Gurban baýramy we Hazar forumy: käbir umumylyklar hakda söz

     Eziz Diýarda ýene-de Gurban baýramy. Bu gün onuň ikilenji güni. Şu ýyl Gurban baýramynyň günleri ýurdumyzda ýene bir baýramyň — birinji Hazar ykdysady forumynyň geçýän günleri bilen gabat geldi. 
    Birinji ykdysady forum döwletara çäre bolup, ol, esasan, ykdysady meselelere garasa- da, halkymyz ony parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň baýramy, diýmek, asudalygyň, bolçulygyň, abadançylygyň hem birek-birege hormatyň baýramy hökmünde kabul edýär. Şu nukdaýnazardan alanyňda, ykdysady forum bilen Gurban baýramynyň arasynda umumylyklar bardyr. Bu umumylyklara, meňzeşliklere ýönekeý bir gabat gelme hökmünde garajaklaryňam, öz-özünden şeýle bolaýýandyr diýjekleriňem tapylmagy mümkin, ýöne biziň muňa garaýşymyz başgaça. Biz munda göze dürtülip durmaýan many- mazmun bar hasap edýäris. 
    Parahatçylygy söýmeýän, ony islemeýän halk ýokdur, elbetde. Ýöne halkymyzyň oňa bolan garaýşy has düýpli, has çuňňur, parahatçylygy ähli ösüşleriň- özgerişleriň, abadan hem bagtly durmuşyň esasy şerti hasaplaýar. Türkmen halky: “Bir günki sögüşiň müň günki ryskyňa zeleli ýetermiş” diýip ýaşaýan halk. Öý bilen öýüň, oba bilen obanyň, halk bilen halkyň arasyndaky agzybirlige, hormat-sylaga, ujypsyzja bolsa- da, goşant goşup biljek islendik herekete gadyr-gymmat goýýar. Bu — halkymyzyň milli häsiýeti. Onsoň, birinji Hazar ykdysady forumy ýaly, halklaryň, döwletleriň arasynda geljek onýyllyklarda- ýüzýyllyklarda pugta parahatçylygy, arkalaşygy, hyzmatdaşlygy, hormat-sylagy, dostlugy üpjün etmäge ukyply şunuň ýaly halkara çärelere ýurdumyzda neneňsi uly ähmiýet berilýändigine düşünmek kyn däl bolsa gerek. 
    Islendik halkyň parahatçylyk söýüjilikli häsiýeti hormata mynasypdyr. Şu babatda alanyňda, sadagasy boldugym, türkmen halkymyz aňrybaş derejede hormata- sylaga mynasypdyr hem-de bu häsiýeti bilen köp halklara görelde bolarlyk derejesindedir. Halkymyzyň süňňünden syzyp çykan döwletimiziň Bitaraplyk derejesi türkmenleriň parahatçylyk söýüji halkdygy barasynda örän kän zatlary gürrüň berip biljek ajaýyplykdyr. 
    Birinji ykdysady forum! Bu ýerde Hazarýaka döwletleriň wekiliýetleri üýşüp, geljegiň pikirini edýärler. Sebitimizi abadan, halklarymyzy bagtyýar etmegiň aladasyny edýärler. Bu ýerde, Hazaryň türkmen kenarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geljegiň aladasy edilýär. 
    Gurban baýramy! Ýylyň-ýylyna gaýtalanyp durýan bu baýramda bir güýç bar. Ol güýç adamlaryň ýüregini ýumşadýar. Ol güýç adamlary halallyga, päklige çagyrýar. Päklik hakda gürrüň edilende, Gurban baýramynda her bir adamyň daň bilen turup, “gurbanşor” edýändigini, ýagny, üstünden suw akydyp, bedenini tämizleýändigini ýatlamalydyrys. Bu dessur diňe bir şahsy gigiýenany aňlatman, eýsem, şeýtmek bilen, ynsanyň içki dünýäsini hem arassalaýandygynyň, adamlar bilen gowy gatnaşyk etmäge päsgel berip biljek ähli ýaramaz oýpikirlerden saplanýandygynyň hem aňlatmasy. 
    Hazar forumy bilen Gurban baýramy. Bu ikisi ynsanlaryň tämizlenýän, ýagşy umyt-arzuwlar bilen ertä garaýan güni. 
    Taryh görkezýär, Gurban baýramy bir diniň, bir eýýamyň baýramy däldir, onuň gadymyýete urup gidýän çuňňur kökleri bardyr. 
    Durmuş görkezýär, ykdysady hyzmatdaşlyk bir günüň, bir eýýamyň meselesi däldir, ol uzak geljegiň talabydyr. 
    Ýurdumyzda sebitde, asyl, bütin dünýäde parahatçylygy berkitmäge gönükdirilen halkara forum dowam edýär. 
    Ýurdumyzda ynsanlaryň, halklaryň arasynda parahatçylygy ündeýän Gurban baýramy dowam edýär. 
    Gurban baýramy bilen ykdysady forum. Bu ikisinde umumylyk bar, şol umumylyk hem olary ýürege ýakyn edýär. 
    ...Ana, gelin bäbejigini ak gundaga gundapdyr. Akja gundag, akja bäbek — gör, nähili gowy! Dünýädäki iň gowy zat — ejeleriň gujagyndaky akja bäbekler bolsa gerek. Ak bäbekler — ak dünýä, kir-kimirsiz päk dünýä. Onda pederleriň päk ruhy bar, atalaryň är gaýraty bar, eneleriň mahmal niýet- arzuwy bar. Bu dünýä dolasyň, garylyp- gatylyp gidesiň gelýär. Ýoluň açyk!