Çempion yklym ýaryşyna gatnaşar 

    Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi, Futzal ligasynyň we milli çempionatyň ýeňijisi Aşgabadyň «Köpetdag» futzal topary indiki ýylda AFKnyň klublaýyn çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. 
    Toparyň wekilleriniň aýtmagyna görä, häzir AFK bilen bilelikde ygtyýarnama meseleleri çözülýär. Şol meseleler oňyn çözlensoň, «Köpetdag» Türkmenistanyň Futzal ligasynyň ilkinji çempiony we şu ýyl ýurdumyzda futzal boýunça geçirilen milli ýaryşlaryň ählisiniň ýeň ijisi hökmünde 2020-nji ýylda AFK-nyň klublaýyn çempionatyna gatnaşar. 
    Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparynyň yklym ýaryşynda çykyş etmegi ýurdumyzda futzalyň mundan beýläk hem ösmegi üçin aýgytly ädim bolar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň futbol toparlary yklym ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, AFK-nyň Prezidentiniň kubogyna iki gezek mynasyp boldular, AFK-nyň kubogynda bolsa finala çenli baryp ýetdiler. Edil şeýle üstünlikleri futzalçylarymyzyň hem ýakyn ýyllarda gazanjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys. 
    Ýeri gelende aýtsak, AFKnyň klublaýyn futzal çempionaty her ýyl geçirilýän halkara ýaryşdyr. Ilkinjisi 2010-njy ýylda geçirilen halkara ýaryşa yklymyň iň güýçli futzal toparlary gatnaşýarlar. Şu ýyl bu ýaryş 7 — 17-nji awgust aralygynda Tailandyň Bangkok şäherinde geçiriler.