Binagärlik toplumlary ajaýyp Awazanyň gözelligini artdyrýar 

    27-nji iýulda Hazaryň kenaryndaky deň iz şypahana toplumynyň üsti täze bina — «Awazanyň ýalkymy » atly binagärlik toplumy bilen ýetirildi, onuň açylyş dabarasy köpöwüşginli uly baýramçylyga öwrüldi. 
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen halkara derejeli dynç alyş we şypahana merkezine öwrülen türkmen topragynyň bu ajaýyp künjeginiň gözelligini we tebigy baýlygyny alamatlandyrýan täze desga Arkadag we Berkarar şaýollaryň çatrygynda “Jadyly kenar” oýun attraksionlar seýilgähiniň girelgesiniň ýanynda dikeldildi. 
Binanyň merkezi bölegi tolkunlaryň üsti bilen ýüzüp barýan ýedi guwuň şekilinde bolup, ol kümüşsöw serişdeden taýýarlanyldy. 
    Binanyň umumy beýikligi 23 metr, özboluşly suw çüwdürimleri bilen gurşalan binýadynyň diametri bolsa 33 metrdir. 
    Şatlykly waka mynasybetli seýilgähiň ýanyndaky künjek dürli howa şarlary we lentalary bilen bezelipdir. Açyk asmanyň astyndaky konsert meýdançasynda döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. 
    Watanymyzyň ýeten derejesini wasp edýän joşgunly aýdym- sazlar ýaňlandy. 
    Dabara Türkmenbaşy şäheriniň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri hem-de köp sanly dynç alýanlar gatnaşdylar. 
    Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýar. Ýurdumyzda senagat pudagyny, oba senagat toplumyny, ulag we aragatnaşyk ugurlaryny ösdürmek boýunça giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Bilim we ylym ulgamlarynyň ösdürilmegine ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. 
    Saglygy goraýyş, medeniýet we sport durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol milletiň ruhy we beden taýdan kämilleşmegine hyzmat edýär. 
Ak mermerli paýtagtymyz we ýurdumyzyň sebitleri tanalmaz derejede özgerdi. Her ýylda senagat we medeni- durmuş maksatly binalaryň onlarçasy gurlup ulanmaga berilýär. 
Halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagy, döredijilikli işlemek we oňaýly dynç almak üçin amatly şertleriň döredilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimize ähli türkmenistanlylaryň adyndan hoşallyk sözleri aýdyldy. Gün-günden täze görnüşe girýän «Awaza » milli syýahatçylyk zolagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 
    Hazaryň kenarynda kaşaň myhmanhanalar, çagalar sagaldyş merkezleri, köpugurly şypahanalar emele gelýär. Maşgala bolup dynç almagy halaýanlar üçin kottej toplumlary, sport we seýilgäh- dynç alyş merkezleri gurulýar. 
    Şypahana zolagynyň desgalarynyň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen bir bitewi sazlaşygy kemala getirmegine döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn ünsi çekýär. Deňziň kenarynda tokaý zolaklary amatly howa gurşawyny döredýär. Seýilgähleriň çägi giň eldilýär we dürli güller, şypahana zolagynyň çägi boýunça geçýän Awaza derýasynyň kenarlarynda täze bag nahallary ekilýar. 
    Bu işlere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gatnaşýandygyny bellemeli. Olaryň «Awaza » milli syýahatçylyk zolagynyň çäginiň giň eldilmeginde hem möhüm paýy bardyr. Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna mynasyp goşant goşýan telekeçiler dürli ugurlarda, şol sanda senagat, gurluşyk, oba hojalygy, syýahatçylyk, söwda we hyzmatlar ulgamynda netijeli iş alyp barýarlar. Şunlukda, olaryň amala aşyrýan tutumly işleriniň gerimi giň eýär. 
    Häzirki tomusky dynç alyş möwsümi döwründe deň iz şypahana toplumyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden müňlerçe adamlar gelýärler. 
    Altyn öwüşginli çägeli suwa düşülýän ýerler, mylaýym suwly deňiz, ýakymly güneşli arassa howa adamlarda ruhubelentlik döredýär we olaryň sagdynlygyny berkidýär. Şeýlelikde, Awaza türkmenistanlylaryň köpçülikleýin dynç alýan ýerine öwrülýär. Şeýle hem bu ýerde maşgala bolup dynç alýanlar üçin aňrybaş şertler döredilýär. 
    Awazada ulular üçin bolşy ýaly, çagalaryň hem wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmegi ugrunda zerur mümkinçilikler bar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladasy netijesinde bu ýerde eýýäm «Jadyly kenar », «Deň iz merjeni », «Älemgoşar » seýilgähi, dynç alyş we medeni merkezleri hem-de dürli attraksionlary bolan «Awaza » akwaparky degişli serişdeler we enjamlar bilen üpjün edilip, iň gelim- gidimli ýerlere öwrüldi. 
    Şunuň bilen birlikde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy soňky ýyllarda ýokary derejedäki duşuşyklaryň we halkara ähmiýetli dürli çäreleriň geçirilýän iri işewürlik merkez hökmündäki derejesini pugtalandyrdy. 
    Ýakyn wagtda, 12-nji awgustda bu ýerde birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Oňa dürli ýurtlaryň hökümet wekiliýetleri, halkara guramalaryň we onlarça döwletleriň ykdysady ulgam boýunça iş alyp barýan iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşar. 
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini äşgär edýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Türkmenistanyň sazlaşykly durmuş- ykdysady ösüşiniň hem-de dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge hem-de ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň üstünlikli ösdürilýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.