Jaý toýy uludan tutuldy

    Golaýda Hazar deňziniň türkmen kenaryna ýaraşyk berip oturan Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň Aeroport şäherçesinde maşgalalaryň onlarçasy täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryna göçüp bardylar. 
Täze jaýyň ýaşaýjylary hormatly Prezidentimiziň ajaýyp sowgadyna — her biri 24 hojalyga niýetlenen dört gatly, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsiniň eýeleri boldular.     Dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne gönükdiren birinji Hazar ykdysady forumynyň öň ýanynda ulanyşa tabşyrylan bu ajaýyp ymaratlar balkanlylaryň şatlygyny goşalandyrdy. Türkmenbaşy şäher we Awaza etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri, edara- kärhanalaryň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, medeniýet we sungat ussatlary, Aeroport şäherçesiniň köp sanly ýaşaýjylary bu bagtly pursadyň şaýady boldular. 
    Täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen maşgalalaryň 72-sine ähli amatlyklary bolan öýleriň açarlarynyň gowşurylýan pursady has-da şatlyk- şowhuna beslendi. Hözirli ýaşamak üçin ähli şertler döredilen bu binalaryň gurluşygyny Balkan welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda «Hazargurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri ýerine ýetirdiler. Daş-töweregi birkemsiz abadanlaşdyrylyp gurlan täze ýaşaýyş jaýlary bu ýerdäki Halkara howa menzilini alkymlap oturan Aeroport şäherçesiniň görküne görk goşýar. Ýeri gelende aýtsak, Balkan welaýat häkimliginiň kabul eden karary esasynda ýakyn geljekde bu şäherçede gurulmagy meýilleşdirilen täze ýaşaýyş jaýlarynyň jemi onusyndan eýýäm altysynyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýaşaýjylara tabşyrylandygy has-da buýsançlydyr. 
    Ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçen dabarada täze öýleriň açarlary olaryň eýelerine şowhunly el çarpyşmalar astynda gowşuryldy. Ol öýlerde ýaşamak bagtyna eýe bolan ildeşlerimiz özleri barada, halkymyz hakynda edýän bimöçber aladalary hem-de ajaýyp Şa serpaýy üçin hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Täze ymaratlary bina etmekde zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezen «Hazargurluşyk» hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň ençemesine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 
    Uludan tutulan dabaranyň dowamy sungat ussatlarynyň belentden ýerine ýetiren döwrebap aýdym- sazlaryna utgaşdy. Ol aýdym- sazlarda hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatynyň üstünlikleri, ata Watanymyz hem-de bagtyýar il-günümiz wasp edildi. Soňra dabara gatnaşyjylar, il sylagly ýaşulular ak pata bilen açylan ýaşaýyş jaýynyň öýlerine aýlanyp, onuň amatlyklary hem-de eşretli ýaşamak üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar.