RESMI HABAR

    «Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 
    1-nji derejeli ýurist Baýjanow Baýjan Toýmyradowiç gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy; 
    1-nji derejeli ýurist Batyr Dädebaýewiç Aşyrkulyýew Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi. 
    1-nji derejeli ýurist Ýegenow Toýlymyrat Kakyşowiç gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy. 
    2-nji derejeli ýurist Meretnazar Baýramnazarowiç Begliýew Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.