Döwrebap ýaşaýyş jaýlary

    Ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramçylygynyň giňden toýlanan günlerinde Mary şäherinde birbada üç sany döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary bolup geçdi. Şäheriň gözel künjeklerinde bina edilen şol döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň biri 4 gatly 32 öýli, beýleki ikisiniň hem her biri 4 gatly 24 öýli ýaşaýyş jaýlarydyr. Täze gurlan jaýlaryň açylyş dabaralary şatlyk- şowhuna, aýdym- sazly şüweleňli çykyşlara beslendi. 
    Mary şäheriniň görküne görk goşan 4 gatly 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýy «Güneş » şäherçesiniň merkezinde bina edildi. Onuň gurluşygyny Mary şäher häkimliginiň buýurmasyna laýyklykda, paýly gurluşyk esasynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat » agentliginiň «Türkmenbetonönümleri » döwlet kärhanasynyň Wekilbazar etrabyndaky «Keramzitbetonönümçiligi » zawodynyň gurluşykçylary alyp bardylar. 2 we 3 otagdan ybarat bu ýaşaýyş jaýynyň öýlerinde hojalyga niýetlenen hemme şertler döredilipdir. Sowadyjylar, ýyladyjylar, öý-hojalyk goşlary, mebeller we gaýry serişdeler gelşikli edilip ýerleşdirilipdir. Täze jaýa göçüp gelenler içinde ýaşamaga ähli amatlyklary bolan, döwrebap jaýlary gurduryp beren Gahryman Arkadagymyzyň adyna tükeniksiz alkyş sözlerini aýtdylar. Jaýyň açylyş dabarasynda çykyş eden medeniýet, sungat işgärleri jaý toýy, gelin toýy ýaly milli däplerimizi mahabatlandyrýan we wagyz edýän sahna çykyşlaryny görkezip, dabaranyň şowhunyny artdyrdylar. 
    Şäheriň Ýunus Emre köçesiniň ugrunda bina edilen 4 gatly 24 öýli ýaşaýyş jaýyny «Halal Hekim » hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdi. Özüniň gözelligi bilen şäheri nurlandyran bu ýaşaýyş jaýynyň hem öýleri 2 — 3 otagdan ybarat. Olarda- da hojalyga gerekli ähli şertler döredilipdir. Çagalara niýetlenen we myhman otaglary öý eýeleriniň we myhmanlaryň göwünlerini göterdi. Bu ýerde medeniýet, sungat işgärleriniň gatnaşmagynda aýdym- sazly, dürli folklor çykyşlaryna beslenen dabara gurnaldy. Onda hem milli mirasymyz, toý edim-gylymlarymyz, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe gazanan uly üstünliklerimiz, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan dünýä nusgalyk başlangyçlary belentden belent wasp edildi. Görkezilen sahna eserlerine, joşgunly tanslara tomaşa etmekden toýçy mähelläniň ruhy göterilip, şadyýanlykda toý toýladylar. 
    Şäheriň Togrul beg köçesiniň ugrunda bina edilen 4 gatly 24 öýli ýaşaýyş jaýy hem gapdalyndaky binalar bilen sazlaşyp, özboluşly gözellik döredýär. Bu owadan ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny     «Marygurluşyk » önümçilik birleşiginiň 7-nji gurluşykgurnama müdirliginiň ezber elli gurluşykçylary bina edipdir. Her bir öýi 2 — 3 otagdan ybarat bu ýaşaýyş jaýy hem gurluş tarapyndan beýleki ugurdaş desgalara kybapdaş. Onuň gurluşygynda- da milli binagärlik sungatynyň öwüşginlerini görmek bolýar. Täze jaýyň açylmagy mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda aýdym- sazly, şüweleňli baýramçylyk dabaralary geçirildi. 
    Dabarada göreldeli zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurduryp beren milli Liderimiziň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy. Toýçy mähelläniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirýäris. 
    Hydyr ATAÝEW, Mary şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner: 
    — Biz Mary şäherinde gurlan 4 gatly 24 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasyna gatnaşdyk. Bu ýaşaýyş jaýy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany » diýlip yglan edilen ýylda, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli şähermiziň ýaşaýjylaryna mähriban Arkadagymyzyň ajaýyp sowgady boldy. Bu ajaýyp sowgady üçin hormatly Prezidentimize ýaşuly nesliň adyndan tüýs ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys. Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt, umumadamzat bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun! Täze jaýa göçüp gelenleri hem ýurt garşy alsyn! 
Myratgeldi MARLYÝEW, «Halal Hekim » hususy kärhanasynyň hünärmeni: 
    — «Halal Hekim» hususy kärhanamyzyň gurluşykçylary tarapyndan gurlan 4 gatly 24 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýyny ulanmaga berdik. Kärhanamyz tarapyndan gurlan täze jaýda ýaşajaklar üçin ähli amatly we oňaýly şertleriň döredilendigini belläp geçesim gelýär. Biziň şu guran ýaşaýyş jaýymyzyň 3 sany girelgesi bolup, her girelgesi 8 öýden ybarat. Şol 8 öýüň 4-si 2 otagly, 4-si hem 3 otagly. Jemi 24 öý. Olarda hemme şertler bar. Gazy, togy, suwy çekilen. Täze döwrebap enjamlar goýlan. Ýaşamaga ähli mümkinçilikler bar. Mahlasy, şu ýaşaýyş jaýymyz 3 taraplaýyn şertnama esasynda, Mary şäher häkimliginiň buýurmasy bilen paýly gurluşyk şertlerinde guruldy. Biz telekeçilere yhlasly zähmet çekmäge ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimize çyn ýürekden sagbolsun aýdýaryn.
    Hoşgeldi TAGANOW, Wekilbazar etrabynyň «Keramzitbetonönümçilik» zawodynyň hukuk işleri boýunça baş hünärmeni: 
    — Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy esasynda halkymyzyň ýaşaýyş- durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen Mary şäheriniň Güneş şäherçesinde 4 gatly 32 öýli täze döwrebap ýaşaýyş jaýyny gurup tabşyrdyk. Jaýlaryň ählisi- de aňrybaş derejede ýokary hilli edilip gurlan. Biziň guran jaýymyzyň içinde 2 — 3 otagly öýler bar. Şu jaýyň gapdalynda ýene- de biriniň boýuny ýetirdik. Häzirki wagtda içki gurluşyk- gurnama işlerini alyp barýarys. Ony hem ýakyn günlerde gurup tabşyrarys diýip, ynandyrýaryn. Bize işlemäge, gurmaga, döretmäge giň ýollary açyp berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli döwletli işleri rowaç bolsun.