirdik. Gatnaşyjylaryň anyk sanyny kesgitlemek üçin, olaryň gollaryna ýüpden bileklik daňdyk. Şol bileklikleriň kömegi bilen hem dünýäde iň uly ekosapagyň rekord derejesi alyndy.
    — Diýmek, ekosapak Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan bildirilýän talaplara laýyk geçipdir-dä?
    — Bu ýerdäki her bir çäre ýaly, ekosapak hem örän guramaçylykly geçdi. Hatda bu çärä biziň şaýat bolan köpçülikleýin rekord çärelerimiziň içinde iň guramaçylykly geçeni diýip bileris. Sapakdan soň, oňa gatnaşyjylaryň öwrenenlerini ýörite barlagnama bilen synag etdik we örän ýokary netije aldyk.
    — Şeýlelikde, Türkmenistandaky täze rekordy goýmaga näçe adam gatnaşdy?
    — 3 müňe ýakyn, has takygy, 2935 adam gatnaşdy. Olar taryhy rekorda dahylly bolandygy üçin hemişe buýsanyp bilerler.
    — Bu ilkinji rekordmy ýa Ýer ýüzünde ozal hem şeýle uly möçberdäki ekosapaklar geçirilipdimi?
    — Şeýle çäreler munuň ýaly köpçülikleýin däldi. Şonuň üçin hem kompaniýamyz tarapyndan bu çäre şu ugruň ilkinji rekordy hökmünde bellige alyndy. Belki, geljekde rekordlar täzelenip bilner, ýöne Türkmenistan hemişe ilkinji rekord goýan döwlet hökmünde ýatlanar.
    — Hem myhman, hem Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili hökmünde täze rekordyň birinji Hazar ykdysady forumy bilen baglanyşygy baradaky pikiriňizi hem bilmek isleýäris.
    — Täze rekord üçin şu ugruň saýlanyp alynmagynyň özi Türkmenistanyň ekoabadançylyga ýokary derejede ähmiýet berýändigini görkezýär diýip bileris. Ekosapagyň geçirilen ýeriniň — Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgüniň golaýynda dünýäde iň uly emeli adalaryň biri bar. Täze rekord bolsa şol bir kenarda bassyr ikinji ýyl ekologiýa abadançylygy babatynda köpçülikleýin edilen has giň işdir. Täze rekord bilen türkmen halky, hususan-da, ýaşlar ekologiýa barada has giň düşünje almaga hemişe açykdygyny, ony gözüň göreji ýaly goramaga mydama taýýardygyny görkezdi.
    — Hanym Subaşi, köp sag boluň! Size Türkmenistanda ýene-de garaşýarys.
    — Sizem sag boluň! Türkmenistana diňe hoş habarlar bilen gelmäge döredilen ähli mümkinçilik üçin hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. 
                                                            Söhbetdeş bolan
                                                            Agageldi ITALMAZOW.