TAGTABAZARYŇ TÄSIN ÝEKEGOWAGY

    Mälim bolşy ýaly, gowaklar ynsan kowmunyň iň irki gonalgalarydyr. Hut şol düşelgeler oturymly ekerançylar obalarynyň döremegine esas beripdir. Gadymy ekerançylyk mesgenleriniň biri hasaplanýan türkmen topragynda irki kowumlarymyzyň ýaşan Damdamçeşme, Jebel, Bötendag, Üstýurt, Köýtendag gowaklary tutuş adamzadyň taryhyny öwrenmekde iňňän ähmiýetli arheologik we tebigy ýadygärliklerdir. Şeýle täsin gonalgalaryň biri hem Murgap jülgesinde ýerleşýän Tagtabazaryň gowaklarydyr. Gonalga hökmünde düşlenen gowaklaryň dag jynsynyň gaty daşdan däl-de, mineral duzlardan ýa gumdaşdan bolmagy hökmandyr. Alymlaryň geçiren barlaglary netijesinde, hut ynsan elleri bilen oýmak, gazmak mümkinçiligi bolan dag jynslarynyň bar ýerinde gonalgalaryň, hatda aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän dagasty şäherleriň saklanyp galandygy tassyklanyldy. 
    Arkadag Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň ikinji kitabynda Tagtabazaryň täsin gowaklary barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär: «Murgabyň çep kenary bilen demirgazyga hereket eden kerwenler Daşköpriniň we Tagtabazaryň töwereginde täsin gowaklar toplumynyň gabadyndan geçipdirler. Gowaklar orta asyrlarda ýaşap geçen başarjaň ussalar tarapyndan derýanyň sag kert kenarynyň ugruna uzalyp gidýän baýyrlygyň galyň gumdaşlary oýulyp gurlupdyr». 
    Ýerli ilatyň arasynda ýaýran rowaýatlarda gowaklaryň bir ujunyň Kerkiden, beýlekisiniň Hojambazdan, ýene-de biriniň owgan topragyndan çykýandygy aýdylýar. 
Tagtabazaryň gowaklar ulgamynyň dabarasy asyrlardan-asyrlara aşyp gelýär. Bu ýere ýörite syýahata gelýän ýerli ilatyň yzy üzülmeýär. Gowaklarda ähli pasylda howanyň takmynan 17 — 18oC deň bolýandygy sebäpli, onda tomus günleri azyk önümlerini saklamak amatly bolupdyr. Bu gowaklar bilen has çynlakaý gyzyklanýan ýerli ýaşaýjylary hasap etmäniňde-de, oňa geologlar, arheologlar, etnograflar, geograflar ençeme gezek baryp görüpdirler. Şoňa görä-de, Tagtabazar gowaklaryna baryp XIX asyrda ylmy gyzyklanma döreýär. Dag inženeri A.M.Konşin XIX asyryň ahyrynda bu täsin gowaklaryň tebigy däl-de, ynsan elleri bilen gurlandygyny, ýagny arheologiýa ýadygärligidigini öz makalasynyň üsti bilen ylmy jemgyýetçilige habar berýär. Bilesigeliji inžener bu ýerdäki dagasty gowaklaryň 10-synyň suratyny çekipdir we salgysyny görkezipdir. Ýeri gelende aýtsak, gowaklaryň mesgeninde, gömlen jaýlaryň üstüne häzirki günlere çenli gar ýaganda, ol tegelek-tegelek yz bolup ereýär. 
    XX asyrda ylmy gözleg işlerini geçiren akademik W.A.Obruçew Ýekegowagyň gündogaryndaky iň golaýda ýerleşýän gowagy öwrenip, onuň Owganystandan Merwe göç eden isaýylaryň (hristianlaryň) ybadathanasy bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky çaklamany öňe sürýär. Soňra bu gowaklarda akademik G.Pugaçenkowa ylmy-barlag işlerini geçirýär hem-de Ýekegowagyň otaglarynyň sowa ýerlerinde gazylan, diametri, takmynan, 1 metr, çuňlugy 3 — 5 metre ýetýän guýularyň azyk önümlerini saklamaga niýetlenendigini tassyklaýar. Arheologlar tarapyndan gurluşy birmeňzeş guýular gazylyp arassalananda, olaryň küýzäniň şekili ýaly aşaklygyna birneme giňäp gidýändigi, düýbi tekiz ýere baryp direýändigi, hiç hili gapdal çykalgalaryň ýokdugy anyklanyldy. 
    Ýekegowakda düýpli ylmy barlag işleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymy, taryh ylymlarynyň doktory H.Ýusubow tarapyndan 1988 — 1990-njy ýyllarda amala aşyryldy. H.Ýusubow alym kärdeşi A.Lýapin bilen bilelikde Ýekegowagyň otaglaryny doly arassalady. Onuň girelgesine gapy oturdylyp, içine elektrik çyralary çekildi. Şol saparky ylmy-barlaglaryň netijesinde, X — XII asyrlara degişli daş ýüzüne oýulyp nagyş salnan uly hum we başga-da ençeme küýze gaplarynyň bölekleri ýüze çykaryldy. 
