Türkmen we dünýä lukmançylygynyň gazananlarynyň Aşgabat sergisi

    Çäräniň açylyş dabarasy baýramçylyk ruhuny artdyran döredijilik toparlarynyň çykyşlaryndan başlandy. Dabarada myhmanlaryň hatarynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň, habar beriş serişdeleriň wekilleri, daşary ýurtly saglygy goraýyş hünärmenleri boldular.
    ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Kristin Waýgand dabarada çykyş edip, «Biz saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleriniň ýadawsyz tagallalaryna ýokary baha berýäris, olar ilatyň, aýratyn-da, çagalaryň we zenanlaryň zerur hajatlary üçin hyzmat edýärler» diýip belledi hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady. 
    ÝUNISEF eýýäm 25 ýyl bäri Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolup durýar. Biz saglygy goraýyş pudagynda hem ynamly hyzmatdaşlygymyza buýsanýarys, bu ugurda oňyn netijeleriň birnäçesini gazandyk diýip, wekil belledi. 
    Hanym Waýgand ÝUNISEF-niň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň milli maksatnamasynda takyk beýan edilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatyny goldaýandygyny aýtmak bilen, Türkmenistanyň dünýäde durnukly ösüşiň maksatlaryny kabul eden ilkinji ýurtlaryň biri bolmak bilen, şolara 2030-njy ýyla çenli ýetip biljekdigini aýtdy. Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Nýu-Ýorkda geçirilen ýokary derejedäki Syýasy forumda DÖM-ni amala aşyrmak hakynda Meýletin milli hasabaty hödürledi. 
    Çagalaryň, ýetginjekleriň hem-de zenanlaryň saglygy we abadançylygy DÖM ýetmekde möhüm şert bolup durýar diýip, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili sözüni dowam etdi. Ol bilermenleriň, şol sanda Nobel baýragynyň eýeleriniň baha bermegine görä, «goýlan serişdeleriň özüni ödejek» wezipeleriň birnäçesini mysal getirdi. Şolaryň biri çagalaryň sanjym edilmegini ýokarlandyrmak bolup durýar. 
    Türkmenistanyň sanjym işine ygrarlylygy aýratyn hormata eýedir diýip, Kristin Waýgand ýurdumyzyň Hökümetiniň 2001-nji ýyldan başlap, ÝUNISEF-niň üsti bilen sanjymlaryň satyn alynmagyny doly maliýeleşdirýändigini hem-de sanjym işiniň ýokary derejesini saklamak üçin zerur bolan zatlar bilen üpjün edýändigini belledi. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow rotawirus hem-de pnewmokokko, A gepatit ýokanç kesellerine garşy ulanylýan sanjymlaryň täze görnüşleriniň üçüsini satyn almak üçin ABŞ-nyň goşmaça 17 million dollaryny goýbermegi tabşyrdy. 
    Biz bu taryhy waka gatnaşýandygymyza buýsanýarys, şunda Türkmenistan ösüşiň gün tertibiniň esasy güýji bolup çykyş edýär, ösüş, paýhas, innowasion hem-de ynsanperwer häsiýetlere eýe bolup durýar diýip, ÝUNISEF-niň wekili ýurdumyzda çagalara sanjym geçirmegiň ýokary görkezijilerini saklamakda öňdebaryjylyk üçin sylag gowşurdy.