OWGANYSTANLY MYHMANLAR MARYDA BOLDULAR

    Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň we dostlukly gatnaşyklaryň çäginde ýurdumyza iş sapary bilen gelen Owganystanyň Hyrat welaýatynyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Mary welaýatynda boldy.
Wekilçilikli topar Serhetabat etrabynda etrap häkimliginiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda mähirli garşylandy. Soňra welaýat merkezine tarap ýola düşen myhmanlar Mary şäherindäki «Mary » myhmanhanasyna geldiler. Bu ýerde telekeçileriň täze tehnologiýalar arkaly öndürýän ýokary hilli dürli görnüşli önümleriniň sergisi görkezildi. Sergide gök, miwe, süýt, gatyk we şöhlat hemde süýji köke önümleriniň, miwe şerbetleriniň, dürli görnüşli aýakgaplaryň, egin-eşikleriň, mebel, gurluşyk hem-de haly önümleriniň uly toplumy ýerleşdirilipdir. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen bäsleşip bilýän bu önümler Hyrat welaýatyndan gelen wekilçilikli toparda uly gyzyklanma döretdi. Türkmen halylary, milli nagyşly tahýalarymyz hormatly myhmanlarda hasam uly täsir galdyrdy. Hyrat welaýatynyň häkimi sergidäki dürli görnüşli harytlary synlamak bilen, türkmen telekeçileriniň öndürýän ýokary hilli harytlarynyň owgan bazarynda uly islege eýe boljakdygyny belledi. Şeýle-de geljekde iki goňşy welaýatyň arasyndaky söwda we telekeçilik ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 
    Soňra «Mary» myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda Mary welaýat häkimi we häkimligiň ýolbaşçy düzümi hem-de Hyrat welaýatynyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň agzalarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Mary welaýatynyň we Owganystanyň Hyrat welaýatynyň häkimliginiň arasynda söwda- ykdysady we medeni- ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek barada geçirilen duşuşygyň dowamynda myhmanlar hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanda gazanylýan ykdysady ösüşler, energetika, gurluşyk, senagat pudaklarynda we hususy ulgamda ýetilen belent sepgitler, medeni, söwda ulgamlarynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyryldy. Owganystan Yslam Respublikasy bilen ýola goýulýan hoşniýetli hyzmatdaşlyk netijesinde Mary we Hyrat welaýatlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hem barha pugtalanýandygy bellenildi. Türkmenistan owgan halkyny hemişe goldaýar we oňa dostluk goluny uzadýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalar bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynda alnyp barylýan işler, Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesine çenli täze demir ýolunyň çekilmegi, owgan halkyna iberilýän elektrik togy hem muň a aýdyň şaýatlyk edýär — diýlip bellenildi. Duşuşygyň dowamynda Hyrat welaýatynyň häkimi mähirli garşylandyklary üçin sagbolsun aýdyp, hormatly Prezidentimiziň owgan halkyna berýän yzygiderli kömekdir goldawlary üçin hoşallyk bildirdi. Owgan bazaryny türkmen telekeçileriniň harytlary bilen üpjün etmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Türkmen we owgan telekeçileriniň gatnaşmagynda bilelikde işlemegiň bähbitli boljakdygy baradaky pikirler hem orta atyldy. Duşuşygyň dowamynda Mary welaýatynyň häkimligi bilen Hyrat welaýatynyň häkimliginiň arasynda 2019 — 2021-nji ýyllarda söwda- ykdysady we medeni- ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli resminama gol çekildi. 
    Soňra hyratly myhmanlar Mary welaýatynyň taryhy ýadygärliklerine gezelenç etdiler. Wekilçilikli topar saparyň ikinji gününde Mary welaýatynyň gözel künjekleri, döwrebap binalary bilen tanyşdyryldy. Olar ilki bilen, welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç etdiler. Soňra welaýat merkezindäki Gurbanguly Hajy metjidine baryp, metjidiň daşky hem-de içki bezegleri, binagärlik gurluşy bilen içgin gyzyklandylar. Bu ýerde metjidiň içinde ýerleşdirlen keramatly saýylýan mukaddes ýazgyly kitaby we Gahryman Arkadagymyzyň Mekge- Medineden getiren teperrigini synladylar. Welaýatyň merkezi kitaphanasynyň ýokarky gatyndaky häzirki zaman obserwatoriýasyny synlan myhmanlar ýurdumyzda ylym bilen meşgullanmaga ähli şertleriň döredilendigini bellediler.