MILLI BÄHBITLER WE SEBITLEÝIN HYZMATDAŞLYK

    Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek, ählumumy ösüş we rowaçlyk üçin şertleri döretmek işine uly goşant goşýan ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanmagyny şertlendirýär. Soňky ýyllarda Türkmenistan sebitleýin birnäçe iri möçberli taslamalary durmuşa geçirip, goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň başlangyçlary hemişe özara bähbitli, deňhukukly gatnaşyk etmek ýörelgelerinden gelip çykýar hem-de BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna gönükdirilendir. 
Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, dünýä bileleşiginiňsazlaşykly ösüşini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işlere işjeň ýardam berýär. Möhüm ugurlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri doly güýjünde herekete girizmek maksady bilen yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. 
    Türkmenistanyň daşary syýasat başlangyçlarynyň giň mazmuny Merkezi Aziýa sebitinde we onuň daşynda howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerini çözmekde Bitarap döwletimiziň toplumlaýyn çemeleşmelerine şaýatlyk edýär. Ýurdumyz dürli ugurlarda halkara ykdysady hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirýär, munuň üçin oňaýly şertleri döredýär. Nebitgaz pudagynda, elektroenergetikada, ulag we aragatnaşyk, obasenagat toplumlarynda, dokma senagatynda iri taslamalar amala aşyrylýar. 
    Türkmenistanda daşary ykdysady işiň hemme ugurlary boýunça kanunçylygyň esaslary kemala getirildi. Ýurdumyzyň maliýe-ykdysady, maýa goýum syýasatynyň esasy ýörelgeleri halkara hukugyň umumylykda kabul edilen kadalaryna laýyklykda, milli kanunçylykda, hususan-da, «Türkmenistanda daşary ykdysady gatnaşyklar hakynda», «Uglewodorod serişdeleri hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Walýuta kadalaşdyrylyşy hakynda», «Işleriň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmak hakynda», «Türkmenistanda maýa goýum işjeňligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda we maýa goýum işiniň hukuk esaslaryny kadalaşdyrýan namalarda öz beýanyny tapdy. 
    «Bitarap Türkmenistanyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynda» bellenilen wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň täze çözgütlerini işläp taýýarlamaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmek bilen, ýurdumyz mundan beýläk-de ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna mynasyp goşant goşar. 
Türkmenistan sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, kenarýaka döwletleriň, olaryňköpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar bilen baglanyşýan halklarynyň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen, Hazar deňziniň meseleleri barada işjeň orun eýeleýär. 
    Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk babatda wajyp resminamalaryň taýýarlanmagy we olaryň kabul edilmegi bu ugurda anyk işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň hatarynda Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyk hem-de Hazar deňziniň suw-biologik serişdelerini saklamak we netijeli peýdalanmak hakyndaky Ylalaşyk bar. Bu resminamalara Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň 2014-nji ýylda Astrahan şäherinde geçirilen IV sammitiniň jemleri boýunça gol çekildi. 
Hazar deňziniň meseleleri Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Sebitara we halkara hyzmatdaşlygy meselesinde möhüm orun eýeleýän ýurdumyz sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, Hazarýaka döwletleriň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny berkitmek işine mynasyp goşant goşýar. 
    Ýurdumyz öz ykdysadyýetiniň köpugurly bolmagyna we sanlylaşdyrylmagyna tarap ugur almak bilen, geljegi uly meýilnamalary netijeli durmuşa geçirmekde anyk ädimleri ädýär. Senagatda hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamynda, şol sanda sebit we halkara derejede iri taslamalary amala aşyrýan ýurdumyz ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy tejribesini hem-de innowasion tehnologiýany öňe tutýar. Şunda daşky gurşawy goramak meselesine ilkinji derejeli ähmiýet berilýär. 
