EСО-93-e ISLEG ARTÝAR

    Şu ýylyň 28-nji iýuny taryhymyzyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Şol gün hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Gökdepe etrabynyň çäginde tebigy gazdan benzin öndürýän kuwwatly zawodyň dabaraly açylyşyna şaýat bolupdyk. Bu wakanyň ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň we ykdysady kuwwatypugtalandyrmagyň ýolunda örän uly ähmiýeti bardyr. 
    Zawodyň açylan ilkinji gününden başlap, bu ýerde öndürilen dizel ýangyjy ýurdumyzyň ýangyç guýujy beketlerinde köpçülikleýin ulanylyp başlandy. Häzirki wagtda ýangyç guýujy beketlerde EСО-93 benzininiň hyrydarlary artýar. Sürüjiler öz awtoulaglaryna täze görnüşli benzini uly höwes bilen guýýar. Bellenilişi ýaly, EСО-93 benzininiň ulaglar üçin bähbitlilik derejesi örän ýokarydyr. 
    Bu zawod innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça beýleki ýurtlar üçin aýdyň nusgadyr. Ol milli Liderimiziň ekologiýa meselelerini çözmäge öňdengörüjilikli çemeleşýändigine şaýatlyk edýär. Biz paýtagtymyzdaky 4-nji ýangyç guýujy bekedinde bolanymyzda, bu ýerde zähmet çekýän hünärmenler, şeýle- de, awtoulaglara ýangyç guýmaga gelýän raýatlaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolduk. 
    — Tebigy gazdan benzin öndürýän täze zawodyň dünýä tejribesinde şeýle desgalaryň ilkinjisi bolmagy has-da guwandyrýar. Zawodda öndürilýän benziniň ekologiýa taýdan arassa bolmagy, onda daşky gurşaw üçin zyýanly kükürt birleşmeleriniň, azotly organiki birleşmeleriň ýoklugy onuň esasy aýratynlygydyr. Ekologiýa taýdan arassa benziniň awtoulagyň has-da gowy işlemegine ýardam berýändigini raýatlarymyz buýsanç bilen aýdýar. 
    Beketlerde bank kartlary bilen hasaplaşmak üçin ýörite hasaplaşyk enjamlarynyň oturdylandygyny aýratyn bellemek gerek. Munuň özi işimizi ep-esli ýeň illeşdirýär — diýip, 4-nji ýangyç guýujy bekediň operatory Serdar Nurgeldiýew gürrüň berýär. 
    Zawodda her ýyl 1 milliard 785 million kub metr tebigy gazyň gaýtadan işleniljekdigi we ondan iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän 600 müň tonna EСО-93 kysymly benziniň, şeýlede, 12 müň tonna dizel ýangyjynyň we 115 müň tonna suwuklandyrylan gazyň öndüriljekdigi onuň ýokary kuwwata eýediginden habar berýär. Bizi begendirýän ýagdaýlaryň biri- de, täze senagat toplumyna «Dünýäde gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod», «Ekologiýa taýdan arassa», «Innowasion tehnologiýa» boýunça güwänamalaryň hem-de degişli nyşanlaryň gowşurylmagydyr.