«Hazar Kubogy» — Türkmenistanda!

    Ozal habar berlişi ýaly, Hazar deňziniň demirgazyk kenarynda — Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde şu ýylyň 7 — 11-nji awgusty aralygynda 2007-nji ýylda doglan türgenleriň arasynda «Hazar kubogy» halkara ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşa Hazarýaka döwletleriň ýetginjeklerinden düzülen toparlaryň 6-sy gatnaşdy. Ýurdumyzdan wekilçilik eden ýetginjek futbolçylaryň 15-si bu ýaryşda ýokary netijäni görkezip, birinji orny eýeläp, kuboga mynasyp boldular. Bu barada toparyň tälimçisi Eziz Annamuhammedow şeýle gürrüň berdi:
    — Astrahan şäherindäki «Волгарь» sport toplumynda geçirilen halkara ýaryşyň dowamynda ýetginjeklerimiz Azerbaýjanyň «Neftçi», Astahan şäheriniň «Волгарь», «Astrahan», Gazagystanyň «Kurmangazy», Galmygystanyň «Lotos» toparlary, şeýle-de Gazagystanyň ýetginjek ýygyndysy bilen geçirilen duşuşyklaryň dördüsinde ýeňiş gazanyp, iki duşuşygy deňlik hasabynda tamamlamagy başardylar. 
    Paýtagtymyzdaky 12-nji orta mekdebiň okuwçysy, derwezeban Hemraly Allagurbanow, hüjümçiler, ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň okuwçysy Salyh Kakabaýew, 75-nji orta mekdebiň okuwçysy Geldimyrat Çolukow, 16-njy orta mekdebiň okuwçysy Jemşit Mädeminow, 43-nji orta mekdebiň okuwçysy Begenç Wepalyýew ýaly başarjaň türgenlerimiziň arzyly kubaga ýetmekde mynasyp paýynyň bardygyny bellemek gerek.
    Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport ulgamynyň ösdürilmegine, ýaş türgenlerimize başarnyklaryny açyp görkezmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
    Ýetginjeklerimiz halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, diňe «Hazar kubogyna» mynasyp bolman, eýsem, ýygyndymyzyň ezber türgeni, paýtagtymyzdaky 16-njy orta mekdebiň okuwçysy Jemşit Mädeminow halkara ýaryşyň «Iň ökde oýunçysy» diýen ada mynasyp bolup, ýaryşy guraýjylaryň ýadygärlik nyşany bilen sylaglanmagy başardy.