    Muňa seretmezden, bu ýerde medeni gatlagyň emele gelmändigi sebäpli, gowagyň haçan gurlandygy häzirki wagta çenli syrlygynda galýar. Gowagyň giň otagynyň diwarlarynda we gutarýan böleklerinde haýsydyr bir keramatly hasaplanylan heýkeljikler üçin niýetlenilen birnäçe köwekleriň — tagçalaryň bolmagy, bize onuň ýaşynyň yslamdan has irki döwürlere degişlidigi baradaky çaklamany öňe sürmäge esas berýär. Mälim bolşy ýaly, baryp mundan 5 — 7 müň ýyl ozalky Jeýtun ýadygärliklerinde otagyň töründe ybadat edilýän heýkeljikler goýulýan tagçalaryň bolandygy anyklanyldy. Mundan başga-da, Ýekegowagyň diwarlarynda bäş sany ýarym aýlaw hem-de öňünde kiçeňräk päsgelçilikli oýulan ýer bolan giň otag adatdakylardan üýtgeşikligi bilen ünsi çekýär. Otagyň «ybadathana hökmünde ulanylan bolmagy mümkin” diýen pikiri döredýär. Sebäbi hut şeýle otag, arheolog Ö.Berdiýew tarapyndan Gökdepe etrabyndaky Pessejikdepe ýadygärliginde ýüze çykaryldy. Ol Jeýtun medeniýetine degişlidir. Başga bir otagda bolsa ýokarlygyna uzap gidýän dört sany merdiwan bar, şolaryň üçüsi 1,8 metre çenli beýiklikdäki diwara direlip, uzalyp gidýär. Ýokarda ýerleşýän otaglara aralaşmak üçin goşmaça merdiwanlardan peýdalanmaly bolýar. Alymlaryň çaklamasyna görä, şol ýerde ruhanylar üçin hüjreler ýerleşipdir. Mälim bolşy ýaly, yslamdan öňki döwürlerde jaýlaryň üstüne ýa-da daga-baýra çykyp, beýik Taňra ybadat dessurlaryny berjaý edipdirler. 
    Ýekegowagyň girelgesi gümmez bilen örtülipdir. Onuň ýumrulan galyndylary arheologlar tarapyndan öwrenildi. Gümmeziň gapdal diwarlaryndan ikinji gata çykylmaga niýetlenen merdiwan ylmy taýdan örän ähmiýetlidir. Arheolog H.Ýusubowyň geçiren barlaglarynda, gowagyň boýuna uzalyp gidýän däliziň uzynlygynyň 46 metre ýetýändigi anyklanyldy. Häzirki wagtda onuň 37 metri arassalandy. Däliziň ýokarsy peýkam şekilli arkalar bilen bezelipdir. Däliziň iki böwründe hem hüjreler ýerleşýär, olarda bolsa birden üçe çenli dürli hajatlar üçin niýetlenen otaglar ýerleşýär. Ol ýere, ýagny ýer astyna — aşaky üç gata eltýän hyr şekilli basgançagyň bolmagy arheologlary geň galdyrýar. Basgançak ýerasty täze jaýlaryň girelgelerine eltýär. Olaryň arasynda ini 4 we boýy 7 metre ýetýän, beýikligi 2,5 metrden gowrak bolan uly otag — “zal” öz göwrümi bilen tapawutlanýar. Şol jaýlardan täze çykalgalar-da gözbaş alýar. Alymlaryň pikiriçe, olar kert tebigy ýapgyt boýunça ýokarlygyna çykmak üçin ulanylan çykalgalardyr. Bu ýerdäki ýerasty otaglaryň gömlendigi üçin olarda arassalaýyş we ylmy-barlag işlerini geçirmek howpludyr. Ol ýörite mümkinçilikleriň döredilmegini talap edýär. Gowagyň ýeriň çäge gatlagynda gazylandygy sebäpli onuň arassalanan ýerinde mäkäm berkidiş işlerini geçirmek zerur. Emma gowagyň ýerasty gatlarynda ýerleşýän jaýlar örän täsindir we büs-bütinleýin üýtgeşikdir hem-de ýokarky gatyň otaglaryna garanyňda, has syrly bolmagynda galýar. 
    Görnüşi ýaly, eýýäm şu maglumatlar Ýekegowagyň aýratyn durmuş-medeni ähmiýetini we binagärlik täsinliklerini açýar, onuň dünýäde örän seýrek duş gelýändigini subut edýär. Ýekegowak syýahatçylyk taýdan örän amatly ýerde ýerleşýär. Bu ýerde ylmy barlaglary geçiren alymlar gadymy ýaşaýjylaryň otaglary haýran galaýmaly derejede arassa saklandygyny öwran-öwran belleýärler. Munuň özi Ýekegowagyň irki döwürlerde-de uly ähmiýete eýe bolandygyna güwä geçýär. 
    Görnüşi ýaly, bir zamanlar pederlerimiz rowaýatlarda waspy ýetirilýän ösen medeniýetli ýerasty şäherleri gurupdyr. Olarda irki kowumlarymyz ýaşapdyr, agyr-agyr kerwenleri gonak alyp, myhmansöýerlik görkezipdir. Bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi we taýsyz tagallalary bilen, şol gymmatly mirasymyz öz syrlaryny ýuwaş-ýuwaşdan açýar. Olarda beýik taryh, ylmy ähmiýetli zatlar kän.