Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY 

    Gurban baýramyny bellemek hakynda 
    Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy- ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin: 
    1. Türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Gurban baýramyny 2019-njy ýylyň 11 — 12 — 13-nji awgustynda bellemeli we şol günleri iş güni däl diýip yglan etmeli. 
    2. 2019-njy ýylyň 11-nji awgustyndaky dynç gününi 14-nji awgusta — çarşenbe gününe geçirmeli. 
    3. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli. 

    Hazar deňzi institutyny döretmek hakynda 
Hazar deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek, dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleri seljermek, deňizde ylmy barlaglary geçirmek, Hazar deňzi bilen bagly halkara hukuk we milli resminamalary taýýarlamak, şeýle hem Hazar meseleleri boýunça halkara şertnamalarynyň Türkmenistanda ýerine ýetirilişine syn etmek we Hazar deňzine degişli bolan usulyýet maglumatlaryny taýýarlamak maksady bilen, karar edýärin: 
    1. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň işini bes edip, onuň binýadynda Hazar deňzi institutyny döretmeli. 
    2. Hazar deňzi institutynyň işine gözegçilik etmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň üstüne ýüklemeli. 
    3. Hazar deňzi institutyny işini bes eden Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli. 
    4. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmegiň milli gullugynyň adyny üýtgetmek hakynda » Türkmenistanyň Prezidentiniň 2001-nji ýylyň 30-njy maýynda çykaran 3405-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2001-nji ýyldaky 5-nji ýygyndysynyň 299-njy maddasy) üçünji bölegini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli. 
                                                    Türkmenistanyň Prezidenti 
                                                    Gurbanguly Berdimuhamedow.
 
                                Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 9-njy awgusty.