RESMI HABARLAR

    Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady, söwda, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-bahreýn toparynyň Türkmen bölegi döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy. 
                                        * * * 
    Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna ykdysady, durmuş hem-de ynsanperwer ugurlarda ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi hökmünde resminamada bellenilen önümleri muzdsuz bermek tabşyryldy.