«Mollagara» şypahanasy

    Şu günler Türkmenistanyň iň gadymy şypahanalarynyň biri — «Mollagara» şypahanasy öz täze taryhynyň nobatdaky senesini bellemäge taýýarlyk görýär. Ýedi ýyl mundan öň — 2012-nji ýylyň 21-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda palçyk bilen bejerýän meşhur künjekde döwrebap şypahana toplumy açyldy. Mollagara kölüniň ýanynda gurlan ajaýyp şäherjigiň ýokary amatlylyk derejesine bu ýerde bolup gören hem-de türkmen tebigatynyň şypasy bilen saglygyny dikelden adamlaryň müňlerçesi baha bermäge mümkinçilik aldylar.