Bahalary elýeterli, görnüşleri dürli-dürli

    Tomus paslynyň soňky aýynyň gelmegi bilen, ýurdumyzyň ähli künjeginde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri has-da ýaýbaňlanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem mekdep bazarlary işläp başlady. «Ak ýol», «Gülüstan », «Teke bazar », «Älemgoşar » ýaly söwda bazarlarynda, şeýle- de «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy », «Aşgabadyň ýalkymy », «Berkarar » söwda merkezlerinde döredilen mekdep bazarlarynda okuwçylara hödürlenýän okuw esbaplarydyr egin-eşiklerine islegler barha artýar. 
Biz redaksiýanyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzyň söwda toplumlaryndaky mekdep bazarlarynda bolduk. Şonda Aşgabat şäher bazarlar birleşigine degişli 2-nji Teke bazaryndaky mekdep bazarynyň satyjysy Maksat Jumaýew bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol şeýle diýdi: 
    — Täze okuw ýyly mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeginde hereket edýän mekdep bazarlarynda okuwçylar hem-de talyplar üçin gerekli okuw esbaplarynyň ählisi jemlenen. Aýratyn nygtamaly zat bolsa, alyjylara hödürlenýän okuw esbaplarynyň aglaba bölegi ýurdumyzda öndürilmegidir. Ýokary hilli, amatly bahadan alyjylara hödürlenýän okuw esbaplary bilen birlikde, okuwçy oglan-gyzlara niýetlenen milli lybaslar-da bar. 
    Ýurdumyzyň neşirýat gullugy tarapyndan ähli synpdaky okuwçylar üçin taýýarlanan okuw depderleri ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Okuwçylaryň daşary ýurt dil bilimlerini artdyrmak maksady bilen taýýarlanan daşary ýurt dillerindäki depderleriň okuwçylara hödürlenmegi olaryň dil bilimlerini kämilleşdirmegine uly ýardam edýär. Ýeri gelende bellesek, matematika, fizika dersleri üçin dürli görnüşdäki çyzgyçlaryň ýa-da depderleriň ýörite taýýarlanmagy okuwçylaryň islendik dersi özbaşdak özleşdirmegi üçin zerurdyr. 
    Hawa, «Mekdep bazaryna hoş geldiň iz!» diýen ýazgylar bilen bezelen mekdep bazarynda çagalar eneatalaryýa-da ýakynlary bilen täze okuw ýylyna mekdep harytlaryny satyn alýarlar. Biz bu ýerde söwda edip ýören ene-atalaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda paýtagtymyzyň ýaşaýjysy Selbi Allanazarowa şeýle gürrüň berdi: 
    — Bazar — köpçüligiň iň bir gelim- gidimli ýeri. Ynha, awgust aýynyň ilkinji gününden işe başlan mekdep bazarlaryna gelýän alyjylaryň sany juda köp. Men hem golaýlap gelýän täze okuw ýylyna oglum Ýunus jan üçin okuw esbaplary bilen birlikde, okuw lybaslaryny almaga, şeýle- de çagalar bagynda terbiýelenýän gyzym Enarjan üçin bolsa, dürli galamlary, surat hem-de çagalaryň pikirleniş ukybyny ösdürjek dürli şekiller bilen bezelen ýumuşly depderleri almaga geldim. Mekdep bazarynda ähli harytlaryň amatly bahadan bolmagy biz — ene-atalary örän begendirýär. Bu Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan işleriniň aýdyň netijesidir. 
    Mahlasy, täze okuw ýyly mynasybetli döredilen mekdep bazarlarynda okuwçylara hödürlenýän harytlar elýeterlihem-de dürli-dürli bolup, bu ýerde zähmet çekýän satyjylar, bazara gelýän alyjylar üçin ähli amatly şertleriň döredilendigini göreniňde, Aşgabat şäher bazarlar birleşiginiň hünärmenleriniň möwsümi ýokary derejede geçirmek üçin uly taýýarlyk görendigine magat göz ýetirýärsiň.