«Arçman» we «Ýyly suw» şypahanalary

    Sanatoriýa-şypahana ulgamy — Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm bölegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet durmuş syýasatynyň ähmiýetli ugry bolup durýar. Bu gün ýurdumyzyň her welaýatynda döwrebap şypahanalar bolup, olarda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň däbe öwrülen usullary, şeýle hem ýokary netijeliligini subut eden innowasion lukmançylyk tehnologiýalary täsin tebigy we howa şertleri bilen utgaşdyrylýar. 
    Türkmenistanyň çäklerinden alyslarda hem tanalýan «Arçman» we «Ýyly suw» şypahanalary Köpetdagyň gözel künjeginde, Aşgabatdan 130 kilometr günbatarda ýerleşýär. 
    Arçmanyň jana şypaly suwy baradaky rowaýatlar köp wagtdan bäri bellidir. Şypahananyň özi ýüz ýyldan gowrak mundan öň esaslandyrylyp, ol ýerli ilatyň, ýakyn we alys ýurtlardan bolan myhmanlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýedir. 
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen durkuny düýpli täzelemek işlerinden soň, welaýatyň meşhur şypahanalarynyň biri döwrebap şypahana-sagaldyş merkezine öwrülip, tutuş ýylyň dowamynda müşderileri kabul etmek mümkinçiligine eýe boldy. Olara dünýä derejesinde lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek bilen, ýaşamak üçin hem amatly şertleri döredýär.