Köpugurly ulag-aragatnaşyk düzüminiň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysady, maýa goýum, üstaşyr, serişde kuwwatyny durmuşa geçirmek işinde möhüm şert bolup durýar. Ýeri gelende bellesek, iri maýa goýum taslamalary milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna ýardam berýär. 
    Halkara tejribäniň görkezişi ýaly, maglumatlar tehnologiýalarynyň ösmegine gönükdirilen maýa goýumlary köplenç ýagdaýda ykdysady ösüş görnüşindäki diwidentleri almaga, täze iş orunlaryny döretmäge, ilat we işewürlik üçin hyzmatlaryň täze görnüşleriniň peýda bolmagyna mümkinçilik berýär. Döwlet dolandyryşynda maglumatlar ulgamyny peýdalanmak üçin işgärleri taýýarlamak möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. 
Daşary ykdysady aragatnaşyklary ösdürmekde, bazar gatnaşyklaryny döretmekde, işewür başlangyçlary höweslendirmekde Söwda-senagat edarasyna möhüm orun degişlidir. Onuň üstüne ýüklenen wezipeleriň hatarynda telekeçi düzümleriň we döwlet hem-de hojalyk dolanyşygyndaky edaralaryň arasynda gatnaşyklary guramaga goldaw bermek, Türkmenistanyň hususy ulgamyny halkara işewürlik bileleşigine utgaşdyrmak, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň harytlaryny daşarky bazarlara ugratmak, içerki we daşary ýurt maýalaryny çekmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ugurlar bar. 
Daşary döwletleriň maýadarlary üçin Türkmenistanyň barha artýan özüne çekijiliginiň esasy ugurlarynyň hatarynda ýurtdaky ykdysady we syýasy ýagdaýlaryň durnuklylygy, kanunçylyk kepillikler hem-de döwlet tarapyndan berilýän goldawlar durýar. Höweslendirmegiň toplumlaýyn çäreleri işlenip taýýarlananda, ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklaryny we senagatlaşdyrmagyň derejesini artdyrmak arkaly, onuň dünýäniň hojalyk ulgamyna girmegine ýardam bermek, tehnologik işleri ösdürmek, durmuş ugurly bazar ykdysadyýetini kemala getirmek hem-de ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ýaly esasy ýörelgeler göz öňünde tutuldy. 
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, maýa goýumlarynyň möçberiniň artdyrylmagy bilen bir hatarda, olaryň özleşdirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny, serişdeleriň maksadalaýyk peýdalanylyşyna gözegçiligiň güýçlendirilmegini, daşary ýurt maýasyny çekmek hem-de goýumlary ygtybarly goramak maksady bilen, kadalaşdyryjy binýadyň kämilleşdirilmegini üpjün etmek zerurdyr. 
    Türkmenistanyň halkara we sebit hyzmatdaşlygyna esaslanýan netijeli maýa goýum syýasaty işleriň ilerlemegine uly täsir edýär. «Açyk gapylar» syýasaty uly möhletli işewür gatnaşyklary ýola goýmaga kuwwatly itergi berýär. Esasy daşary ýurt maýadarlarynyň bähbitleri ägirt uly tebigy serişdeleriniň bardygy, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleri, onuň yzygiderli senagatlaşdyrylmagy hem-de söwdanyň we hyzmatlaryň okgunly ösýän bazary bilen hem şertlenendir. 
Döwletimiz döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösmäge, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, daşary ýurtlaryň işewürleri bilen özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýär, salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş ýeňillikleri görnüşinde olara uly goldaw berilmegini üpjün edýär. Ýurdumyzyň çäginde maýadarlaryň işiniň esaslaryny kadalaşdyrýan degişli hukuknamalaryň kabul edilmegi, şeýle hem döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu babatda möhüm orun eýeleýär. Muňa mysal hökmünde, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýynyň hem-de bilelikdäki kärhanalaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny bellemelidiris. 
