Aşgabatda geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyry üçin bije çekilişik boldy

    AFK-nyň Kuala-umpurdaky ştab-kwartirasynda 2020-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyry üçin bije çekilişik geçirildi diýip, Gyrgyzystanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
    Saýlama tapgyryň Merkezi we Günorta zolagyna 7 ýygyndy wekilçilik edýär. Zolagyň birinji torbasyna Eýran bilen Özbegistan, ikinji torbasyna Gyrgyzystan bilen Täjigistan wekilçilik etdi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy bolsa owganystanly hem-de nepally futzalçylar bilen birlikde üçünji torbany emele getirdi.
    Zolagyň ýaryşlary iki toparçada geçiriler. Bije çekilişigiň netijelerine görä, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň we Nepalyň ýygyndylary "A" toparçany emele getirdiler. Türkmen futzalçylary bolsa Eýranyň we Gyrgyzystanyň ýygyndylary bilen birlikde "B" toparçada ýaryşar. Ýöne ýer eýeleri hökmünde türkmen futzalçylarynyň Aşgabatdaky jemleýji ýaryşa gatnaşjak 16 ýygyndynyň arasyndaky ýerini eýýämden berkidip goýandygyny aýtmak gerek. Saýlama tapgyryň toparçalarynda birinji we ikinji orunlary eýelän ýygyndylaryň Aşgabatdaky ýaryşa gatnaşyp biljekdigini nazarda tutsak, "B" toparçanyň üç wekiliniň wekiliniň türkmen paýtagtynda ýaryşjakdygyny aýdyp bileris. Çünki toparçada haýsy orny eýeländigine garamazdan, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aşgabatda-da ýaryşar. Muňa garamazdan, Türkmenistanyň milli ýygyndysy saýlama tapgyrynda iň ýokary netijäni görkezmäge çalyşar. Çünki Eýranyň we Gyrgyzystanyň güýçli ýygyndylary bilen boljak duşuşyklar türkmen futzalçylary üçin paýtagtymyzda geçiriljek jemleýji ýaryşyň möhüm taýýarlyk tapgyryna öwrüler. Merkezi we Günorta zolagyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklary şu ýylyň 16 - 27-nji oktýabry aralygynda Eýranda geçiriler. 
    Aziýa çempionatynyň jemleýji böleginiň - Aşgabatdaky ýaryşlaryň bolsa 2020-nji ýylyň 27-nji fewraly - 8-nji marty aralygynda Olimpiýa şäherçesinde geçiriljekdigini ýatladýarys. Aziýa çempionaty indiki ýyl Litwada geçiriljek dünýä çempionatynyň hem yklymlaýyn saýlama tapgyryna öwrüler. Aziýanyň iň güýçli bäş ýygyndysy dünýä çempionatynda çykyş etmäge hukuk gazanar.