    Häzirki döwürde daşary ýurt kompaniýalary agyr senagat, dokma pudagy, oba hojalygy, elektron senagaty, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň öndürilmegi, syýahatçylyk, ulag we kommunikasiýa, raýat awiasiýasynyň, demir ýol we deňiz ulaglarynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny gurmak, milli emeli hemramyzy ulanmak ýaly ugurlarda taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşýarlar. 
    Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlaryň, ikitaraplaýyn işewür geňeşleriň işi hem-de yzygiderli ýagdaýda geçirilýän işewürler maslahatlary, halkara sergileri hem daşary ýurt maýalarynyň möçberiniň artdyrylmagyna ýardam edýär. 
    Ýurdumyzyň we dünýäniň birnäçe döwletleriniň arasynda gazanylan degişli ylalaşyklar, ähtnamalar dünýä bileleşigi bilen ähli ulgamlarda hem-de ugurlarda netijeli we uzak möhletli özara gatnaşyklar üçin oňaýly şertleriň döredilmegine ýardam berýär. 
    Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, söwda syýasaty döwlet kadalaşdyrylyşynyň möhüm binýady we daşary ykdysady syýasaty geçirmegiň möhüm guraly bolup durýar. Döwletiň söwda syýasaty — daşary ýurt döwletleri bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň täsir ediş çäreleriniň ulgamydyr. 
Tejribäniň görkezişi ýaly, dünýäde özüni ähli zerurlyklar bilen üpjün etmäge ukyply ýekeje ýurt hem ýok. Ähli döwletler daşary ykdysady işe gatnaşýarlar. Daşary ykdysady gatnaşyklaryň üsti bilen sarp edijiler üçin saýlamak babatynda giň mümkinçilikler döreýär, önüm öndürijiler üçin öz işlerini ösdürmek boýunça täze mümkinçilikler açylýar. 
    Bazar ykdysadyýetli ýurtlarda nädip we näme üçin döwlet daşary söwda goşulýar? Bu sowala jogap bermek üçin ýurduň«töleg balansy» diýen düşünjäni anyklamaly bolýar. Döwlet daşary söwda jogap berýän ministrligiň üsti bilen, ýurtda amala aşyrylýan ähli daşary ykdysady ylalaşyklaryň we amallaryň hasabyny ýöredýär hem-de söwda we töleg balansyny düzýär. Töleg balansy — bu tablisa görnüşindäki resminama bolmak bilen, onda ýurtdan çykarylýan we döwlete getirilýän harytlaryň, hyzmatlaryň, maýa goýumlaryň hem-de karzlaryň bahasy hasaba alynýar. 
    Söwda ýurdumyzyň ykdysadyýetini we onuň halkara ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm orun eýeleýär, ilatyň abadançylygynyň we durmuşynyň ýeten derejesini görkezýär. Ýurdumyzyň bazarlarynyň zerur harytlar bilen üpjün edilmegi, daşary söwda dolanyşygynda importyň we eksportyň sazlaşygy, sebit we dünýä meýilleri nazara alnyp, çeýe eksport syýasatyny kemala getirmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň bazarlaryndaky ýagdaýy yzygiderli öwrenmek wajyp wezipeler hökmünde kesgitlendi. 
    Hormatly Prezidentimiziň watandaşlarymyzyň her biriniň bähbitleriniň üpjün edilmegine gönükdirilen durmuş-ykdysady strategiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär. Şeýlelik-de, öňde boljak birinji Hazar ykdysady forumy ýurtlaryň gatnaşyklarynyň täze taryhynda strategik häsiýetli wakalaryň başlangyjyna öwrüler. Ol Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň 2018-nji ýylyň12-nji awgustynda geçirilen V sammitinde gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky möhüm halkara-hukuk resminamasy bolan Konwensiýanyň işe girizilmegi bilen şertlendirilýär. 
    Ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň işiniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris. Ählumumy abadançylygyň taglymatlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt we umumadamzat bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn.